MUZEÝDE — TARYHYMYZYŇ BEÝANY

    Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 22-nji noýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde möwsümleýin alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri baradaky habar aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz hökümetiň şol mejlisinde türkmen arheologlarynyň geçiren işleriniň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklary ýurdumyzyň muzeýlerine bermegiň wajypdygyny, olaryň aýawly saklanylmagyny hem-de öwrenilmegini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Şondan ugur alnyp, düýn Ahal welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykarylan taryhy arheologik tapyndylary welaýat merkezindäki Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine tabşyrmak mynasybetli dabara geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň, welaýatyň çägindäki taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň, muzeýleriň ýolbaşçylarydyr ylmy işgärleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular we mährem eneler, şeýle-de ýaşlaryň uly topary gatnaşdy.
    Dabara gatnaşyjy myhmanlar duz-çörekli, dutarçy bagşylaryň şirin owazly aýdym-sazlary bilen garşylandy. Soňra muzeý zalynda ajaýyp waka mynasybetli çykyşlar boldy. Çykyş edenleriň aýdyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň baý medeni-mirasyny gorap saklamakda, onuň geljek nesillere abat ýagdaýda ýetirilmeginde, şöhratly taryhymyzy ylmy taýdan içgin öwrenmekde uly tagallalary edýär. Munuň şeýledigine döwlet Baştutanymyzyň kabul eden degişli resminamalary aýdyň subutnamadyr. Şol resminamalaryň hatarynda 2017-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny» agzamak bolar. Şol maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş, rejeleýiş işleri alnyp barylýar. Şol işleriň netijesinde ýüze çykarylýan tapyndylar welaýatlardaky muzeýlere tabşyrylýar. Şu günki waka hem munuň buýsançly subutnamasydyr.
    Dabarada çykyş edenler halkymyzyň baý taryhyny, şeýle-de medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmek hem-de wagyz etmek babatda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýtdylar.
    Soňra dabara gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykarylan taryhy arheologik tapyndylaryň Milli «Ak bugdaý» muzeýine tabşyrylýan pursadyna gözli şaýat boldular. Bu gymmatly we ajaýyp tapyndylardan guralan sergi hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Olar dogrusynda hünärmenleriň beren gürrüňleri dabara gatnaşyjylaryň şatlygyna şatlyk goşdy.
    Muzeýiň mejlisler jaýynda «Milli medeni mirasymyzyň we şöhratly taryhymyzyň täze sahypalary» ady bilen geçirilen maslahat hem täze tapyndylaryň taryhy ähmiýetine bagyşlandy. Maslahatda çykyş edenler «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ýazky we güýzki möwsümlerinde welaýatyň çägindäki taryhy medeni-arheologik ýadygärliklerinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan tapyndylar, şeýle-de muzeýe tabşyrylan gymmatlyklar barada giňişleýin maglumatlar berdiler. Onda bellenilişi ýaly, muzeýe tabşyrylan tapyndylaryň aglabasy «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki ýadygärliklerde ýüze çykarylan we goraghananyň gaznasynda barlagdan geçirilip, rejelenen gymmatlyklardyr. Olaryň arasynda Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady, keramatly pir Abu Sagyt Abul Haýyryň — Mäne babanyň kümmetinde geçirilen işleriň netijesinde tapylan kümüş-mis dirhemleriň 106-sy bar. Galyberse-de, Abiwerd galasyndan, Atsyz depeden tapylan golçalar, Abiwerd — Peştag ýadygärliginden tapylan gap-gaçlar, keramikadan ýasalan çyralar, misden ýasalan guşuň şekilleri, toýun palçykdan ýasalan okaralar, daşdan ýasalan «simap çüýşejikler» we beýleki gymmatlyklar muzeý sergisiniň üstüni ýetirmek bilen, gadymy Abiwerdiň baý taryhyndan söhbet açýar.
    Maslahatda hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň ýadygärliklerini dünýäde giňden wagyz etmek, welaýatyň çäklerindäki Paryzdepe, Şährihaýbar we Şähryslam ýadygärliklerinde alymlar we hünärmenler tarapyndan arheologik gazuw-barlag işlerinde tapylan arheologik tapyndylary öwrenmek we seljermek boýunça alnyp barylýan işler barada hem gürrüň edildi.