BMG-niň SEBIT MAKSATNAMASYNYŇ FORUMY JEMLEÝJI RESMINAMANY — AŞGABAT BAŞLANGYJYNY KABUL ETDI

    21-nji noýabrda türkmen paýtagtynda «SPEKA günleri» tamamlandy. Onuň çäklerinde iki çäre — ykdysady forumyň ikinji güni hem-de BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Ýolbaşçy geňeşiniň on dördünji sessiýasy geçirildi.
    SPEKA-nyň sebitinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň hukuk gurallaryny, kadalaryny, ölçeglerini hem-de maksatnamalaryny ulanmak arkaly söwda we ulag ulgamlarynda bökdençlikleri azaltmak boýunça Aşgabat başlangyçlarynyň kabul edilmegi bu günüň esasy netijeleriniň biri boldy.
    Bu Maksatnamanyň Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de onuň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak maksady bilen, 1998-nji ýylda badalga alandygyny ýatlatmalydyrys. Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan SPEKA agza ýurtlar bolup durýar.
    Ýurdumyz şu ýyl bu düzümde başlyklyk etmegi bilen baglylykda, Ýewropa Ykdysady Komissiýasyna hem-de ESKATO bilen bagly çärelere umumy goldawy berýär. Şol esasy çäreleriň ählisi Aşgabatda geçirilýär. Ýolbaşçy geňeşiň duşuşygynyň gün tertibine «Özara gatnaşyklar: SPEKA sebitinde söwda we ulag çärelerini ýönekeýleşdirmek hem-de durnukly ösüş» atly ykdysady forumyň netijelerini jemlemek, hususan-da, Aşgabat başlangyçlary we maslahatlary bilen bagly jemleýji resminamany tassyklamak baradaky meseleler girizildi.
    Mejlisiň esasy meseleleriniň hatarynda ozalky maslahatdan geçen wagtdan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şu Maksatnamanyň çäklerinde mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi we durnukly ösüşi üçin SPEKA-nyň Innowasion strategiýasyny tassyklamak bilen baglanyşykly meseleleri görkezmek bolar.
    Türkmen tarapynyň wekili mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, döwletimiziň hormatly Prezidentimiziň gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasy ugruna eýermek bilen, Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigini belledi.
    Türkmenistan yklymyň ulag ýollarynyň çatrygynda strategik ýagdaýa hem-de ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolmak bilen, bu ýagdaýdan has netijeli peýdalanmaga çalyşýar hem-de ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýän gurallary işläp taýýarlamagyň tarapdary hökmünde çykyş edýär.
    Öz nobatynda, BMG-niň Ykdysady Komissiýasynyň hem-de ESKATO-nyň ýokary wezipeli wekilleri hem-de Maksatnama gatnaşýan döwletleriň wekiliýetleriniň baştutanlary ýurdumyzyň şu ýyl SPEKA-da başlyklyk etmegine baha bermek bilen, onuň Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornuny nygtadylar.
    Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp asyrlaryň dowamynda taryhy-medeni gatnaşyklar bilen birleşen sebitleriň döwletleriniň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky tagallalarynyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.
    2019-njy ýylda SPEKA Maksatnamasyna ýolbaşçylyk eden Türkmenistan ähli ulgamlarda netijeli işleri alyp bardy. Ýewropanyň Ykdysady Komissiýasynyň sekretariatynyň hem-de 
    ESKATO-nyň goldaw bermeginde täzeçe çemeleşmeler teklip edildi we SPEKA gatnaşyjy döwletleriň bilelikdäki işini mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi.
    Ýygnananlar Aşgabat duşuşygynyň wajypdygy barada aýtmak bilen, onuň esasy meseleleriniň biriniň söwda we ulag çärelerini ýönekeýleşdirmek hem-de durnukly ösüş bilen baglydygyny bellediler. Munuň özi SPEKA-nyň işinde esasy ugurlar hökmünde kesgitlenildi we häzirki wagtda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, häzirki döwürde bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bilen baglanyşyklydyr.
    Bellenilişi ýaly, ýokary hilli düzümiň döredilmegi söwdanyň we ykdysady işiň giňeldilmegine oňyn täsir edýär, tebigy serişdeleriň ulanylmagyny kadalaşdyrýar hem-de önümçilik we logistika kemçiliklerini azaldýar.
    Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň wajypdygyna, hususan-da, sebitiň durnukly ösüşi üçin aragatnaşyk mümkinçiliklerini has amatly ulanmagyň möhümdigine üns berildi.
    Ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, BMG-niň «Rio+20» ählumumy maslahatynyň we beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden parahatçylyk dörediji başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, Merkezi Aziýada özara gatnaşyklary ösdürmek baradaky teklipleriň wajypdygyny aýratyn bellediler.
    Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky halkara gatnaşyklary giňeltmäge saldamly goşant goşýandygy aýdyldy. Ýurdumyz bu ulgamda özüniň çemeleşmelerini kemala getirmek bilen, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýany häzirki döwürdäki ählumumy ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde kabul edýändiginden ugur alýar.
    Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze başlangyçlary, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek baradaky başlangyçlaryny öňe sürýändigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Galyberse-de, özüniň strategik ösüşinde biziň ýurdumyz döwrebap ulag düzümlerini döretmäge aýratyn ähmiýet berýär, goňşy döwletler bilen bilelikde iri sebitleýin taslamalary amala aşyrýar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi SPEKA-nyň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer, geljek üçin sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer hem-de ahyrky netijede, Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta hem-de Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň düýbüni tutar.
    Ýokarda bellenilişi ýaly, SPEKA-nyň ykdysady forumynyň netijelerini jemlemek gün tertibiniň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Ýygnananlar şeýle duşuşyklaryň Maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, sebit hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ygtybarly binýady döretmäge hyzmat edýändigini hem-de Merkezi Aziýa sebitinde özara gatnaşyklaryň has netijeli usullaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýändigini bellediler.
    Şunuň bilen baglylykda, möhüm meseleleriň ençemesini umumy tagallalar bilen çözmegiň zerurdygy baradaky teklip öňe sürüldi. Şeýle çemeleşmede kabul edilýän gurallaryň netijeliligi, sebitde durnuklylyk we ykdysady ösüş üpjün edilýär.
    Mejlise gatnaşyjylar Aşgabat başlangyçlarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň kabul edilmeginiň sebit bazaryny hem-de serhetýaka söwdasyny pugtalandyrmaga, Maksatnama gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň Ýewropanyň we Aziýanyň bazarlaryna goşulyşmagyna, täze maýa goýumlaryny, tehnologiýalary hem-de innowasiýalary çekmäge gönükdirilendigini nygtadylar.
    Resminamada bellenilişi ýaly, bilelikdäki çäreler sebitde durnukly hem-de netijeli ösüşe saldamly goşant goşar, SPEKA-nyň ýurtlaryna 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatdaky gün tertibini durmuşa geçirmäge ýardam eder.
    Şeýle ösüş ýoluna düşülmegi eksporty ösdürmäge gönükdirilen ugur arkaly sebitde ykdysady netijeliligiň nusgasyny özgertmegiň zerurdygyny şertlendirýär. Munuň özi diňe ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga maýa goýumlary goýmak arkaly mümkin bolar.
    Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamlarda degişli bökdençlikleri azaltmak arkaly söwda we ulag çärelerini aňsatlaşdyrmak meseleleriniň ählumumy gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Jemleýji resminamada teklip edilýän çäreleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ykdysadyýetiň durnukly ösüşini höweslendirmäge hem-de bu ulgamda eksportyň ornuny artdyrmaga ýardam etmelidir. Şeýlelikde, bu çäreler köp sanly adamlara has işjeňleşýän ykdysady işiň netijelerinden peýdalanmaga mümkinçilik bermelidir.
    Mejlisiň barşynda SPEKA-nyň Maksatnamasynyň çäklerinde hereket edýän Tehniki iş toparlarynyň ýerine ýetiren işleriniň barşy, hususan-da, suw we energetika serişdeleri, daşky gurşaw, ulag, üstaşyr geçirmek, söwda, statistika, ykdysadyýeti ösdürmek, Durnukly ösüş maksatlarynda bäsleşik boýunça meseleler barada hasabatlar diňlenildi.
    SPEKA-nyň 2020 — 2021-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyny içgin ara alyp maslahatlaşmak hem-de guramaçylyk häsiýetli beýleki meseleler hem gün tertibine girizildi.
    Duşuşyga gatnaşyjylar mejlisiň jemini jemläp, sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipelerini çözmek maksady bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleýin edaralary, şol sanda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, ESKATO we beýleki halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassykladylar.
    Mejlisiň ahyrynda ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, şu günlerde Aşgabatda geçirilen duşuşyklaryň hem-de forumlaryň işiniň üstünlikli bolmagy üçin döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
    Umuman, «SPEKA-nyň günleri» 2019-njy ýylda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda başlyklyk edýän ýurdumyzyň sebit hem-de ählumumy häsiýetli esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin abraýly merkez hökmündäki derejesini tassyklaýandygyny, dünýä ösüşiniň häzirki zaman ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygyň täze usullaryny işläp taýýarlamak babatda netijeli başlangyçlary öňe sürýändigini görkezdi.