IŞEWÜRLER MASLAHATY: GARAÝYŞLAR, BAŞLANGYÇLAR

    Şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde Türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.
    Maslahatyň dowamynda türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri, amala aşyrýan taslamalary barada çykyşlar, ýurdumyzda işewürligi ösdürmäge döredilen şertler hakynda tanyşdyryşlar guraldy. Oňa gatnaşyjylar oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, azyk, dokma senagatlary ýaly hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň amatly geografik ýerleşişi, baý tebigy serişdeleri, ykdysady mümkinçilikleri söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň şertler döredýär.
    Maslahat ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler görnüşinde dowam etdi hem-de olarda hususy ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ençeme başlangyçlar öňe sürüldi. Türkmen telekeçileri ýurduň iri önümçilik düzümlerine baryp gördüler hem-de ornaşdyrylan ösen tehnologiýalar bilen içgin tanyşdylar.
    Mälim bolşy ýaly, geçen gezekki forum şu ýylyň martynda Bahreýniň Patyşasynyň ýurdumyza saparyna gabatlanyp geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar ykdysady mümkinçilikler dogrusynda durup geçip, öz maýadarlaryny has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, Bahreýniň «Bogazyň derwezesi» we sebitiň maliýe merkezi hökmündäki derejesinden peýdalanmaga höweslendirmek, şeýle-de dünýäde iň köp tebigy gaz gorlarynyň birine eýe bolan Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ulanmak barada ylalaşdylar. Iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklaryny we maýa goýum hyzmatdaşlygyny berkitmegiň we çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.
    Aşgabat duşuşygynyň jemleri ählumumy ösüşiň köp ugurlary boýunça garaýyşlaryň ýakynlygyny, munuň bolsa söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyga giň ýol açýandygyny tassyklady.
    Aşgabatda geçirilen Türkmen-bahreýn işewürler maslahatynyň çäginde gol çekilen resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda gaz we gazhimiýa pudagynda özara hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda «Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyk», «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda «Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyk», «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama ýaly resminamalar bar. Manama maslahatynda hem bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.