HER ÇEMENDEN BIR GUNÇA

    «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň ikinji güni hem üstünlikli geçdi. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda Russiýanyň akademiki ýaşlar teatrynyň artistleri Aleksandr Grişiniň hem-de Nelli Uwarowanyň gatnaşmagyna ýurdumyzyň teatr artistleri bilen, Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda bolsa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Theatre simple» teatrynyň artistleriniň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bilen ussatlyk sapaklary geçirildi. Ussatlyk sapaklarynda teatr artistiniň özüni alyp barşy, sahnada keşp janlandyranda ýerine ýetirmeli hereketleri, tomaşaçynyň kalbyna barýan ýoly tapmak ugrunda berjaý etmeli düzgünleri dogrusynda, şeýle-de teatr sahnasynda goýlan, hem-de indiki goýuljak oýunlar dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
    Soňra festiwal ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtdan gelen sungat ussatlarynyň taýýarlan sahna oýunlary bilen dowam etdi. Türkmenistanyň Baş drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romany esasynda sahnalaşdyrylan adybir oýnuň, şeýle-de Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Baky rowaýatlar» atly gurjak oýnunyň görkezilmegi oňa tomaşa edenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
    Döwlet gurjak teatrynda Russiýa Federasiýasynyň Brýansk oblastynyň gurjak teatrynyň «Balykçy we balyjak» atly gurjak oýny oňa tomaşa edenlere egsilmez şatlyk paýlady.
    — Biziň festiwala «Balykçy we balyjak» atly gurjak oýnumyzy ýörite saýlap aldyk. Sebäbi türkmen okyjylary Puşkiniň eserlerine belet hem-de ony söýüp okaýarlar.
    Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda rus-türkmen gatnaşyklary barha pajarlap ösýär. Biziň teatrymyz Türkmenistanda öň hem myhmançylykda bolupdy, ýöne meniň özümiň ilkinji gelşim. Gözel paýtagtyň, festiwalyň kalbymyzda galdyrýan ajaýyp täsinliklerini beýan etmäge söz tapamzok. Halklary doganlaşdyrýan şeýle sungat baýramçylyklarynyň dabarasy dünýä dolsun! — diýip, Russiýanyň Brýansk oblastynyň gurjak teatrynyň artisti, Russiýanyň at gazanan artisti Ýelena Safronowa gürrüňdeşlikde belläp geçdi.
    Pakistan Yslam Respublikasynyň «Maas Foundation» teatrynyň artistleriniň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda görkezilen «Söýgi kitaby» sahna oýny hem tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Oýunda, adyndan hem belli bolşy ýaly, söýgi meselesine uly orun berlipdir.
    «Gorkut atanyň bir demi» atly sahna oýny bilen Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäheriniň Döwlet teatrynyň artistleriniň keşpleri ussatlarça ýerine ýetirmekleri oýnuň täsirliligini has-da artdyrdy.
    Baş drama teatrynda Özbegistan Respublikasynyň Döwlet satira teatrynyň taýýarlan «Padarkuş» atly sahna oýny hem teatr muşdaklarynda uly täsir galdyrdy. Tomaşaçylar artistleriň başarnygyna ýokary baha berdiler.
    Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Gazagystanyň Žastar teatrynyň taýýarlan «Žibek» atly oýny görkezildi. «Žibek» görnükli gazak eposynyň esasynda taýýarlanylyp, onda öçmez-ýitmez baky söýgi hakynda gürrüň berilýär. Oýnuň baş režissýory — Gazagystanyň sungatda at gazanan işgäri, Çingiz Aýtmatow adyndaky baýragyň eýesi Nurganat Žakypbaý.
    Sahna oýnunyň esasynda owadan gyz Žibek bilen başga taýpadan bolan Tölegeniň arasyndaky päk söýginiň rowaýaty dur. Aşyk-magşugyň biri-birine wepasy, päk söýgüsi ýerli taýpadan bolan Bekejanda gahar-gazap döredýär. Ol owadan, asylly Žibege öňden aşyk eken. Bekejan öz bäsdeşi bilen açyk söweşe çykýar. Ykbalyň emri bilen Žibegiň saýlany Tölegen bolup çykýar. Ol toýa taýýarlanmak maksady bilen öz iline dolanýar.
    Söýgi hakda tutaşan jedeliň soňunyň hasratly gutarjagyny hiç kim bilmeýär... Baky söýgi hakyndaky şeýle eserler gazak teatr sungatynda hem uly orun tutýar. Oýnuň dowamynda jadyly sazyň ýokary çeperçilikdäki horeografiýa bilen utgaşmasy tomaşaçylaryň hiç birini biparh goýmady.
    Häzirki wagtda teatryň repertuarynda 46 sany sahna eseri bar. Özüniň hereket edýän 13 ýylynyň içinde bu teatryň dürli halkara festiwallaryň 10-dan gowragynyň baş baýragyna mynasyp bolandygyny bellemek hem diýseň ýakymlydyr.
    Halkara teatr festiwaly dowam edýär.