Hassahana ulanylmaga berildi

    Kaka etrap hassahanasynyň durky täzelenen binasynyň açylyp, raýatlaryň hyzmatyna berilmegi ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem-de ynsan saglygy we bagtyýarlygy hakdaky aladanyň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan waka öwrüldi. 

    Ýaýlym ÖWLÝÄGULYÝEW, 
    Kaka etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary:
    — Soňky sanlyja ýylyň içinde etrabymyzyň Duşak şäherçesinde etrap hassahanasynyň dogrum bölüminiň binasy, şeýle-de keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumynyň durky döwrebaplaşdyrylan we täze binalar toplumy, Kaka şäheriniň Ýüzbaşy ýaşaýyş toplumynda saglyk merkezi, Garahan we Artyk obalarynda saglyk öýleri gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Bu häzirki zaman saglygy goraýyş desgalary hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň saglygy we bagtyýarlygy ugrunda edýän aladasynyň subutnamasydyr.
    Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda etrap hassahanasynyň durky täzelenen iki gatly binasynyň açylyş dabarasynyň şaýady bolduk. Hassahananyň döwrebap binasynda iş dolandyryş otaglary, kompýuter otagy, mejlisler zaly hem ýerleşýär. Täze binada saglygy goraýyş işgärleriniň netijeli zähmet çekmegi we öz işini ýokary derejede alyp barmagy ugrunda ähli amatlyklar bar. Iň kämil lukmançylyk enjamlary näsaglara ýokary derejede hyzmat etmäge giň şertleri döredýär. 
    Ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar, bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda alnyp barlan işler il-günümiziň Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny we söýgüsini goşalandyrýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun, döwletli tutumlary has-da rowaç alsyn!

    Akmuhammet MAGTYMGULYÝEW, 
    Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni:
    — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, sanlyja ýylyň dowamynda etrabymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň ençemesiniň durky täzelendi we döwrebap saglyk öýleri, hassahanalar, mekdepler we çagalar baglary guruldy, olaryň birnäçesiniň gurluşyklaryna girişildi. Etrabymyzda ýylda 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan iri dokma toplumynyň gurluşygyna, şeýle-de Gowşut geňeşliginiň çäginde döwrebap obanyň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda şol gurluşyklarda işler depginli alnyp barylýar. 
    Şu toý günlerinde ulanylmaga berlen saglygy goraýyş maksatly desga etrabymyzyň çäginde gurlan binalaryň üstüni ýetirdi. Ajaýyp pursatdan peýdalanyp, il-günümiz hakdaky aladany ileri tutýan halkymyzyň Gahryman Ogly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çyn ýürekden çykýan hoşallyk sözlerimizi aýdýarys. Döwlet Baştutanymyzyň hemişe jany sag, belent başy aman bolsun!