Ahal welaýaty pagta taýýarlamak baradaky borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdi

    4-nji noýabrda Ahal welaýatynyň ekerançylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar «ak altynyň» 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, pagta taýýarlamak baradaky döwlet tabşyrygyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler.
    Bu zähmet ýeňşi daýhanlaryň Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine goşant goşmak ugrunda çeken halal, yhlasly zähmetleriniň ajaýyp miwesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda, oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň hil taýdan täze sepgitlere çykmagy Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
    Pagtanyň satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýörite tehnikalary satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar ekerançylaryň zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna hem-de oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmaga has-da gyzyklanmaklaryna oňyn täsir edýär.
    Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine iberen Gutlagynda welaýat boýunça «ak altynyň» bol hasylynyň öndürilmeginde etraplaryň pagtaçylyk hojalyklarynyň, öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň her biriniň mynasyp goşandynyň bardygyny belledi. Welaýatyň pagta hasylyny öndürmekde şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda abraý bilen ýerine ýetiren Gökdepe, Ak bugdaý we Sarahs etraplarynyň pagtaçy daýhanlarynyň çeken netijeli zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr diýlip, Gutlagda nygtalýar.
    Ahal welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi mynasybetli bu ýerde dabara geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, oba zähmetkeşleri gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegine ekerançy hasyl ussatlary bilen birlikde, döwrebap pagta ýygyjy tehnikalara ussatlarça erk edýän kombaýnçylar, hasylyň bökdençsiz daşalmagyny üpjün edýän sürüjiler we beýlekiler hem saldamly goşant goşdular.
    Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba zähmetkeşleri barada edýän yzygiderli aladasy, olaryň mynasyp durmuşy we netijeli zähmet çekmekleri üçin döredýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de döwlet Baştutanymyzyň eziz Diýarymyzyň ekerançylarynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmek ugrunda ähli güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
    Ahal welaýatynda pagta ýygymy möwsümi dowam edýär. Boýun alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetiren pagtaçylar «ak altyny» iň soňky hanasyna çenli ýygnamak üçin yhlasly zähmet çekýärler.