Innowasiýalara ýokary baha

    2019-njy ýylyň 4-5-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde «Russiýa Federasiýasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň ýyladyşhana toplumlary» atly 4-nji halkara maýa goýum forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýigit» hojalyk jemgyýeti gatnaşyp, «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynda ýyladyşhana pudagynda innowasion öňegidişlik» ugry boýunça sylaga we diploma mynasyp boldy.
    Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministrliginiň, Ýyladyşhanalar assosiasiýasynyň guramagynda «Wostok Kapital» kompaniýasy tarapyndan 2016-njy ýyldan bäri her ýylda geçirilýän halkara forumda ýyladyşhana hojalyklarynyň ösüşi we bu ugurda hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alşyldy. Ýyladyşhana toplumlaryny dolandyrmak, girdejililigini artdyrmak, gök önümleri, gülleri, kömelekleri we ir-iýmişleri ýetişdirýän ýyladyşhanalaryň «akylly tehnologiýalary», olaryň önümleriniň hilini we möçberini ýokarlandyrmagyň ýollary, tohumçylyk barada çykyşlar diňlenildi.
    Bu forumda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary öz innowasion tehnologiýalary we ýyladyşhana işini alyp barmakda ýeten sepgitleri, pudakdaky täzelikler we gazanylan tejribeler bilen tanyşdyrdylar, bu ýerde ýygnananlar täze innowasion tehnologiýalaryň sergisine gatnaşdylar. Olar «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky ýyladyşhana toplumyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda gazanan üstünliklerine ýokary baha berdiler. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, eksport edilýän önümleriň möçberini artdyrmaga mynasyp goşant goşjak täze ýyladyşhana toplumy hemişelik Bitaraplygymyzyň 24 ýyllyk toýuna mynasyp sowgat boldy.