Kubok ýaryşyna badalga berildi

    Öňňin paýtagtymyzdaky Köpugurly sport toplumynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky hokkeý ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň ministrliklerine, ýokary okuw mekdeplerine degişli hokkeý toparlary, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem russiýaly meşhur tälimçi Sergeý Nemçinow gatnaşdy. 
    Dabarada çykyş edenler ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleri bilen birlikde, gyşky sport görnüşlerini hem ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny, hokkeý sportuny ösdürmek maksady bilen bolsa ýurdumyzda hokkeý federasiýasynyň döredilendigini buýsanç bilen bellediler.
    Medeniýet, sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan ajaýyp aýdymdyr sazlar, şeýle-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine degişli sport mekdepleriniň türgenleriniň buzuň üstündäki görkezme çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. 
    Soňra sahnada hokkeý toparlary peýda boldy. Şu ýyl hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşa jemi sekiz topar gatnaşýar. Olaryň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna degişli bolan «Talyp sporty» bilen Türkmenistanyň Serhet institutynyň «Merdana» toparlary ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýarlar. Toparlar öz aralarynda iki toparçada, ýagny «A» we «B» toparçada çykyş eder. Her gün toparçalardaky iki toparyň arasynda duşuşyklar geçiriler. 
    Ýaryşyň ilkinji güni iki oýun geçirildi. Olaryň biri «Türkmengaz» döwlet konsernine degişli bolan «Oguzhan» bilen Türkmenistanyň Serhet institutynyň «Merdanasynyň» arasynda bolup, «Oguz han» garşydaşyndan 9:1 hasabynda üstün çykmagy başardy. Ikinji oýun bolsa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkany» bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň «Watançy» toparlarynyň arasynda geçirildi. Bu duşuşykda «Galkanyň» ezber hokkeýçileri öz başarnyklaryny görkezip, 15:6 hasabynda ýaryşdaky ilkinji ýeňşini gazandy.
    Ýaryşyň ikinji güni hem paýtagtymyzdaky Köpugurly sport toplumynda duşuşyklaryň ikisi geçirildi. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şiri» bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» duşuşdy. Duşuşykda «Şir» 12:9 hasabynda  öňe saýlanmagy başardy. 
    Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň «Nesil» topary bilen Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine degişli «Bürgüdiň» arasynda günüň ikinji ýarymynda geçirilen duşuşyklar turuwbaşdan tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Bu duşuşykda «Nesil» 10:3 hasabynda öňe saýlandy. 
    Hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň jemleýji oýny şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçiriler. Onda her toparçada ilkinji orny eýelemegi başaran toparlar birinji orun üçin duşuşarlar. 
    Ýaryşyň deslapky oýunlary dowam edýär. Şu gün günüň birinji ýarymynda «Watançy» bilen «Talyp sporty», ikinji ýarymynda bolsa «Oguz han» bilen «Bürgüt» öz aralarynda duşuşarlar.