MILLI ÝYGYNDYMYZYŇ TARYHY ÝEŇŞI

    Düýn paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda futbol boýunça 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklarynyň nobatdakysy geçirildi. Onda ýurdumyzyň milli ýygyndysy KHDR-iň milli ýygyndysyny kabul etdi.
    Turuwbaşdan dartgynly ýagdaýda dowam eden oýnuň 21-nji minudynda Mihail Titowyň myhmanlaryň meýdançasyndaky garma-gürmelikden peýdalanyp geçiren goly bilen hasap açyldy. Bu goluň ýelgini bilen has-da ruhlanan türgenlerimiz myhmanlaryň derwezesine yzygiderli hüjümleri guradylar. Birinji ýarymyň ahyrlarynda ilkinji oýunçy çalşygy boldy. Garşydaş bilen çaknyşykda şikes alan Mekan Saparowyň ornuna Zafar Babajanow oýna girdi.
    Birinji ýarymy 1:0 hasabynda tamamlanan oýnuň ikinji ýarymy gollara baý boldy. 75-nji minutda Arslanmyrat Amanow çalasyn guralan hüjüm netijesinde derwezebany aldamagy başardy we pökgini boş galan derwezä gönükdirdi. Netijede, hasap — 2:0.
    Bu goldan 14 minut geçenden soňra, hüjümçimiz Wahyt Orazsähedow milli ýygyndymyzyň üçünji goluny derwezä gönükdirdi. Baş eminiň oýna goşan 3 minudynda myhmanlar pursatdan peýdalanmagy başardylar. Oýun gutaraňkyrlanda Son Han Kwanyň jerime meýdançasynyň içinde derwezä gönükdiren urgusy netijesinde myhmanlar milli ýygyndymyzyň geçiren 3 goluna 1 gol bilen jogap berdiler.
    Ýeri gelende bellesek, milli ýygyndymyz 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň çäginde 3 duşuşygy ýeňlişsiz tamamlan KHDR-iň milli ýygyndysyny ilkinji ýeňen topar boldy. Munuň özi milli ýygyndymyz üçin taryhy ýeňiş boldy. Garşydaş toparyň şonça duşuşygy derwezesine gol geçirtmezden gelendigini hem nygtamak gerek. Galyberse-de, bu ýeňiş milli ýygyndymyzyň degişli topar bilen geçiren özara duşuşyklarynyň arasynda ilkinjisidir.
    Milli ýygyndymyzyň indiki duşuşygy 19-njy noýabrda «Köpetdag» stadionynda  Şri-Lankanyň milli ýygyndysy bilen bolar.