TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

    4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, şanly senelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak, etraplaryň çäklerinde arassaçylyk işlerini yzygiderli alyp barmak, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklary mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.
    Şeýle hem hasabatyň dowamynda milli Liderimize Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň taslamasy we onuň ýerleşjek ýerleriniň çyzgysy görkezildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, onuň gurluşygyny meýilleşdirmek we hojalyk düzümleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek meseleleriniň ünsden düşürilmeli däldigini belledi.
    Täze desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Häzirki döwürde şäher gurşawynda ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrýan sanly tehnologiýalar uly ähmiýete eýe bolýar.
    Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim almak ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu desgalar toplumynyň gurluşygy boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.
    Aşgabady has-da ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutanymyz şäheri abadanlaşdyrmak işlerinde ýaşlaryň bilimine, ukybyna daýanmalydygyna aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň ýokary hilli bolmagy we öz wagtynda tabşyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
    Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedowyň hasabatyny diňledi. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly hasabatyny Ahal welaýatynyň hasyl ussatlarynyň pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hoş habardan başlady.
    Bellenilişi ýaly, welaýatyň pagtaçy kärendeçileri döwlet tarapyndan döredilýän oňyn şertlerden peýdalanyp, pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler we şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen ýerine ýetirdiler. Şunlukda, häkim milli Liderimize daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti ugrunda döredilýän ýokary derejeli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Häzirki döwürde pagta meýdanlarynda galan hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça gyzgalaňly işler dowam edýär.
    Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şanly seneleri we baýramçylyk dabaralaryny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen diňläp, Hasyl toýuny, daýhanlary sarpalamak, dabaranyň dowamynda has tapawutlanan pagtaçylary, mehanizatorlary hem-de bu möwsüme gatnaşýan ähli zähmetkeşleri sylaglamak çäresini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
    Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak,  pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň guralyşy barada hasabat berdi.
    Şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Welaýatda öňde boljak şanly seneleri, hususan-da, Hasyl toýuny dabaralandyrmak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.
    Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, aýratyn-da, pagtaçylykda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň, ýetişdirilen gowaça hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny belledi. Munuň özi obasenagat toplumyna degişli düzümlere bildirilýän esasy talapdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
    Milli Liderimiz şunuň bilen bir hatarda, beýleki meýdan işleriniň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň işine yzygiderli gözegçilik etmek boýunça häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
    Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi, ol häzirki wagtda sebitde ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de bugdaý üçin bölünip berlen meýdanlarda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.
    Şeýle hem häkim Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler, Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlanylan medeni maksatnama barada habar berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, edermen daýhanlaryň yhlasy bilen ýetişdirilen bol pagtanyň öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap alynmagyny üpjün etmegi talap etdi. Munuň üçin möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilmelidir, pagtaçylar üçin döredilýän şertler, olar bilen hasaplaşyklary geçirmek meseleleri üns merkezinde saklanylmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
    Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çägindäki mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň işini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, Hasyl toýy mynasybetli guraljak hemme çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir.
    Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri we ak ekinlere edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk gelmegini üpjün etmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Häkimiň belleýşi ýaly, pagtaçylyk hojalyklary şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda tehniki mümkinçilikleri doly işe girizdiler.
    Häkim hasabatynyň çäklerinde Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly geçirilmeginiň, hususan-da, ýetişdirilen pagtany ýitgisiz we soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, beýleki meýdan işlerini hem agrotehniki kadalara, ekerançylyk medeniýetiniň ýörelgelerine laýyklykda geçirmek zerurdyr.
    Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen bilelikde welaýaty ösdürmegiň geljek ýyl üçin meýilnamasynyň taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek, Hasyl toýuna taýýarlyk görmek boýunça tabşyryklary berdi.
    Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny üstünlikli tamamlamak, ak ekinlere agrotehniki kada laýyk ideg etmek, şol bir wagtyň özünde ýerlerde sürüm işlerini ýokary hilli geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.
    Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek möhüm wezipe bolup durýar, onuň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar, olaryň käbirini baýramçylyk mynasybetli ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Hasyl toýuny mynasyp geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ýygym işleriniň depginini ýokarlandyrmak, ýetişdirilen hasyly doly ýygnap almak meseleleriniň üstünde durup geçdi. Şunda, taýýarlanan pagtanyň saklanylyşyna, gaýtadan işlenilişine, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegine möhüm üns berilmelidir.
    Döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýyl üçin welaýatdaky desgalaryň gurluşyk meýilnamasyny taýýarlamak meselelerine girişmegi tabşyryp, bu işleriň sebitiň zerurlyklaryny ylmy esasda toplumlaýyn çaklanylmagy hasaba alnyp geçirilmelidigini belledi. Munuň özi welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginiň möhüm şertini emele getirýär diýip, milli Liderimiz nygtady we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
    Milli Liderimiz Hasyl toýy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Ekerançylara bagyşlanan dabaralar döwrüň ruhuna laýyklykda türkmen toýuna mahsus derejede guralmalydyr.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy.
    Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerinde durmuşa geçirilýän çäreler, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
    Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň pagtaçylyk hojalyklarynda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, ýyllyk şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Munuň üçin milli Liderimiziň aladasy bilen daýhanlara gelip gowşan kuwwatly tehnikalar öndürijilikli işledilýär. Şol bir wagtyň özünde ak ekinlere ideg etmek, beýleki ekinleriň hasyldan boşan ýerlerinde şüdügär sürümi geçirmek işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.
    Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada habar berdi. Degişli düzümler bilen bilelikde baýramçylygyň medeni maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy.
    Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, topragyň önümçiligiň esasy şerti bolup durýandygyny, şol sebäpli hem ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň wagtyň synagyndan geçen, ylmy taýdan esaslandyrylan usulyýetler boýunça geçirilmelidigini nygtady. Häzirki wagtda pagta ýygym möwsüminiň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy bilen baglanyşykly ähli meseleler berk üns merkezinde saklanylmalydyr, munuň üçin ähli mümkinçilikler doly peýdalanylmalydyr.
    Döwlet Baştutanymyz şu günlerden agrotehniki çäreleri geçirip, geljek ýylyň möwsümine taýýarlyga başlamagyň, sürüm işlerine guramaçylykly girişmegiň zerurdygy barada aýtdy, şeýle hem kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmegi talap etdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
    Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu dabaralarda daýhanlaryň asylly zähmeti, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkidýän ekerançylaryň, şol sanda pagtaçylaryň gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapmalydyr.
    Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam edip, paýtagtymyzda baýramçylyk çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işlere ünsi çekdi.
    Oba hojalyk ýylynyň jemlerini jemleýän Hasyl toýy oba zähmetkeşleriniň tagallalary bilen türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bol nazy-nygmatyny, şeýle hem ata-babalarymyzyň wesýet eden ruhy gymmatlyklaryny we däp-dessurlaryny alamatlandyrýar. Şol sebäpli hem bu baýramçylyk türkmen halkynyň jebisligini hem-de zähmetsöýerligini, Watanymyzyň beýik gazananlaryny hem-de ýeten belent sepgitlerini dabaralandyrmalydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
    Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň edermen daýhanlarynyň «ak altynyň» 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda ilkinji bolup, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendiklerini aýtdy.
    Welaýat boýunça «ak altynyň» bol hasylyny öndürmekde etraplaryň pagtaçylyk hojalyklarynyň, öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň, mehanizatorlaryň we beýleki oba hojalyk işgärleriniň her biriniň mynasyp goşandy bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
    Oba hojalyk pudagyny ýokary depginde ösdürmek ugrunda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň, ýerden we suwdan tygşytly peýdalanmagyň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň we ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň özgertmeleriň baş maksady bolup durýandygyny aýtdy.
    Oba zähmetkeşleri, şol sanda pagtaçylar, olaryň öndürijilikli zähmeti üçin döwlet tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär diýip milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Kuwwatly oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar, daýhanlar ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen doly üpjün edilýär. Şunlukda, suw üpjünçiligi, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak işlerine möhüm ähmiýet berilýär.
    Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň önümçiligiň, şol sanda pagtaçylygyň ösmegine, oba ilatynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň ekerançylaryny ajaýyp zähmet ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady we Gutlaga gol çekip, ony sanly ulgam arkaly häkime iberdi.
    Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň häkimine gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny doly ýygnap almak ugrunda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy we beýleki welaýatlaryň häkimlerine pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmeklerini arzuw etdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösdürmegiň bähbidine giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.