Ýaşlara baýraklar gowşuryldy

    Öňňin Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan her ýylda geçirilýän bu dabarada ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini öz döredijiligi, irginsiz zähmeti bilen işjeň wagyz edýän ýaşlaryň 39-syna baýraklar gowşuryldy.
    Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew, şahyr Gülşirin Hanowa dagy çykyş etdiler. Olar çykyşlarynyň dowamynda berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän tutumly işleri netijesinde ýaş nesilleriň ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler barada buýsançly gürrüň etdiler.
    — Ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmekde öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy» hereket edýär. Bu maksatnamanyň esasy ýörelgeleri hökmünde ýaşlaryň ähli hukuk, ynsanperwerlik, erkinlik kepilliligi, durmuş-ykdysady taýdan goraglylyk, ýaşlaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny ileri tutmak we beýlekiler çykyş edýär. Resminamanyň esasy maksady türkmen ýaşlaryny umumadamzat gymmatlyklaryna akyl ýetirýän, watansöýüji, ezber, köp dilleri bilýän, kompýuter sowatly, beden we akyl taýdan güýçli, ösen hünärmenler edip terbiýelemäge gönükdirilip, bu ugurda birnäçe işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 
    Şu ýyl hem bilimde, zähmetde, sportda, medeniýetde, sungatda we döredijilikde tapawutlanan bagtyýar ýaşlara bu baýragyň gowşurylmagy ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary bagyş etdi. Olaryň päk kalbyndan çykýan buýsançly sözler Arkadag Prezidentimiziň adyna alkyş bolup ýaňlanýar. 
    Halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy we röwşen geljegi barada uly alada edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys! — diýip, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygy Silap Hudaýberdiýew belläp geçdi.
    Dabarada Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Gurban Gurbanow bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:
    — Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Türkmenistan döwletimiziň görlüp-eşidilmedik ösüşlere, özgerişlere beslenýän döwri boldy. Bu ajaýyp döwürde ýurdumyzyň halkara abraýy belende galmak bilen, halkymyzyň abadan, bagtyýar, asuda durmuşynyň binýady has-da berkidildi. Şular bilen bir hatarda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri giň mümkinçilikleriň, amatly şertleriň täze tapgyry hökmünde bagtyýar ýaşlaryň kalbynyň töründen aýratyn orun eýeledi. Ynha, bu gün maňa hem «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen ada eýe bolmak bagty miýesser etdi. Munuň üçin men özümi juda bagtly saýýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesle bildirýän belent ynamyny ödemek üçin ukyp-başarnygymyzy, yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.
    Zähmetde, döredijilikde tapawutlanan ýaşlarymyzy mynasyp bolan baýraklary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.