TELEARAGATNAŞYK, TELEMETRIÝA, HABAR BERIŞ TILSIMATLARYNYŇ WE TELERADIOÝAÝRADYŞ ENJAMLARYNYŇ «TÜRKMENTEL — 2019» ATLY XII HALKARA SERGISINE HEM-DE YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA

                                        Gadyrly myhmanlar!
                                        Hormatly aragatnaşykçylar!

    Sizi öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa işjeň ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
    Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, dünýäniň ösen tehnologiýalar tejribesine we innowasiýalara daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Aragatnaşyk ulgamynda sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris.
                                        Hormatly aragatnaşyk 
                                        ulgamlarynyň işgärleri!

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary tehnologiýalary ulanýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
    Bu Konsepsiýa ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmäge we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, halkymyza edilýän hyzmatlaryň hilini täze derejä çykarmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.
    Sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalaryň bäsleşige ukyplylygyna we ykdysady ösüşe möhüm itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýän sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine esaslanýan aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegine bagly bolup durýar.
    Häzirki döwürde sanly ykdysadyýet bilen bagly birnäçe maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Özüniň emeli hemrasynyň, döwrebap internet ulgamynyň, ýurdumyzyň ähli ýerinde optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň bolmagy Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny hem-de bu ulgamy ösdürmek üçin berk binýadyň döredilýändigini aýdyň görkezýär.
    Häzirki döwürde aragatnaşyk ulgamyna degişli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipesi üstünlikli çözülýär. Bu wezipe bolsa, ilkinji nobatda, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdeplerinde täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterliligiň üpjün edilmegi esasynda amala aşyrylýar. Bu ugurda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň IT meýdançasynyň döredilmegi hünärmenlere hem-de talyplara diňe bir hünär derejesini ýokarlandyrmak däl-de, eýsem, tejribe alyşmak hem-de programma üpjünçiligi ulgamynda okuwlary geçmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
                                        Hormatly halkara sergä we 
                                        ylmy maslahata gatnaşyjylar!
                                        Hormatly myhmanlar!

    Garaşsyz Watanymyz işjeň hem-de netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine we okgunly ösdürilmegine ygrarly bolmak bilen, ähli ugurlarda ýokary ösüş depginlerini gazanýan döwletleriň hataryna goşulýar hem-de dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekýär. «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barmak arkaly Türkmenistan hyzmatdaş ýurtlary bilen öz döwründe Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki şertlerde täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Biziň ýurdumyz syýasy, işewürlik we ylmy işjeňlik boýunça halkara merkeze öwrüldi. Ýurdumyzda sebitleýin hem-de ählumumy ähmiýetli maslahatlar we forumlar yzygiderli geçirilýär.
                                        Hormatly aragatnaşykçylar!
                                        Gadyrly dostlar!

    Sizi Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
    Bu halkara sergä we ylmy maslahata telekommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalary we işewürleri hem gatnaşýarlar. Ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
    Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikler arzuw edýärin!
                                                Türkmenistanyň Prezidenti
                                                Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.