«BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ TEATR SUNGATY» ATLY III HALKARA FESTIWALY AÇYLDY 

    19-njy noýabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Aşgabatda geçirilýän bu halkara festiwalynyň çäklerinde düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly – drama teatrynyň sahnasynda XIX asyryň ikinji ýarymynyň italýan kompozitory Rudžero Leonkowallonyň «Paýasy» atly operasy italýan dilinde halk köpçüligine ýetirildi. 1892-nji ýylda döredilen 2 perdeli bu operanyň librettosyny kompozitoryň özi ýazypdyr. Dünýäniň ençeme döwletlerinde meşhurlyk gazanan «Paýasy» operasy häzirki günde-de opera teatrlarynyň sahnasyndan düşmeýär. 
    Operada baş keşpleri ýerine ýetiriji artistleriň sany onçakly köp däl. Olar: Kanio — oýun görkeziji toparyň ýolbaşçysy (tenor), Nedda — Kanionyň aýaly (soprano), Tonio — artist (bariton), Peppe — artist (tenor), Silwio — ýaş daýhan (bariton). 
    Türkmen sahnasynda Kanionyň keşbini belli italýan tenory Françesko Anile ýerine ýetirdi. Galan keşplerde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary çykyş etdiler. 
    Sahna eseriniň türkmen operaçylary tarapyndan asyl nusgasynda, ýagny, italýan dilinde ýerine ýetirilmegi has-da guwandyryjydyr. Bu biziň ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen operaçylary tarapyndan gazanylan ajaýyp üstünlikdir. Biz hem operany sahnalaşdyrmaga gatnaşanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolduk.
    Françesko ANILE (Kanio): 
    — Men 25 ýyldan gowrak operada aýdym aýdýaryn. Italiýanyň ähli şäherlerinde, Russiýada, Hindistanda, Rumyniýada, Ýewropanyň köp ýurtlarynda operalarda çykyş etdim. Türkmen artistleri bilen sahnalaşdyrylan «Paýasy» operasynda bolsa baş gahrymanlaryň biri Kanionyň keşbini janlandyrdym. Operany sahnalaşdyrmagyň taýýarlyk döwründe ýakymly duýgulary başdan geçirdim. Türkmen operaçylary italýan dilinde gürlemeseler-de, italýan operasyny sahnada üstünlik bilen ýaňlandyrdylar. Olaryň sesleri hem dury. Aýratyn hem olaryň belent adamkärçiligi, myhmansöýerligi meni haýran galdyrdy. Men ol operaçylary bu ajaýyp üstünlikleri bilen gutlaýaryn we täze operalary sahnalaşdyrmakda rowaçlyklary arzuw edýärin.

    Aman AMANOW (Tonio) — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kafedra müdiri: 
    — «Paýasy» operasynda baş gahryman Tonionyň keşbini janlandyrmak meniň nesibäme düşdi. Ozal bu operada şu keşbi rus dilinde ýerine ýetiripdim. Bu gezek bolsa italýan kärdeşlerimiz bilen asyl nusgasynda aýtdym. 
    Italiýan dili örän akgynly we saza golaý. Şonuň üçin eseri asyl nusgasynda aýtmak biziň hemmämiz üçin örän täsirli boldy. Operadaky bäş sany esasy keşbiň dördüsini Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary ýerine ýetirdi. Şeýle üstünliklerimiziň gözbaşynda mähriban Arkadagymyzyň opera sungatyny ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalaryny görýäris.

    Nurmyrat NURYÝEW (Peppe) — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy: 
    — «Paýasy» operasynyň türkmen sahnasynda ýaňlanmagy türkmen opera aýdymçylarynyň ýeten ajaýyp sepgididir. Biz daşary ýurt operalaryndan ariýalarydyr aýdyşyklary öň hem ýerine ýetirýärdik. Ýöne operada tutuşlygyna italýan dilinde çykyş etmek meniň tejribämde ilkinji synanyşyk boldy. Men baş gahryman Peppeniň keşbini döretmek bilen, özüm üçin köp zatlary açdym. «Paýasy» operasynyň göwrümi onçakly uly däl. Ýöne muňa garamazdan, onda opera dramaturgiýasyna mahsus ähli kanunalaýyklyklar saklanýar. Eser çylşyrymly, aňrybaş kämil derejede ýazylansoň, oňa köp zähmet siňdirildi. Täze operany sahnalaşdyrmak biziň iş tejribämiziň has-da kämilleşmegine oňyn täsir etdi diýip aýdyp bolar. Ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky bu ajaýyp waka türkmen-italýan halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkeýändiginiň subutnamasydyr. Türkmen operaçylaryna döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin mähriban Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir. 

    Bibijemal AMANOWA (Hedda) — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen  milli konserwatoriýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti:
    — Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň medeni durmuşynda gazanylýan üstünliklere öz goşandymyzy goşýandygymyz bizi buýsandyrýar. «Paýasy» operasyndaky ýeke-täk zenan keşbi bolan Neddanyň keşbini ýerine ýetirdim. 
    Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2008-nji ýylda türkmen opera sungaty täzeden dikeldilende, «Şasenem — Garyp» operasynda Şasenemiň keşbini janlandyrypdym. Bu gezek bolsa italýan dilinde türkmen tomaşaçylaryna hödürlenen «Paýasy» operasynda hem baş gahrymanyň keşbini maňa ynandylar. Munuň üçin begenjimiň çägi ýok. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen opera sungatymyz has-da gülläp össün!