«MAGTYMGULY» — FESTIWALYŇ ILKINJI SAHNASYNDA

    Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda halkara teatr festiwalynyň ilkinji sahna eseri — «Magtymguly» atly oýny görkezildi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gylyçmyrat Kakabaýewiň ýazan edebi esasy boýunça Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan oýnuň sahna bezegini Mekan Annamyradow, saz bezegini bolsa Mämmet Hydyrow ýerine ýetiripdir.
    Sahna oýnunda Türkmenistanyň halk artistleri Nurberdi Allaberdiýew Döwletmämmet Azadynyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Döwlet Hanmämmedow Magtymgulynyň, Akmyrat Arçykow Nury Kazymyň, Gülşat Meňliýewa Zübeýdanyň keşbinde çykyş etdiler.
    «Magtymguly» sahna eseriniň dowamynda beýan edilýän wakalar şahyryň döwri bilen baglanyşyklydyr. Şahyr hakdaky bu eser tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.
    Akyldaryň her bir setirinde millilik iňňän ýokary çeperçilikde berilýär. Pyragynyň ýol-ýörelgelerimiziň çelgisi, halallygyň, edep-ekramyň, sabyr-kanagatyň ummany bolan şygyrlary her bir türkmeniň kalbynda ýaşaýar. Setirleri nakyla öwrülip giden goşgulary nesilden-nesle geçip, bu gadymy halka hyzmat edýär. Şahyryň türkmeniň milli däp-dessurlaryna ýugrulan, halallygy ündeýän söz hazynasy hyrydarlaryny halallyga, agzybirlige, mertlige çagyrýar.
    Ýeri gelende aýtsak, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 2014-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen 290 ýyllygy mynasybetli sahnalaşdyrylan bu oýun şol ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy başardy. Bu bolsa teatr artistleriniň ussatlygyndan habar berýär.

    «PAÝASY» OPERASY — DOSTLUGYŇ NYŞANY
    Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda, türkmen we italýan artistleriniň bilelikde sahnalaşdyrmagynda, Italiýanyň meşhur kompozitory Rijero Leonkowalonyň «Paýasy» operasynyň görkezilişi boldy.
    Italýan režissýory Daniele de Planonyň režissýorlyk etmeginde türkmen sahnasynda goýlan operada meşhur italýan aýdymçysy Françesko Anile Kanionyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Türkmenistanyň at gazanan artistleri Bibi Amanowa Neddanyň, Ismaýyl Jumaýew Tonionyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Aman Amanow Silwionyň, zehinli aýdymçy Nury Nuryýew Peppeniň keşplerini ýerine ýetirýärler.
    Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» diýen at bilen guralýan halkara festiwalynyň ýeňijisi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ussat mugallymy-konsertmeýsteri Stella Faramazowanyň baş gahrymanlaryň aýdymlary öwrenilende, olara sazandarlyk etmekde ezberlik görkezendigini bellemek gerek. Operanyň sahna bezegi italýan suratkeşleri tarapyndan, operanyň gahrymanlarynyň lybaslary bolsa türkmen hünärmenleri tarapyndan taýýarlanypdyr.
    Dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri saz bezegini ýerine ýetirýär. Liriki drama žanrynda ýazylan bu eserde ýönekeý adamlaryň anyk durmuşy açylyp görkezilýär. Onda ýalynly söýgi we nepis lirika özara sazlaşýar.
    Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz ýakynda Italiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Şol saparyň dowamynda dostlukly gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak ugrunda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Italiýa bilen ýurdumyzyň arasyndaky ähli ugurlarda rowaçlyga beslenýän gatnaşyklar medeniýetiň, sungatyň üsti bilen has-da dabaralanýar.
    Italýan režissýory Daniele de Plano operanyň italýan dilinde sahnalaşdyrylmagynyň türkmen we italýan opera artistleriniň öňünde hiç hili kynçylyk döretmändigini aýtmak bilen, türkmen artistleriniň operany ýokary derejede ýerine ýetirendiklerini, ykjam taýýarlanandyklaryny, ýerine ýetirýän keşplerine çyn ýürekden girişendiklerini, şeýle-de türkmen sazandalarynyň ýokary derejeli ussatlyklaryny aýratyn belledi.