Türkmenistanda iň täze aragatnaşyk tehnologiýalarynyň halkara sergisi we pudaklaýyn maslahat geçirilýär

    27-nji noýabrda paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Olar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän ýöriteleşdirilen forum bu ýere ýygnananlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň döretmek, ykdysady taýdan gülläp ösmek ýoly bilen ädýän täze üstünlikli ädimleri bilen tanyşdyrdy.
    Şu ýyl sergide öz mümkinçilikleri, öndürýän önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen türkmen aragatnaşyk kärhanalary hem-de Owganystandan, Belarussiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Ysraýyldan, Ispaniýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Monakodan, Niderlandlardan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýadan, Rumyniýadan, Sloweniýadan, Türkiýeden, Ukrainadan, Özbegistandan, Fransiýadan, Şwesiýadan, Şweýsariýa Konfederasiýasyndan kompaniýalar tanyşdyrýarlar.
    Biziň ýurdumyz tehnologik ösüş babatda uly ädimler ätdi, bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde mümkin boldy. Şunda innowasion düzüme, ýokary tehnologiýalaryň we onuň ornaşdyrylmagyna, hemmetaraplaýyn kompýuterleşdirmä hem-de iň gowy dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine, şol sanda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
    Halkara ölçeglere kybap gelýän hem-de maglumat alyşmagyň hilini üpjün edýän milli telearagatnaşyk ulgamynyň ösmegi ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitiniň esasy halkasy, Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasyndaky wajyp maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde berkarar bolmagyna ýardam edýär.
    Pudagyň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we ösdürilmegi, öňdebaryjy enjamlaryň we tehnikalaryň ulanylmagy netijesinde, ýurdumyzda köpugurly aragatnaşyk ulgamy üstünlikli hereket edýär, sanly tele we radioýaýlymlary alnyp görkezilýär, elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyrylýar. Telefon beketleriniň ösen ulgamy giň zolakly internete birikmek hem-de maglumatlary ugratmak üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşygyň milli operatorynyň müşderiler ulgamy tiz artýar.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň birinji milli emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen dünýä ölçeglerine kybap gelýän aragatnaşygyň telekommunikasiýa ulgamyny döretmek, ýokary hilli tele we radioýaýlymlaryny alyp görkezmek üçin uly mümkinçilikleriň açylyp, şertleriň dörändigini aýratyn belleýär. Şular nazarda tutulyp, Türkmenistanda maglumat we telekommunikasiýa hyzmatlary babatda geçirilýän işleri hukuk taýdan kämilleşdirmek we kadalaşdyrmak işleri dowam edýär.
    Sergiler merkezinde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär, aýdym-saz ýaňlanyp döredijilik toparlary halk tanslaryny ýerine ýetirýärler, milli lybasly gyzlar bu ýere gelýänlere milli tagamlary hödürleýärler.
    «Türkmentel — 2019» halkara forumyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
    Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda bellenilişi ýaly, kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, dünýäniň ösen tehnologiýalar tejribesine we innowasiýalara daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys.
    Aragatnaşyk ulgamynda sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris.
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary tehnologiýalary ulanýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
    Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalaryň bäsleşige ukyplylygyna we ykdysady ösüşe möhüm itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýän sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine esaslanýan aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegine bagly bolup durýar.
    Ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirmek bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
    Döwrebap wideotehnikalar bilen üpjün edilen giň zallar, örän uly monitorly, yşyklandyryjy bannerli we pannoly sergi diwarlyklary, sanly eşitdiriş we wideo arkaly görkeziş, hemra, ykjam we elektron aragatnaşyk ulgamynda innowasion önümleriniň nusgalary, audio hem wideo ýazyjy we gözegçilik, howany çaklaýan serişdeler, kabel önümleri we beýlekiler ýurdumyzyň aragatnaşyk, telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamynyň gazanýan üstünlikleriniň özboluşly beýanyna öwrüldi.
    Daşary ýurtly sergä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalarynyň bazarynda öňdebaryjylar — «Thales Аlenia Space», «Nokia», «HUAWEI», «Samsung», «Apple», «Sony», «DHL», «Cisco», «Space Systems International Monaсo» ýaly kompaniýalar bar. Paýtagtymyzda geçirilýän sergä diňe işewür toparlar däl-de, eýsem, degişli ugur boýunça esasy hünärmenler, alymlar uly gyzyklanma bildirdiler.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulgamlaýyn düzüme goşulan sanly, kompýuter ulgamlarynyň jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şerti hem-de halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usuly bolup durýandygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, maglumatlar bazary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ulgamlarynyň birine öwrülmelidir, onuň hereket etmegi beýleki pudaklaryň ösmegine, umuman, makroykdysady işlere oňyn täsirini ýetirer.
    Şu babatda döwlet hyzmatlarynyň we işleriniň ýeke-täk portalynyň işe goýberilmegi ähmiýetli waka boldy. Onuň tanyşdyrylyşy Aşgabatda «Türkmentel — 2019» sergisiniň birinji gününiň barşynda geçirildi.
    Bu portal (https://e.gov.tm/) raýatlar hem-de işewürlik üçin elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge «bir penjire» diýen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy hökmündedir. «Bir penjire» ýörelgesi hyzmatlardan peýdalanmak üçin ýüz tutýandan resminamalaryň merkezleşdirilen görnüşde kabul edilmegini, şeýle hem resminamalary taýýarlamagyň möhletiniň berjaý edilişine hem-de olaryň berilmegine gözegçiligi üpjün etmegi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
    Häzirki günde resmi hasaba alnan ulanyjy döwlet hyzmatlarynyň resmi internet-portaly arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da howa petekleri hem-de beýleki hyzmatlar üçin öz bank kartynyň degişli maglumatlaryny girizmek bilen, tölegleri töläp biler. Ýakyn geljekde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, hyzmatlaryň gerimi giňeldiler. Olaryň sanawyna işleriň maglumat, aragatnaşyk we mahabat ulgamlary girer, bilim hem medeniýet ulgamlary aýratyn tapgyrda bolar, «Saglyk» diýen bölüm hem bar.
    Şunda pasportlary, hasaba almalary, wizalary, sürüjilik şahadatnamalaryny, pensiýalary we kömek pullaryny, salgytlary, iş bilen meşgullanylmagyny resmileşdirmek hem-de telekeçilik işlerinden başlap, durmuş ugurlaryna çenli ençeme beýleki meseleler boýunça onlaýn tertibinde ýüzlenmek bolar.
    Ýurdumyzda aragatnaşygyň barha täze usullaryny hödürlemäge aýratyn üns berilýär. Bular barada «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümleriniň diwarlyklary gürrüň berýär. Häzir ýurdumyzda bu gullugyň 150 töweregi şahamçalary işläp, hatlaryň, iberilýän zatlaryň hem-de döwürleýin neşir önümleriniň üznüksiz iberilmegini, şeýle hem jemagat hyzmatlarynyň tölegleriniň kabul edilmegini, Bütindünýä poçta birleşigine girýän dünýäniň islendik ýurduna tizleşdirilen poçta ugratmalaryny we beýlekileri amala aşyrýar.
    «Gapydan gapa çenli» diýen tiz eltmek hyzmatyny ornaşdyrmak maksat edinilýär. Şol hyzmatyň üsti bilen kompaniýanyň şahamçalaryna ýüz tutman ibermeleri amala aşyryp bolar.
    Halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan bölümler uly meýdançany eýeledi. Türkmenistan «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň üsti bilen Aragatnaşyk boýunça sebit Arkalaşygynyň (ASA) doly hukukly agzasy bolup durýar. Bu guramanyň işi elektrik we poçta aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bazar giňişliginiň ählumumy häsiýete eýe bolmagynyň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň esasy strategik serişde hökmünde maglumatlary peýdalanmak binýadyna daýanýandygyny nygtaýar.
    Häzir Aragatnaşyk boýunça sebit Arkalaşygy (ASA) elektrik we poçta aragatnaşyk ulgamynda GDA-nyň döwletara utgaşdyryjy edarasynyň wezipelerine eýe bolan halkara guramadyr, şeýle hem Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginde (HEB) we Bütindünýä poçta birleşiginde (BPB) synçy derejesine eýedir hem-de halkara we sebitleýin guramalar bilen işjeň özara hereket edýär.
    Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, ASA agza ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär.
    Sarp edijilere ýokary derejede telearagatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek, maglumatlary ibermegiň tizligini ýokarlandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda optiki-süýümli geçirijileri çekmek göz öňünde tutuldy. Bu taslama pudaklaryň arasynda maglumatlary alyşmagy ep-esli gowulandyrmaga, elektron hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.
    «Türkmentel — 2019» serginiň mazmuny, ilkinji nobatda, şu günki günde örän uly isleg bildirilýän maglumat tehnologiýalaryna gönükdirilendir. «Altyn asyr» milli operatory ilatyň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, 3G, 4G, ýakyn geljekde bolsa 5G ulgamlary bilen birlikde, ykjam aragatnaşygyň esasy görnüşleri bilen doly we ähli ýerde üpjün etmek derejesine çykýar.
    Simli telefon aragatnaşygyny ösdürmek babatda gazanylanlary beýan edýän bölüm sergä gelenleriň ünsüni çekýär. Diňe bir sanly telefon ulgamlary däl, hut häzirki zaman, iň täze görnüşli NGN (NextGeneration Network) ölçeglerini goldaýan ulgamlar hemmeleriň üns merkezinde boldy. Bu ulgam arkaly bir telefon nokadyndan telefoniýa, IP-telewideniýe we internet berler. Şunda maglumatlar bukjalar arkaly berilýär we birikdirilýär, gürrüňler, maglumatlar hem-de şekiller bolsa elýeterliligiň usulyna garamazdan, islendik utgaşyklykda berlip bilner.
    Internet-banking we ykjam-banking hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Şolaryň üsti bilen ýurdumyzda bolşy ýaly, onuň çäklerinden daşarda hem nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp, haryt-pul gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmek bilen, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek mümkin.
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň sergi bölümi uly gyzyklanma döretdi. Ol myhmanlary talyplaryň geljegi uly işläp taýýarlamalary we barlaglary bilen tanyşdyrýar, şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň innowasion enjamlar ýerleşdirilen bölümi ünsi çekdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň häzirki zaman ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň bütindünýä ulgamyna elýeterliligini giňeltmek boýunça wezipeleri goýýar. Bu edaralaryň kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy, IT meýdançalaryň döredilmegi okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly okuwlary geçirmäge mümkinçilik berýär, olaryň internete elýeterliliginiň üpjün edilmegi bolsa okuw işini guramaga hem-de hünärmenleri halkara ölçegleriň talaplaryna laýyklykda taýýarlamaga giň mümkinçilikleri açýar.
    Sergide telearagatnaşyk ulgamynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmaga degişli ugur hem beýanyny tapdy. Mysal üçin, türkmen aragatnaşykçylary Gün batareýalarynyň panelleriniň, öndüriji enjamlaryň, kiçi telefon beketleriniň hem-de uzaklarda we barylmasy kyn bolan ýerlerde ulanmakda netijeli bolan beýleki abzallaryň taslamalaryny görkezdiler.
    Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň sergi bölümleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamyndaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça meýilnamalary, bu ugurlaryň mundan beýläk-de ösdürilişi barada gürrüň berýär.
    Hususy işewürligiň wekilleri döwletimiziň durnukly ösüşine goşýan goşantlaryny yzygiderli artdyrmak bilen, halk hojalyk toplumynyň dürli önümçilik pudaklarynda barha berk orunlary eýeleýärler. Ýurdumyzyň ýokary tehnologiýalar bazaryny üstünlikli giňeldýän telekeçileri pudaklaýyn düzümleriň kärhanalary we edaralary üçin dürli iň täze enjamlary, aragatnaşyklary geçirmegiň hem-de şekiller arkaly gözegçilik etmegiň serişdelerini göni getirmegiň anyk ugurlaryny üpjün edýärler. Olaryň hatarynda «Beýik Ýüpek ýoly», «Asman oky», «Türkmen hemrasy», «Tehno Merkez», «Türkmentehnogurluşyk» ýaly telekeçilik düzümleri bar.
    Häzirki sergi eýýäm ýakyn wagtda Türkmenistanda ornaşdyrylyp bilinjek iň täze, uly gyzyklanma bildirilýän hem-de ähmiýetli tehnologiýalar bilen tanyşmagyň mümkinçiliklerini ep-esli artdyrar. Biz telekommunikasiýa we aragatnaşyk ulgamyna örän uly maýa goýumlaryny goýup, ýurdumyzyň geljegini gurýarys, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döredýäris.
    «Türkmenistan we dünýä maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary» diýen ylmy maslahat işewür maksatnamanyň esasy wakasy boldy. Onuň dowamynda pudaklaýyn aragatnaşyk, kommunikasiýa, ulag ulgamlarynyň esasy hünärmenleri, ýolbaşçylary teklipleri bilen çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda «Airbus Defence and Space», «SSI Monako», «Rohde & Schwars», «NTT DATA Romania», «Nokia Solutions and Networks» daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bolup, olar aragatnaşyk toplumynyň möhüm ugurlarynyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada maglumatlary almak bilen birlikde, hemra aragatnaşyk tehnologiýalary we programmalaýyn önümleriň bazary, sanly ulgamy ornaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk ýaly meseleler boýunça pikir alşyp biler, şeýle hem mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň görnüşlerini hem-de maýa goýmak mümkinçiliklerini kesgitläp biler.
    Şu gün forum öz işini dowam eder.