Abadançylygyň we durnukly ösüşiň kepili

    Biz her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününi belläp geçýäris. Bu ýyl hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 24 ýyllygy giňden toýlanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu ýyldan-ýyla gerimi giňeýän durmuş taslamasydyr. Bitaraplygyň ilkinji ädimlerine we häzire çenli ýeten sepgitlerine nazar salsak, Helsinki, Yslamabat, Bişkek, Kartahena we Nýu-Ýork şäherlerinde geçirilen maslahatlarda Türkmenistanyň öz hyzmatdaşlaryna tutanýerli we täzeçe çemeleşmesine esaslanýan daşary syýasaty ýöretjekdigini yglan etmegi aýdyňlygy bilen öňe çykýar.
    Bitaraplygynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan özbaşdaklygyny gorap, ykdysady ösüşini üpjün etjek aýdyň daşary syýasatyny ýola goýup gelýär. Biziň üçin Bitaraplygyň birnäçe ähmiýeti bar. Ilkinji nobatda, bu ýurdumyzyň garaşsyzlygydyr. Bitaraplyk ähli ýurtlaryň öz daşary syýasy saýlawlarynda erkin bolmalydygy baradaky ýörelgä Türkmenistanyň ygrarlydygyny görkezýär. Ikinjiden, bitaraplyk deňhukuklylygy alamatlandyrýar. Ululygyna, medeniýetine ýa-da ösüş derejesine garamazdan, ähli ýurtlaryň parahat durmuşa deň hukugy bolmalydyr. Üçünjiden bolsa, bitaraplyk dostlugyň nyşanydyr. Bitaraplyk Türkmenistanyň ähli ýurtlara hoşniýetli garaýyşlar bilen çemeleşmegine ýol açýar. Halkara gatnaşyklarda özara hormat we düşünişmegiň däpleri berjaý edilende, ýurtlar hyzmatdaşlyk üçin hemişe mümkinçilik tapýarlar. Adamzat taryhy bilen deňeşdirilende, 24 ýyl gysga wagt ýaly görünse-de, ösüp gelýän ýurduň durmuşynda bu wagtyň möçberi saldamly hasaplanylyp bilner. Geçen 24 ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň gymmatyny, şeýle hem halkara gatnaşyklarda onuň işjeň hyzmatdaş hökmünde ygtybarlylygyny iňňän uly aýdyňlyk bilen görkezen döwri boldy. Soňky onýyllykda Bitaraplygymyz halkara jemgyýetçiligi tarapyndan, esasan hem, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda ýene bir gezek goldanyldy.
    Bu hakykatyň dabaralanmagy bizi kuwwatlandyrýan hem bolsa, şol bir wagtyň özünde egnimize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Türkmenistan ählumumy wezipeleri kabul edýär we olara pugta eýerýär. Elbetde, her bir döwletiň ilkinji wezipesi öz halkyna hyzmat etmek we ýurduň parahatçylykly ösüşini üpjün etmekdir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak üçin milli maksatnamalary durmuşa geçirýär. Şu ýylyň iýul aýynda Ýokary derejeli syýasy forumda Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylyşy baradaky Milli meýletin synyny hödürledi. Aýratyn hem, energiýa, ulag, daşky gurşaw we ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan öz daşary syýasatynyň işjeň we özara bähbitli häsiýetini görkezdi.
    Türkmenistan energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagy, Owganystana, Hytaýa, Eýrana we Russiýa energiýa geçirijilerini ösdürmegi we olaryň dowamlylygyny üpjün etmegi maksat edinýär. Türkmenistan Halkara Energetika Hartiýasyna başlyklyk eden mahalynda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlarynda elýeterliligini goramak boýunça tagallalaryny dowam etdirdi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, biziň ýurdumyz Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine öz goşandyny goşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan Durnukly ulag boýunça ilkinji dünýä konferensiýasy 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirildi. Daşky gurşaw meselesi boýunça Türkmenistan Howa şertleriniň üýtgemegi boýunça halkara merkezi döretmegi teklip edip, Hazar we Aral deňizleriniň daşky gurşaw howpsuzlygynyň gün tertibine salynmagyny ündeýär. Hoşniýetli goňşy hökmünde Türkmenistan sebitdäki ösüş taslamalaryna Owganystanyň hem dahylly edilmegini goldaýar. Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasyndaky tejribesi, onuň Birleşen Milletler Guramasynyň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň edara binasynyň ýerleşýän ýurdy bolmagy we parahatçylyk söýüji başlangyçlary döwletimiziň hemişelik, işjeň we oňaýly bitaraplygy bilen diýseň kybapdaş gelýär. 
    Biz Türkmenistanyň bitaraplygynyň halkara hyzmatdaşlyga itergi beriji güýçdügine ynanýarys. Munuň mysallary örän köp. Türkmenistan Halkara Energetika Hartiýasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy ýaly ençeme halkara guramalara başlyklyk etdi. 2019-njy ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna hem başlyklyk etdi. Türkmenistan her ýyl iri halkara sammitleriň, medeni we sport çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Muňa mysal hökmünde ýaňy-ýakynda Awazada geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyny, şeýle hem Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini görkezmek bolar. Bu duşuşykda gazanylan netijeler geljek üçin juda ähmiýetlidir. Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk boýunça köptaraplaýyn resminamalar bilen jemlenildi. 
    Ýurdumyz dünýäde parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň işjeň ündewçisi bolmagynda galýar. Sentýabr aýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlen Kararnamanyň kabul edilmegi aýratyn ähmiýetli waka boldy. Adamzadyň ünsüni parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirmek häzirki wagtda iň zerur wezipe bolup durýar. Bu diňe bir isleg bolman, eýsem, şu günüň möhüm talabydyr. Howa şertleriniň üýtgemegi adamzat durmuşyna howp salýar, ýurtlaryň başdan geçirýän kynçylyklary zerarly mejbury migrasiýa adamzat jemgyýetçiligini durmuş-ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz edýär. Adamzadyň sezewar bolýan ählumumy meseleleri parahat we abadan ýaşaýşa bolan umumy garaýşy şertlendirýär. Ýaş nesillerimiziň geljegini kepillendirmek üçin, haýsydyr bir tarapyň bähbidine esaslanýan halkara gatnaşyklaryň deregine ählumumy ynanyşmak ugry saýlanylmalydyr.
    Türkmen bitaraplygynyň amaly ähmiýeti Daşkent şäherinde geçen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygynda ýene-de bir gezek aýdyň göründi. Bu duşuşykda hormatly Prezidentimiz sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň birnäçe derwaýys ýörelgeleriniň üstünde durup geçdi. Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak prosesiniň dowam edýändigine garamazdan, milli Liderimiz parahatçylykly gepleşikleriň ýerini tutup biljek başga zadyň ýokdugyny belläp, Türkmenistanyň bitarap döwlet hem-de iň ýakyn goňşy hökmünde Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly we syýasy ýollar bilen çözülmegine gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda göni gepleşikleri guramak üçin zerur şertleri üpjün etmäge taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz çykyşynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk we bäştaraplaýyn maslahatlaşma mehanizmlerini hem nygtady. Sebiti innowasiýalar we ösüşiň merkezine öwürmek mümkinçiligi babatynda Türkmenistan Merkezi Aziýada Işewürlik Geňeşiniň döredilmegini teklip etdi. Suw serişdeleriniň deňlik we hemmä elýeterlilik meselesi gün tertibinde möhüm ähmiýete eýe boldy. Merkezi Aziýanyň medeni gatnaşyklarynyň forumy diýlip atlandyrylyp bilinjek täze görnüşli gepleşigiň döredilmeginiň Türkmenistan tarapyndan teklip edilmegi ýurdumyzyň sebitdäki hyzmatdaşlyga hemmetaraplaýyn we ulgamlaýyn çemeleşýändigini aňladýar.
    Şoňa görä-de, biz Halkara Bitaraplyk gününi dostlugyň we hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we innowasiýanyň baýramy hökmünde belleýäris. Goý, Halkara Bitaraplyk güni dünýä ýurtlaryna parahatçylyk we abadançylyk getirsin!