Milli ýygyndymyz birinji orunda

    Düýn paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda futbol boýunça 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklarynyň nobatdakysy — Türkmenistan bilen Şri-Lankanyň ýygyndy toparlarynyň arasynda duşuşygy geçirildi.
    Turuwbaşdan ýer eýeleri ýiti hüjüme geçdiler we bu depgini duşuşygyň tä ahyryna çenli sakladylar. Dowamly hüjümler diňe duşuşygyň 44-nji minutynda goragçy Abdy Bäşimowyň derwezä gönükdiren goly bilen ilkinji netijäni berdi. Oýunçynyň milli ýygyndymyzyň düzüminde ilkinji gezek tapawutlandy. Şeýlelikde, türgenler şu hasap bilen arakesmä çykdylar.
    Duşuşygyň ikinji ýarymy ätiýaçdaky oýunçynyň oýna girmegi bilen başlady. Myhman topar Nawin Judeniň ornuna Mohamed Aakibiň meýdança gadam basmagy bilen oýna üýtgeşme girizjek bolsa-da, duşuşygyň soňky pökgüsini hem milli ýygyndymyz geçirdi: ýarymgoragçymyz Altymyrat Annadurdyýewiň jerime meýdançasynyň içinde derwezä uran urgusy myhmanlara oýny ýarym meýdançadan dowam etdirmäge mejbur etdi. Bu oýunçynyň ýaryşyň çäginde ikinji gezek tapawutlanýandygyny bellemek gerek.
    Ýeri gelende bellesek, sentýabrda degişli garşydaş bilen myhmançylykda geçirilen oýunda hem milli ýygyndymyzyň şeýle hasap bilen bäsdeşinden üstün çykypdy. Jemi üçünji, bassyr ikinji duşuşygyny ýeňiş bilen tamamlan milli ýygyndymyz 9 utuk bilen toparçanyň birinji ornuna geçdi. Bu netije bolsa milli ýygyndymyzyň futbol boýunça geçiriljek iri halkara ýaryşlarda çykyş etmek mümkinçiligini artdyrýar.