GÜÝZE MYHMANDYR

    Sözbaşa çykaran jümlämizi Magtymguly Pyragynyň bir goşgusyndan aldyk. Käwagt şeýle-de bolýar, makalany ýazyp boldum edeniňden soň, oňa laýyk sözbaşy tapmak juda oýlandyrýar. Žurnalistleriň arasynda “Jüpüne düşen sözbaşy — makalanyň ýarysy” diýen bir gepem bar. Sadagasy boldugym, tamdyrdan çykan nanyň lowurdysy hem ysy edil janyňy alyp barýandyr. Ýerine düşen sözbaşy-da şol pisint bir zat, ol okamajagy-da okamaga mejbur edýär. Onsoň, ägirtlerden haraý gözleýärsiň. Bizem şeýtdik: beýik Magtymgula ýüzlendik. Magtymgula ýüzlenip, ondan näumyt galan barmy? 
    «...Altmyş elwan, 
              ýetmiş dürli iýmişler,
    Agaçdan aýrylar, 
              güýze myhmandyr».
    Magtymguly atamyzyň bu iki setiri biziň makalamyza hem sözbaşy, hem özen, hem-de jemleýji bolup bilýär. Biz şu makalada beýik söz ussadynyň “ýetmiş dürli iýmişler” diýýäniniň diňe biri — nar hakynda gürrüň etmekçi bolýarys. Ol güýzde bişip ýetişýär, “güýze myhman” bolýar.
    Nar türkmeniň datly nygmatlarynyň biri. Kitaplaryň birinde türkmen topragynda bitýän naryň 25 görnüşi birin-birin sanalýar. Ynha, olar:
    — Ak däne,
    — Ak nar,
    — Galyň gabyk,
    — Garagöl nar,
    — Gara nar,
    — Garrygala nary,
    — Garrygala enary,
    — Gökje (Mary) nary,
    — Gök enar,
    — Guşgy nary,
    — Güleýşa,
    — Gyzyl enar (nar),
    — Gyrmyzy gabyk,
    — Kaýaçik enar,
    — Kerki nary,
    — Nar alma,
    — Narly nary,
    — Nohur nary,
    — Näzik gabyk,
    — Sary enar,
    — Surh enar,
    — Turşy nar,
    — Halaç nary,
    — Şewlan nary,
    — Ýabany nar
    Elbetde, ylym, şol sanda oba hojalyk ylmy bir ýerde duranok, ol hemişe ösüşde-özgerişde. Şol sebäpli-de, şol kitap neşir edileninden (“Babadaýhan mirasy” «Magaryf». 1994-nji ýyl) bäri geçen döwürde naryň başga-başga sortlary, olaryňam başga-başga görnüşleri döredilendir. Şuny göz öňünde tutup, naryň häzirki döwürde sortlary we olaryň görnüşleriniň sany has artandyr diýip bolar. Biziň şu sanawy siziň dykgatyňyza hödürlemegimiziň sebäbi bolsa, narlaryň reňk babatda-da dürli-dürli bolup bilýändigini aýtmak boldy. Üns beriň: ak nar, gyzyl nar, sary nar, gara nar, gök nar... Şeýle hem naryň görnüşleriniň atlary ene dilimiziň şirinligini, datlydygyny görkezip dur: garagöl, güleýşa, gyrmyzy. Bularyň hersi owazlanyp, özbaşyna aýdym bolup eşidilýär. 
    Nar diňe bir azyk önümi däldir, lukmanlar ony sökelliklerde, mysal üçin, ganazlykda ulanmagy maslahat berýärler. Naryň hem-de nar bilen bagly aýtgylaryň durmuşda başga-da ulanylýan ýerleri örän kändir. 
    Meselem, “Nar iýýän gussa batmaz” diýilýär. Munuň manysyny ýaşulular nar iýýän adamyň ähli ünsüni naryň däneleriniň seçelenip gitmezligine berip, şol wagt gussa batyrýan durmuşyň ownuk meselelerine berilmeýändigi bilen düşündirýärler. 
    “Naryň däneleriniň içinde bir däne barmyşyn. Şony iýen adama bagt gülüp bakarmyşyn”. Bu aýtgy ýaşlara ýetişdirilen önümiň ýekeje dänesini-de isrip etmezligi öwredýär.
    “Naryň täji — şanyň täji”. Patyşalaryň täji nar miwesiniň täjine seredilip ýasalypdyr diýýärler. Bu naryň gadyr-gymmatynyň ýokarydygyny aňladýar.
    Zergärler tylla ýüzügiň gaşyny naryň dänejigine seredip ýasapdyrlar diýýärler. Ol deň gyraňlanandygy bilen haýrana goýýar. Tebigat — iň uly mugallym.
    Işdäsi kesilip, tagam datman ýatan nähoşa naryň göbegi atylyp gaýnadylan çorbadan içirseň, hem-ä işdäsi açylýar, hem-de kuwwatlanýar. Watanyň her bir oty-çöpi öz perzentleri üçin dermandyr.
    Naryň perdelerini ýaralaman kesmek, ýagny ýarmak öýlenýän ýigidiň başarnyklydygyny ýa-da däldigini görkezýän usul bolupdyr. Adamy synamak üçin ýönekeýje usullaram ýeterlik. 
    Naryň gabygyny possun ussalary derä göze gelimli peňk bermekde ulanýarlar. Ir döwürlerde häzirki Magtymguly etrabynda bitýän narlaryň gabygy Daşoguzda hem-de Hywada geçginli harytlaryň biri bolupdyr. 
    Naryň bir görnüşiniň hasyly ýapraklaryny düşürensoň bişip ýetişýär. Ol sowuga çydamly nar. Şeýle-de, naryň bidäne görnüşi-de bar. Bular türkmen topragynda bitýän, ylmy taýdan hasaba alnan narlaryň şu wagtky 25 görnüşiniň geljekde has artyp biljekdiginiň buşlukçysy.
    Alymlar biziň planetamyzyň — Ýeriň üçden bir böleginiň demirdigini aýdýarlar. Demir daşda bar, toprakda bar, suwda bar. Ol adamyň bedeninde-de bar. Demir narda-da bar. Ylmy maglumat naryň gabygynyň düzüminiň 0,05%-niň demirdigini aýdýar. Adama gerek bolşy ýaly, nara-da demir zerur. Nar demri gowy görýär. Naryň demir bilen gowy alyşýandygyna göz ýetiren daýhanlar, nardan has bereketli hasyl almak üçin, ony demir bilen goşmaça iýmitlendirýärler. Bu usul elbetde, toprakda demriň azlyk edýän ýerlerinde has peýdaly bolup biler. Lebap welaýatyndan bir daýhan nary demir bilen iýmitlendirmegiň şu iki usulyny gürrüň berdi.
    1. Nara barýan ýabyň düýbünde, nar agajyndan 1-2 ädim bärräkde, dyz boýy çukur gazmaly. Ony gerekmejek, zyňyndy demir böleklerinden doldurmaly. Demir bölekleri posly ýa-da poslamaga ýakyn ýagdaýda bolsa, has gowy. Çukury gömmeli. Ýapdan suw goýbereniňde, suw çukura siňýär-de, ýaňky demir böleklerine degip, demriň erän mikrobölejiklerini (posuny) naryň köküne getirip berýär. 
    2. Naryň ýogynrak şahasynyň düýbürägine garşylyklaýyn üç çüý kakmaly. Çüýler o diýen ýogyn bolmaly däl hem-de kakylanda, agaja güýçli zeper ýetirmeli däldir. Her şahasyna şeýdip kakylan çüýler naryň demre bolan islegini kanagatlandyrýar. 
    Nary köpler subtropik ekin hasaplasa-da, ol mähriban Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ösýär. Mysal getiren sanawymyz-da şuny tassyklaýar. Adatça, gyşy beýleki welaýatlarymyza garanda sowuk bolýan Daşoguz welaýatynda-da nar emin-erkin gögerýär. Ol ýerde onuň, ätiýaç üçin, daşyny gyşyna plýonka bilen saraýarlar. Şeýle usul birwagt Magtymguly etrabynyň Ýokary Sumbar diýilýän ýerindäki obalarda hem ulanylardy. Indi welin, ol ýerlerde nar agaçlarynyň daşy plýonka-beýleki bilen saralmaýar. Bu agaç daşky howa şertlerine uýgunlaşmaga-da ökde bolara çemeli. 
    Ine, hormatly okyjylar, Magtymguly atamyzyň «Altmyş elwan, ýetmiş dürli iýmişler» diýip, tarypyny ýetiren nygmatlarynyň biri bolan nar hakynda gören-eşidenlerimi siziň dykgatyňyza ýetirdim. Belki, bu barasynda siziňem aýtjak-goýjaklaryňyz bardyr?!