«Leýli we Mejnun» — talyplar teatrynda

    Ýakynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talyplarynyň diplom işi hökmünde taýýarlan «Leýli we Mejnun» tragediýasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň awtorlyk etmeginde taýýarlanan sahna oýnunyň çeper ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew, režissýory bolsa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Urmatkan Meläýewa. Halypa kompozitorymyz Rejep Rejebow tragediýanyň sazyny ýazdy. Onuň sahna bezegini Dünýägözel Durdyýewa ýerine ýetirdi. 
    Täze goýlan sahna oýnunda birek-birege çyn ýürekden aşyk bolup, päk söýginiň nyşanyna öwrülen Leýlidir Mejnunyň başdan geçiren hasratly söýgüsi hakda söhbet açylýar. Aşyklar tutuş jemgyýetiň azat-erkin söýgä garşydygyna garamazdan, biri-birine gowuşmak üçin iň soňky demlerine çenli göreşýärler. 
    Täze goýlan sahna oýnunda Mejnunyň keşbinde Çary Amandurdyýew, Leýliniň keşbinde Şeýda Gurbanowa, Mejnunyň atasy Beni emiriň keşbinde Allaguly Gurbanow, enesiniň keşbinde Leýla Rüstemowa, Leýliniň atasy Ibni Seýidiň keşbinde Hommat Hommadow, enesiniň keşbinde Gülnur Hajymämmedowa, taýpa serdary Nowfulyň keşbinde Kakamyrat Bazarow, emiriň mürzesi Abdysalamyň keşbinde Parahatgeldi Elýasow, Kelam mollanyň keşbinde Menzil Repbimow, Zeýidiň keşbinde Mekan Ödekow, rawynyň keşbinde Yhlas Haýdarow dagy çykyş edýärler. Talyp ýaşlaryň sahnada özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmekleri, olaryň alan bilimlerini kämilleşdirýändikleri tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryndan hem görünýär. 
    «Leýli we Mejnun» tragediýasynyň köpçülik sahnasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sungat studiýasynyň talyplary çykyş edýärler. Täze goýlan sahna oýny şu ýylyň 19 — 23-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň dowamynda oňa gatnaşýan myhmanlara görkeziler.