TÜRKMENISTAN — ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY: DOST-DOGANLYGYŇ ÝOLY BILEN

    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-29-njy noýabrda Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar
    Dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly, deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munda biziň döwletimiziň öňden hyzmatdaşlyk edip gelýän ýurtlary hem, döwletara gatnaşyklary ýakynda ýola goýlan ýurtlar hem bar. Hormatly Prezidentimiz:  «Biz halkara bileleşige agza ýurtlaryň ählisine deň derejede, birmeňzeş hormat goýmak bilen garaýarys, bu ýurtlar bilen özara düşünişmegiň ýetilen derejesine ýokary baha berýäris. Häzirki döwürde biziň oňyn hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan bähbitlerimiz dünýäniň dürli sebitlerini öz içine alýar» diýip belleýär.
    Türkmenistanyň wajyp halkara başlangyçlarynyň hatarynda, ilkinji nobatda, parahatçylygy berkitmek we howpsuzlygy üpjün etmek, aýratyn hem Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerinde hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek, gapma-garşylyklaryň öňüni almak we olaryň syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmegine işjeň gatnaşmak bilen bu sebitleriň energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa meseleleri babatynda eden teklipleri we başlangyçlary barha giň goldawa eýe bolýar.
    Döwletara gatnaşyklaryň dürli derejeleri boýunça yzygiderli syýasy geňeşmeler, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge bolan ymtylyş Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ulgamlaýyn hem maksada gönükdirilen hyzmatdaşlyga oňaýly täsir edýär.
    Ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna sarpa goýup ýaşamak döwletimiziň daşary syýasatynyň baş ýörelgeleriniň biridir. Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň barha täze derejelere çykýandygy guwandyryjydyr. Bu gatnaşyklaryň esasyny düzýän syýasy, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy geljegi uly ugurlar hökmünde häsiýetlendirmek bolar.  
    Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanandyr. Türkmenistan we Özbegistan 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem yzygiderli alnyp barylýar. Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitde we dünýäde bolup geçýän hadysalara garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini aýratyn belläp geçmelidiris.
    Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň 2013 — 2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) agzalygyna, şeýle hem bu guramanyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin agzalygyna ýene bir gezek saýlanmagyny, 2013 — 2017-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna kabul edilmegini Özbegistan Respublikasy goldady. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen we BMG-niň ähli agza döwletleri tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, energetika, ulag we suw diplomatiýasy baradaky, şeýle hem beýleki Rezolýusiýalaryna Özbegistan awtordaş bolup çykyş etdi.
    Öz gezeginde, Türkmenistan hem Özbegistan Respublikasynyň halkara guramalaryň, aýratyn hem BMG-niň çäklerinde öňe sürýän tekliplerini yzygiderli goldap gelýär. 
    Bu ýerde iki doganlyk döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky birek-birege düşünişmek ýörelgeleri türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine oňaýly ýardam edýän wajyp esas bolup durýar.
    Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklar häzirki wagtda örän ýokary derejededir. Bu ugurda iki döwletiň Prezidentleriniň arasyndaky ynama we hormata ýugrulan gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özenini düzýär. Bulara mysal hökmünde yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklary bellemek bolar.
    2017-nji ýylyň 6-7-nji martynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary döwlet wezipesine saýlanandan soňra özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny doganlyk Türkmenistana amala aşyrdy. Bu döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn häsiýete eýe bolup durýandygyna şaýatlyk etdi. Şeýle hem bu saparyň yzysüre, ýagny 2017-nji ýylyň 
    19-20-nji maýynda hem-de şol ýylyň 17-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza saparlary boldy.
    Mundan başga-da, 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine, şeýle hem şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana iş saparlary boldy.
    Şunuň bilen birlikde, 2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary boldy. Iki doganlyk ýurduň Liderleriniň ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklary taraplaryň umumy ösüş bähbitli, doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna we mundan beýläk hem ösdürilmegine özara ygrarlydygyny görkezdi. 
    Şeýle-de, bu saparlaryň barşynda, iki ýurduň döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň we Özbegistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljekki meýiller babatda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyklaryň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 
    Iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhyndaky bu möhüm waka hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan bilelikdäki netijeli hereketleriň dowamy boldy. Şeýle hem ol döwletara hyzmatdaşlygyň, halkara we sebit syýasatynyň köp sanly wajyp meseleleri boýunça garaýyşlaryň, çemeleşmeleriň özara ýakynlygynyň görkezijisi bolup durýar. Saparlaryň netijeleri türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna has-da okgunlylyk häsiýetini berdi. 
    Syýasy-diplomatik ulgamdan başga-da, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň esasyny köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan içgin söwda-ykdysady gatnaşyklar düzýär. Türkmenistan bu goňşy ýurda nebit we himiýa önümlerini, dokma senagatynyň we oba hojalygynyň önümlerini, tehnologik enjamlaryny, şeýle-de beýleki harytlary eksport edýär. Öz gezeginde, Özbegistandan biziň ýurdumyza himiýa senagatynyň önümleri, gurluşyk materiallary, hojalyk we elektron harytlar, metal önümler, enjamlar we ulag serişdeleri getirilýär. Döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady mümkinçilikleri amala aşyrmak üçin oňat şertleriň bardygyny bellemek zerur. 
    Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Soňky ýyllarda bu toparyň işi has hem ýygjamlaşdy we onuň mejlislerinde ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlaryna seredilýär. Hususan-da, toparyň şu ýylyň 23-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen 15-nji mejlisinde ikitaraplaýyn daşary-söwda gatnaşyklarynyň ýokary depginler bilen ösýändigi bellenildi we harytlaryň dürli görnüşleriniň sanawynyň artýandygyna üns çekildi. Mysal üçin, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Uztreýd» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin «ISUZU» kysymly awtobuslary ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmen-özbek işewürler geňeşini geçirmek hakynda ylalaşyldy.
    Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maslahatlaşyldy. Şeýle-de, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitmegiň möhümdigi bellenildi. Taraplar oba hojalygy, suw serişdeleri, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň üstünde jikme-jik durup geçdiler. Aýratyn hem suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak we suw hojalyk enjamlaryny ulanmak boýunça, şonuň ýaly-da, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigi nygtaldy.
    Iki döwletiň arasynda geljegi uly ugurlaryň biri halkara ulag-üstaşyr ulgamyndaky hyzmatdaşlykdyr. Bu barada Özbegistan —Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag-üstaşyr geçelgesini durmuşa geçirmek boýunça tagallalary aýtmak bolar. 
    Döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hem medeni-ynsanperwer ugurdyr. Munuň özi dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, köp asyrlaryň dowamynda türkmen we özbek halklaryny baglanyşdyrýan ruhy-medeni däp-dessurlara we gymmatlyklara esaslanýar. Ylym-bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek arkaly oňyn tejribäniň toplanmagyny, medeni gatnaşyklaryň barha berkemegini, döredijilik gatnaşyklarynyň geriminiň has-da giňelmegini özara arkalaşykly hereket etmegiň oňyn netijeleri hökmünde görkezmek bolar.
    Häzirki wagtda medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklar hem barha işjeňleşdirilýär. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň döredijilik we medeniýet işgärleri Özbegistan Respublikasynda geçirilýän medeni çärelere yzygiderli gatnaşýarlar. Özbegistanyň sungat ussatlary hem öz nobatynda bu ugurda Türkmenistanda geçirilýän halkara çärelere — ylmy-amaly maslahatlara, festiwallara we beýleki dabaralara işjeň gatnaşýarlar. 
    Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklary dünýä taryhyna özüniň güýçli täsirini ýetiren gadymy siwilizasiýalaryň medeni-taryhy miraslaryny saklap gelýärler. Döwletleriň gadymy topraklary tutuş adamzadyň ylym, edebiýat, medeni genji-hazynasyna özleriniň egsilmez goşandyny goşan beýik şahslaryň dogduk mekanydyr. Muňa biziň günlerimize çenli gelip ýeten däp-dessurlar, gadymy türkmen we özbek şäherlerinde aýawlylyk bilen saklanyp galan geçmişiň arhitektura we medeni ýadygärlikleri güwä geçýär. Bu gün türkmen we özbek halklary özleriniň milli özboluşlylygyna, dinine, diline, gaýtalanmajak medeniýetine we öňki nesilleriň toplan ruhy gymmatlyklaryna eýe bolmak bilen, özleriniň merdana hem baý geçmişine buýsanmaga haklydyr. 
    Şunuň bilen baglylykda, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm bölegi medeni-ynsanperwer ulgama degişlidir. Iki doganlyk halkyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ýakyn arabaglanyşygy bu gün hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň halkara syýasy arenadaky netijeli gatnaşyklarynyň ähmiýetli şerti bolup durýar. 
    Bu gün doganlyk halklaryň medeniýetleriniň we milli däpleriniň umumylygy, gadymdan gözbaş alýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Hususan-da, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem Daşkent şäherindäki «Aşgabat» seýilgähi we türkmen şahyry Magtymgulynyň ýadygärligi iki döwletiň doganlyk halklarynyň dostlugynyň aýdyň tassyklanmasy hem-de nyşany bolup durýar.
    Iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky arkalaşykly hereket ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda iki ýurduň welaýatlarynyň arasynda, has takygy, Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Buhara oblastynyň hokimiýatynyň arasynda, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen Horezm oblastynyň hokimiýatynyň arasynda medeniýet ulgamynda göni aragatnaşyk ýola goýuldy.
    Taraplar iki ýurduň ene dilini, medeniýetini, däp-dessurlaryny we adatlaryny ösdürmek üçin mundan beýläk-de amatly şertleri dörederler, nusgawy edebiýatyň we häzirki zaman awtorlarynyň eserleriniň terjime edilmegini goldarlar, bir döwletiň beýleki döwletiň çäklerinde ýaşaýan raýatlarynyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini üpjün etmek boýunça çäreleri görerler.
    Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna boljak bu iş saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşygy meýilleşdirilýär. Onuň barşynda iki ýurduň Baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda türkmen-özbek gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerine serederler. 
    Şeýle hem Prezidentler ozal gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň iş ýüzünde ýerine ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşarlar.
    Mundan başga-da, türkmen Lideri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna hem gatnaşar. 
    Türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyga we özara düşünişmeklige esaslanan gatnaşyklaryň köp asyrlyk däpleri häzirki döwürde aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary netijeli alnyp barylýan döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýene-de bir möhüm ädim bolar.