Kärhana işe girizildi

    Düýn Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Zaman» geňeşliginiň çäginde guş iýmini öndürýän döwrebap kärhananyň dabaraly açylyşy boldy. Şu mynasybetli ir säher bilen täze desganyň daş-töweregi şatlyk-şagalaňa beslendi. Dabaranyň geçýän ýerinde seteran guralan türkmeniň alty ganat ak öýleriniň töwereginde ýaýbaňlandyrylan milli öwüşginli tomaşalar ol ýere ýygnanan mähellede ýakymly duýgulary döredip, olaryň şatlygyna şatlyk goşdy.
    Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Miras» hususy kärhanasynyň bu döwrebap kärhanasynyň açylyşynda çykyş edenler ösüş-özgertmelere beslenen şu şatlykly günlerde geçirilýän dabaranyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Olaryň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan, ekologiýa taýdan arassa, ýerli önümleriň görnüşini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, döwrebap tilsimatlar arkaly agrosenagat toplumynyň kämil düzümini emele getirmek, guşçulyk pudagyny ösdürmek, şeýle-de täze iş orunlaryny döretmek babatda uly tagalla edýär. Guş iýmini öndürýän täze kärhana bu babatda örän uly ähmiýete eýedir. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzda önüm bolçulygynyň pugtalanmagy ugrunda edýän bimöçber tagallalary üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
    Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bu ýere ýygnananlarda ýokary ruhubelentlik döretdi. Çykyşlaryň dowamynda guş iýmini öndürýän kärhananyň gurluşygyna gatnaşan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşuryldy.
    — Milli Liderimiz telekeçiligiň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär, hususy pudagyň wekillerine öz işini netijeli alyp barmak we onuň gerimini giňeltmek üçin uly goldaw-hemaýatlary berýär. Şeýle bolansoň, bu gün biz — telekeçiler höwesli işleýäris hem-de ýurdumyzda önüm bolçulygynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşmaga çalyşýarys. «Miras» hususy kärhanany döretmek bilen, işimizi guşçulyk pudagyna gönükdirdik. Has anygy, guşçulyk toplumyny döretdik, guş etini we ýumurtga öndürip başladyk. Guşçulyk bilen iş salyşjak bolsaň, iým üpjünçiligi wajyp bolup durýar. Şoňa görä-de, guş iýmini öndürýän kärhanany gurmagy ýüregimize düwdük. Bu desgada guşlar üçin ekologiýa taýdan arassa ýokumly iýmleri taýýarlamakda ýokary amatlyklar göz öňüne tutuldy. Önümçilik binasynda Türkiýe, Gollandiýa ýaly döwletleriň iň täze, öňdebaryjy enjamlaryny oturtdyk. Bu kämil tehnologiýalar ýokary hilli guş iýminiň sagatda 10 tonnasyny, ýylda bolsa 75 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzirlikçe kärhanamyzda guş iýminiň dört görnüşini öndürmegi maksat edinýäris. Öndürilýän iýmiň düzümine bugdaý, mekgejöwen, jöwen, soýa, ösümlik ýagy, duz, dürli witaminlerdir minerallar goşulýar. Olar guşlar üçin örän ýokumlydyr. Geljekde işimiziň gerimini giňeltmegi göz öňünde tutýarys. Şeýle desgalary gurmagymyz, işimiziň gerimini giňeltmegimiz ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýok — diýip, «Miras» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Myratberdi Hommadow aýdýar.
    Guş iýmini öndürýän kärhananyň işe girizilmegi bilen, ýaşlaryň köp sanlysyna iş orunlary döredi. Bu ýerde olaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Geljekde kärhananyň çig mal üpjünçiligi üçin bölünip berlen ýer böleginde bugdaý, arpa, mekgejöwen, soýa ýaly ekinleri ýetişdirmek hem-de olary bu ýerde gaýtadan işläp, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply bolan guş iýmini öndürmek maksat edinilýär.