Yşyk ýürekdeşlikden güýç alýar

    Şu gezek hem şeýle boldy. Hormatly Prezidentimiz Owganystan Yslam Respublikasyna ýalkymyň, ýagtylygyň çeşmesini — kuwwatly transformatory ynsanperwer kömek hökmünde bermek baradaky Karara gol çekdi.
   Güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy bolsa 125 MWA bolan döwrebap transformator dostlukly owgan topragynda, gör, näçe öýe ýagtylyk paýlar. Ýaldyrap dogan Gün ýa-da şuglasyny saçýan Aý ynsana, gör, nähili täsir edýär. Ýagtylygyň döredijilik güýji bar. Ine, Türkmenistanyň täze ynsanperwerlik kömegi hem owgan topragyna şeýle özgerişligi bagyşlar. Bu kömek — bu ýagtylyk diňe bir öýleri däl, eýsem, goňşara gatnaşyklarymyzyň geljekki ýoluny hem ýagtyldar. Bir hakykaty tekrarlamak artykmaçlyk etmese gerek: eger soňky ýyllarda Owganystan parahatçylyk babatynda-da, ykdysadyýet babatynda-da näderejede öňe giden bolsa, ýetilen sepgitde Türkmenistanyň hem paýy uludyr. Türkmenistan öz milli Lideriniň ýolbaşçylygynda Owganystany diňe bir ykdysady taýdan goldaman, eýsem, BMG ýaly iri guramalaryň uly-uly mejlislerinde bu ýurtda parahatçylygy dikeltmek bilen bagly juda möhüm we geljegi juda parlak teklipleri öňe sürýär. Olaryň köp sanlysy durmuşa hem geçirildi.
    TOPH halkara ulag geçelgeleri ýaly, birnäçe ýyldan bäri dowam edip gelýän we ähmiýeti asyrlara ýaýrajak taslamalary ýatlamanyňda-da, türkmen-owgan gatnaşyklarynda diňe şu ýylyň özünde ençeme oňyn işler amala aşyryldy. Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyza amala aşyran saparynyň dowamynda iki ýurduň Liderleriniň gol çeken Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitleýän esasy resminama boldy. Türkmen-owgan gatnaşyklarynyň täze sahypasyna öwrülen bu saparyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň köpugurly bolandygyny belläp, olaryň bilelikdäki syýasy geňeşmeleri geçirmek, halkara wehimlere garşy bilelikde göreşmek, Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmek işlerini dowam etmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyny özara düşünişmek arkaly ýokary hilli alyp barmak we üstünlikli tamamlamak, «Lazurit» geçelgesi boýunça Ylalaşygy durmuşa geçirmek, täze elektrik geçiriji ulgamy çekmäge goldaw bermek ýaly köp sanly maksatlara gönükdirilendigini ýatlamak isleýäris.
    Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilen Suw meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan utgaşdyryjy toparyň nobatdaky mejlisi hem ähmiýetli boldy. Üç derýanyň suwundan bilelikde peýdalanýan goňşy döwletleriň arasynda gazanylan täze Ylalaşyk dostlugyň ýürekdeşlik derejesine çenli baryp ýetendigini ýene bir gezek görkezdi. Mejlisde hem nygtalyşy ýaly, ýurdumyz suwdan bilelikde peýdalanmagyň netijeli ulgamyny ýola goýmak üçin anyk çäreleri görýär. Şunda Owganystanyň degişli düzümleri bilen özara hereket etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilermenleriň baha bermegine görä, bu ýurduň çäklerinde Amyderýanyň akymlarynyň 20 göterimine çenlisi emele gelýär we mundan başga-da, Murgap hem-de Tejen derýalary öz gözbaşlaryny alyp gaýdýar.
    Owganystana indi ençeme ýyl bäri ynsanperwerlik kömegini berip gelýän ýurdumyz geçen tomusda hem sahawatyň beýik göreldelerini görkezdi. Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilen ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyry 1-nji iýulda Owganystanyň çägindäki Akina demir ýol bekedine baryp ýetdi. Şeýlelikde, dünýäniň ýangyç ulgamynda uly gyzyklanma döreden bu zawodyň ilkinji önümleri ýakyn goňşymyz bilen paýlaşyldy.
    21-nji iýulda bolsa milli Liderimiz Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň ýolbaşçylaryna, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde önümleriň birnäçe görnüşini muzdsuz bermegi tabşyrdy. 25-nji iýulda Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde uzynlygy 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylyş hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabaralary boldy. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda Akina — Andhoý demir ýoluny gurmak barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda amala aşyrylýan başlangyçlaryň şanyna tutulan toýda Türkmenistandan iberilen ynsanperwer kömek dostlukly döwlete baryp gowuşdy. Açylan we başy başlanan täze demir ýol şahalarynyň ýurtlaryň ykdysadyýetine ýetirjek täsiri bolsa — aýratyn bir makalanyň gürrüňi. Ýöne bir zady, geljekde bu demir ýol şahasyny Täjigistan bilen araçäge çenli uzaltmagyň, soňra Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykmagyň meýilleşdirilýändigini welin, şu ýazgylarymyza goşmak gerek. Diýmek, özüniň ösüşleri bilen dünýä çykýan Türkmenistan belentlige barýan şol ýolda ýakyn goňşusy Owganystany hem ýatdan çykaranok. Bu bolsa hakyky ýürekdeşlikdir, bagryň badaşmagydyr.
    Geçen ýyllardan bäri ýurdumyz özüniň günortadaky goňşusyna elektrik energiýasyny ýeňillikli şertlerde iberýär, yzygiderli ynsanperwer ýüklerini ugradýar, Owganystanyň çäginde durmuş maksatly desgalary gurýar, owgan ýaşlaryna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin mümkinçilikleri döredýär.
    Ine, Türkmenistan özüniň ynsanperwer şuglasy bilen goňşy ojagyny bir ýylyň içinde üçünji gezek ýagtyldýar. Iň ýakyn günlerde kuwwatly transformator owgan topragyna diňe bir ýagtylyk däl-de, türkmen ýüreginiň ýylysyny hem paýlar. Bir öýde ýanan yşygyň ýakymy beýleki öýe-de geçýär. Bir ojakda dörän ýagtylyk goňşy ojaga hem ýylylyk berýär. Türkmenistan bilen Owganystan bolsa şol ýalkymdyr ýagtylygy bilelikde döredýär!