Türkmen sahnasy — dostlugyň sahnasy

    Paýtagtymyzda geçirilýän halkara teatr festiwaly üstünlikli dowam edýär. Düýn festiwalyň üçünji güni ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly teatr artistleriniň tomaşaçylar üçin taýýarlan sahna oýunlarynyň birnäçesi görkezildi.
    Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Estoniýanyň R.A.A.A.M teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Häzir söýginiň wagty däl» atly sahna oýny görkezildi. Braziliýaly dramaturg Gilerme Figeýredonyň bu sahna eseri gadymy mifiki şahslar, keramatlaşdyrylan gahrymanlar bolan Amfitriona we Gerkulese bagyşlanýar. Sahna oýnunda dünýäniň gurluşy hem-de zeminde ýaşaýşyň döreýşi baradaky gadymy halk aýdyşyklary häzirki zaman dilinde beýan edilýär. Täsirli wakalaryň üsti bilen öz maşgalaňa, söwer ýaryňa wepalylyk ündelýär.
    Mundan başga-da, düýn bu teatrda görkezilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Theatre simple» teatrynyň «Kerwen gürrüňleri» atly sahna oýny hem tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Bu oýunda maşgala gatnaşyklary, ýakynlaryňy kyn günde goldamak, birek-biregiň sarpasyny saklamak barada söhbet açylýar. Umuman, ýönekeý durmuşdan alnan bu sahna oýnunda maşgala gatnaşyklary, dogruçyllyk, ugurtapyjylyk ýaly temalar öz beýanyny tapýar.
    Sahna oýnunyň esasy wakalary adaty bir maşgalada şowhunly toýuň tutulmagy, syýahatyň guralmagy, oňa garrylaryň, daýy-daýzalaryň, goňşularyň, dost-doganlaryň gatnaşmaklary bilen başlanýar. Şunlukda, agzybir maşgalanyň Ýer ýüzünde dost-doganlygy berkidiji güýçdügi hakdaky pikir öňe sürülýär. «Kerwen gürrüňleri» atly sahna oýnunda gahrymanlaryň filosofiki garaýyşlary, oýnuň çuňlugy, many-mazmuny tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.
    Biz bu sahna oýnundan soňra «Theatre simple» teatrynyň artisti Llysa Holland bilen gürrüňdeş bolduk. Ol: «Biziň teatrymyz 1990-njy ýyldan bäri hereket edýär. Geçen ýyllaryň dowamynda biz dünýäniň birnäçe ýurtlarynda sahna oýunlarymyz bilen çykyş etdik. Teatrymyzyň döredijilik topary «Adelaide Fringe» festiwalynyň uly baýragyna hem mynasyp boldy.
    Aşgabatda geçirilýän III halkara teatr festiwalyna gatnaşýandygymyz üçin begenjimiziň çägi ýok. Şäher gözelligi, bu ýerdeki teatrlaryň binagärlik aýratynlygy bizde uly täsir galdyrdy.
    Festiwalyň dowam edýän günlerinde dünýäniň onlarça ýurdundan gelen teatr ussatlary bilen duşuşmak, olaryň sahna oýunlary bilen tanyşmak biziň tejribämiziň artmagyna ýardam etdi. Türkmen ýaşlary bilen guralan duşuşykda olaryň saýlap alan hünärlerine bolan höwesiniň has-da ýokarydygyna göz ýetirdik. Türkmen teatrlarynda görkezilen täsirli sahnalar bize türkmen halkynyň baý taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi» — diýip belledi.
    Türkmen döwlet gurjak teatrynda Ukrainanyň Kiýew akademiki gurjak teatrynyň taýýarlan «Gazlar we guwlar» atly gurjak oýny tomaşaçylara görkezildi. Bu sahna oýny gadymy ukrain halk ertekileri esasynda goýlupdyr. Gurjak oýnunyň wakalary iki sany rawynyň gürrüň bermeginde janly we gyzykly beýan edilýär.
    Ir döwürler zeminiň örän asuda ýerinde bir ata bilen ene, olaryň uly gyzy Nastusýa we kiçijik dogany Iwanko ýaşapdyr. Birdenkä parahat oturan öýüň üstünde uçup barýan gazlaryň we guwlaryň sürüsi peýda bolýar. Olar oglanjygy özlerine çopan edinmek üçin alyp gidýärler. Kiçijik Nastusýa bolsa öz doganyny guşlardan halas etmek üçin howply syýahata rowana bolýar. Ol gazlardan we guwlardan, dürli kynçylykly hereketlerden ejizlemän doganyny halas edýär.
    Bu teatrda Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Peterburg kölege teatrynyň artistleriniň taýýarlan «Skripkaly serçe üçin sýuita» atly sahna oýny görkezildi. Kompozitor A.Wiwaldiniň sazynyň ýaňlanmagynda hyýaly hereketler arkaly sözsüz sahna şekilleri ýerine ýetirilýär. Sahnada barokka äheňli sazyň utgaşmagynda gurjaklaryň kölegesinde wideoşekiller arkaly wakalar şöhlelendirilýär.
    Teatr sungatynyň gözellik kanunlarynda iki sany gapma-garşylykly hyýaly wakalar arkaly özboluşly birleşme emele gelýär. Sahna oýnunda wakalar häzirki zaman gurjak teatrlarynyň dilinde, şeýle hem ekranyň giňişliginde gurjaklaryň ugurdaş kölegesinde tomaşaça sözsüz beýan edilýär. Uly ýaşly tomaşaçylara niýetlenen sahna oýny bagta sary alyp barýan ynamyň, umytlaryň sönmezligi, ýalňyzlygy ýeňip geçmek barada.
    Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň awtorlygynda, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň režissýorlygynda goýlan «Binýat» atly taryhy drama görkezildi. Orta asyr türkmen taryhyna degişli maglumatlaryň esasynda döredilen taryhy dramada 1040-njy ýylyň Daňdanakan söweşi hakynda täsirli wakalar beýan edilýär.
    Türkmenistanyň halk artistleri Öwezguly Gelenow, Orazgeldi Amangeldiýew, Ogultäç Hanyýewa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Döwletgeldi Berdiýew, Ýagmyr Gurbannazarow, Annamyrat Saparow, Şatlyk Halykow, Tirkiş Mätnazarow, Bekmyrat Gylyjow, artistler Didar Kowusow, Ahmet Amandurdyýew ýaly artistleriň özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmekleri bolsa, olaryň tomaşaçynyň kalbyna barýan inçe ýoly tapmagy başarandyklarynyň alamatydyr.
    «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwal dowam edýär.