Beýik geçmişiň yzlary

    Türkmen topragynyň müňýyllyklaryň çuňlugyna uzaýan şöhratly taryhy ýaýrawy magrypdan-maşryga çenli uzan kuwwatly döwletlere, nesilşalyklara baýdyr. Şeýle bolansoň, gadymy ýadygärliklerimizde gazuw-agtaryş işlerini geçirýän arheologlarymyzyň taryhyň şanly sahypalaryndan gürrüň berýän tapyndylary ýygy-ýygydan ýüze çykarmagy asla tötänlik däl. Gadymy galalarda gizlenip ýatan şöhratly geçmiş türkmen topragynyň dünýä ýüzündäki şanyny has beýgeltmek üçin, gerek bolsa bu topragy dünýäniň iň gadymy medeniýetleriniň hataryna goşmak üçin aňryýany bilen ýeterlik.
    Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimize «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018–2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutlarynyň alymlary we hünärmenleri tarapyndan taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işlerini alyp barlandygy habar berildi. «Mawy ekran» arkaly hem şaýat bolşumyz ýaly, bu işler Ahal welaýatynyň çägindäki Abiwerd, Paryzdepe, Şährihaýbar we Şähryslam, Balkan welaýatyndaky «Gadymy Dehistan», Daşoguzdaky Kerwensaraý, Lebap welaýatyndaky Amul, Daýahatyn, Marydaky Uly gyzgala, Abdyllahan ýadygärliklerinde geçirildi. Gazuw-agtaryş we rejeleýiş işleriniň dowamynda taryh we şu günümiz üçin juda gymmatly bolan tapyndylaryň köp sanlysynyň üstünden baryldy. Olar geljekde türkmen alymlary tarapyndan has içgin öwreniler.
    Bizi ýene bir zat ― bu gymmatly tapyndylaryň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyrylyp, hemmeleriň synlap, görüp bilmegi üçin elýeterli ediljekdigi begendirýär. Nesip bolsa, şanly toýuň bosagasynda bu gymmatly tapyndylar  Ahal welaýatyndaky Milli «Ak Bugdaý» muzeýine, Lebap we Mary welaýatlarynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine dabaraly ýagdaýda tabşyrylar. Ýadygärliklerde alnyp barlan arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işleri barada geçiriljek «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň ähmiýeti: rejeleýiş-berkidiş işleri, ylmy barlaglar» atly iş maslahaty bolsa taryhyň täze sahypalarynyň üstünden barmaga mümkinçilik berer. Maslahatyň, geçirilen barlaglaryň netijeleri ýörite kitapçada ýerleşdiriler.
    Üsti bereket, asty hazyna, goýny şöhrat türkmen topragynyň Ýer ýüzündäki şany gün geçdigiçe beýgelýär. Bu beýgelişe, ösüşe goşant goşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.