Üstünlik — yhlasyň miwesi

    Şu ýylyň 7 — 11-nji noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde talyplaryň arasynda halkara matematika bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Wýetnamyň, Çehiýanyň talyplaryndan düzülen 19 topar gatnaşdy. Bu bäsleşikde ýurdumyzyň talyplar toparyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri Nurmuhammet Gurbanmämmedow bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Pirmyrat Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. 
    Matematikanyň çylşyrymly mysaldyr meseleleriniň dürli görnüşlerini öz içine alýan bu bäsleşik iki tapgyrda guralyp, onuň birinji tapgyrynda şahsy birinjilik boýunça, ikinji tapgyrynda bolsa, toparlaýyn bäsleşildi. Şahsy birinjiligiň şertleri boýunça talyplar 4 sagadyň dowamynda 5 sany mysaly çözmekde bäsleşdiler. Birinji tapgyrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Perman Iljanow, Şahlo Hasanowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Jepbar Asgarow birinji orna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Ramazan Bahtiýarow, Hamidbek Hajyýew, Döwran Nurgeldiýew, Seýitmuhammet Şamyradow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Göwher Şükürowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Myrat Amandurdyýew ikinji orna, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary Myrat Çäşemow, Myrat Sapaýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Gurt Döwletow dagy üçünji orna mynasyp boldular. 
    Bäsleşigiň ikinji tapgyry dürli ýurtlardan gelen toparlaryň arasynda boldy. Şonda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary, şeýle-de Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplar topary ikinji orny eýelemegi başardylar.
    Üstünlik, ýeňiş öz-özünden gelmeýär. Ol yhlaslynyň, zehinliniň bijesine düşýär. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ata Watanymyzyň at-abraýyny gazanan ýeňişleri bilen dünýä ýaýýan zehinli ýaşlara mundan beýlägem üstünlikler hemra bolsun!