Ýeňijiler yglan edildi

    Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň nebit-gaz toplumynda gazanylanlary açyp görkezmek we mahabatlandyrmak maksady bilen, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd» kompaniýasynyň we «Nebit-gaz» gazetiniň bilelikde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ady bilen yglan eden döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijiler yglan edildi. Bäsleşige gatnaşyjylar Türkmenistanyň energetika pudagynyň ösüşleri, bu ugurda ýetilen sepgitler dogrusynda gürrüň berýän makalalary, fotoreportažlary, goşgulary we şekillendiriş eserleri bilen «Nebit-gaz» gazetinde dowamly çykyş etdiler. 
    Gürrüňi edilýän bäsleşigiň guramaçylyk topary oňa gatnaşyjylaryň döredijilik işlerini yzygiderli öwrenip, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlaryň hersi boýunça üç — jemi dokuz adamy ýeňiji diýip yglan etdi. Ýeňijilere «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd» kompaniýasynyň gymmat bahaly sowgatlary, Diplomlar we gül desseleri gowşuryldy. Mundan başga-da, bäsleşikde jemi ýüz sany höweslendiriji baýrak döredildi. Oňa mynasyp bolanlar 2020-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygynda «Nebit-gaz» gazetine muzdsuz abuna ýazylmaga hukuk gazandylar. Bular dogrusynda «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew şeýle gürrüň berýär:
    — Energetika gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzda milli Liderimiziň baştutanlygynda bu pudakda öwgä mynasyp işler alnyp barylýar. Biz hem guramaçylyk topary bolup, amala aşyrylýan şeýle beýik işleri halkymyzyň arasynda wagyz etmek, olar dogrusynda giňişleýin gürrüň bermek we oňa giň okyjylar köpçüliginiň işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen, ýörite bäsleşik yglan etmegi makul bildik. Şeýle bäsleşigi indi birnäçe ýyldan bäri geçirip gelýäris. Ol özüniň oňyn netijelerini-de berýär. Şu ýyl gürrüňi edilýän bäsleşige gatnaşyjylaryň sany geçen ýyllardaka garanyňda, has köp boldy. Şonuň üçin hem her orun boýunça üç adamy ýeňiji diýip yglan etmegi makul bildik. Şeýle-de, bäsleşigiň jemleýji sanawyna awtorlarymyzyň gazetimizde çap edip ýetişmedik makalalarynydyr beýleki eserlerini hem girizdik. Nesip bolsa olary gazetimiziň geljekki sanlarynda çap etmegi göz öňüne tutýarys. Sözümiň ahyrynda bize işlemäge, yhlasly zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, milli Liderimiziň jany sag, başy dik, amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!