«NURLY MARGIANA» ILKINJI GEZEK RUSSIÝADA GÖRKEZILDI

    26-njy noýabrda Moskwanyň Gündogar Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi, görnükli arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň doglan gününiň 90 ýyllygyna (1929 — 2013) bagyşlanan «Nurly Margiana» atly sergi açyldy.
    Russiýanyň gündogar medeniýetleri muzeýinde ýaýbaňlandyrylan sergide meşhur alymyň ömri we işi barada gürrüň berýän fotosuratlar, kitaplar, onuň şahsy arhiwiniň resminamalary, bürünç eýýama degişli Marguş ýurdunyň ilatynyň antropologiýa taýdan dikeldilen şekilleri, Margiana arheologiýa toparynyň gazuw-agtaryş işleriniň geçirilişi hakyndaky suratlar görkezildi.
    W.I.Sarianidiniň tagallasy bilen döredilen we arheologlardan, dürli hünärdäki hünärmenlerden ybarat bolan bu halkara topar häzirki döwürde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa instituty bilen bilelikdäki taslama hökmünde Türkmen-rus hökümetara toparynyň maksatnamasynyň çäklerinde hereket edýär.
    Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri bilen bilelikde Russiýanyň dikeldiş işlerini alyp barýan hünärmenleriniň işine bagyşlanan fotosuratlardan aýratyn bölüm döredilipdir. Bu topar indi birnäçe ýyl bäri gadymy Margiananyň merkezi hasaplanylýan Goňurdepeden tapylan ajaýyp şekilleri dikeltmegiň we ony gorap saklamagyň üstünde iş alyp barýar.
    Bürünç asyryna degişli ussalaryň ýerine ýetiren we seýrek duş gelýän eserleriniň dünýäde deňi-taýy ýokdur we olar türkmen muzeýleriniň iň ähmiýetli gymmatlyklary bolup durýar. Bu ýere gelýänler Margiana toparynyň gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklaryň birnäçe nusgalaryny görüp bilerler. Olar geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Moskwanyň muzeýine sowgat berildi.
    Keramiki gaplaryň, möhürleriň we dürli şekiller janlandyrylan serişdeleriň nusgalary, şeýle hem daş sütünleriň galyndylary daşlaryň dürli görnüşlerinden özboluşly şekilleri emele getirýär.
    Serginiň açylmagynyň öňüsyrasynda muzeýde W.Sarianidiniň dostlarynyň, kärdeşleriniň, ýurtdaşlarynyň — Moskwadaky grek jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirildi. Onda alym, onuň köptaraply şahsyýeti, açyşlary hem-de olaryň taryh ylmy üçin ähmiýeti barada ýatlamalar boldy. Bellenilişi ýaly, şol tapyndylar Türkmenistanyň bürünç eýýamyna degişli taryhynyň näbelli sahypalaryny äşgär etdi.
    «Tegelek stola» gatnaşyjylara «Orient.tm» saýtynyň döredijilik topary tarapyndan döredilen we Goňurdepäni guşuçar belentlikden syn etmäge, türkmen topragynyň bu taryhy künjeginiň ýagdaýyny we ruhuny duýmaga mümkinçilik berýän wideofilm görkezildi. Mälim bolşy ýaly, oňa dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlarynyň ünsi gönükdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ynsanperwer ösüş syýasatynda halkymyzyň gadymy taryhynyň anyk keşbini döretmek, milletiň taryhy we medeni mirasy boýunça ylym-bilim işleriniň alnyp barylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda müňlerçe ýyl mundan ozal Türkmenistanyň hem-de onuň töweregindäki beýleki ýurtlaryň çäginde zoroastrizmiň ýörgünli bolandygyny, onuň gadymy Marguş şalygynda yzlarynyň galandygyny ýazýar.
    Bu ýurduň täsinlikleriniň we gymmatlyklarynyň Wiktor Sarianidiniň taryhy açyşlary netijesinde dünýä aýan bolandygy barada Russiýanyň paýtagtynda açylan «Nurly Margiana» atly sergi giňden gürrüň berýär.