Milli manat — döwletliligiň nyşany

    Türkmen halky pula halallygyň, döwletliligiň, arassalygyň, päkligiň nyşany hökmünde garaýar. Munuň özi gadymdan gelýän mukaddes ýörelgedir. Şeýlelikde, bu gün halkymyz milli pula ýurdumyzyň Döwlet baýdagy, Döwlet senasy bilen bir hatarda, Garaşsyzlygymyzyň nyşany bolan mukaddeslik hökmünde sarpa goýýar.
    Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady we onuň şaýlyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi.
    Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi gönüden-göni pul bilen bagly bolan birnäçe meseleleri çözmegi talap etdi, olardan manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini ýola goýmak, manadyň goraglylygyny üpjün etmek, satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak ýaly çäreleri görkezmek bolar. Milli manadyň hümmetiniň durnukly derejede saklanmagy bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň wajyp guraly, şol bir wagtyň özünde-de, şerti bolmagynda galýar.
    Milli pul birligimiziň durnukly hereket etmegi köp babatda ýurdumyzyň bank ulgamynyň işjeňligine, onuň müşderilerine hödürleýän amallarynyň we hyzmatlarynyň görnüşlerine, hiline, şonuň ýaly hem töleg-hasaplaşyk işiniň ýola goýluşyna we oňa yzygiderli gözegçilige baglydyr.
    Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, milli manadymyzyň hümmetini mundan beýläk-de durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hil taýdan halkara derejelere çykarmak, bütindünýä maliýe-ykdysady çökgünliginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny bank işine ornaşdyrmak bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar. Häzirki döwürde bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçylygynda dünýäniň ösen döwletleriniň we halkara maliýe-karz guramalarynyň baý tejribesini öwrenmek arkaly, degişlilikde, ýurdumyzyň bank ulgamyna ornaşdyrmak hem-de bank hünärmenleriniň hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy ýaly guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çägi has-da giňeldildi.
    Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimizde karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bank kartlarynyň sany artdyrylýar, şeýle-de bankomatlaryň we töleg terminallarynyň giň tory hereket edip, olaryň bökdençsiz işlemegi ýola goýulýar. 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýynda jemi 3,2 million bank karty bolup, şu ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýynda olaryň sany 3,7 milliondan geçdi, ýagny 9 aýyň dowamynda 16 göterim artdy. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan ýurdumyzyň bank ulgamyna giňden ornaşdyrylýan bank kartlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigini aňladýar. Netijede geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24 göterim ösüş gazanyldy.
    Bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, olar jemgyýetimize giňden ornaşdyryldy. Häzirki wagtda bank ulgamy tarapyndan ýurdumyzyň çäginde raýatlarymyza «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredilen.
    Ilatyň zähmet haklary, kömek pullary, pensiýalar, talyp haklary, degişlilikde, «Altyn asyr», «Millikart» bank kartlaryna geçirilýär. Ýurdumyzyň karz edaralary we olaryň ähli şahamçalary tarapyndan raýatlaryň «Altyn asyr» we «Millikart» bank kart hasaplaryndaky galyndy pul serişdelerine ýyllyk azyndan 5 göterim girdeji hasaplanýar we tölenýär. Bu amatlyklar raýatlarymyza goşmaça girdeji çeşmesi bolup durýar.
    Bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän hasaplaşyklaryň beýleki görnüşi «Maşgala» bank kartydyr. «Maşgala» bank karty «Altyn asyr» ýa-da «Millikart» bank karty hasabyna birikdirilmek bilen, müşderiniň islegine baglylykda maşgala agzalaryna, şol sanda, ýedi ýaşdan uly bolan çagalara açylyp bilner. Müşderiniň arzasy ýa-da «Internet-bank» ulgamy arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilen. «Maşgala» bank karty çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almaga, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda hasaplaşyklary geçirmäge, «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlary arkaly karzlaryň esasy bergisini gaýtarmaga we hasaplanan göterimi tölemäge, öý telefonunyň, öýjükli telefon, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga hem-de bank kartynyň galyndysyny bilmäge amatly mümkinçilikleri döredýär. «Maşgala» bank kart hasaplaryndaky galyndy pul serişdelerine hem, «Altyn asyr» we «Millikart» bank kartlarynda bolşy ýaly, ýyllyk 5 göterim hasaplanýar we tölenýär.
    Ýurdumyzyň çäginde hereket edýän bank kartlarynyň ýene bir görnüşi «Goýum bank karty» bolup durýar. Bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, şol sanda ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli ulanmaklary we girdejilerini has-da artdyrmaklary üçin «Goýum bank karty» işjeň gural hasaplanylýar. «Goýum bank kartynyň» eýeleriniň galyndy pul serişdelerine degişlilikde, 5-7 göterim möçberinde ýyllyk göterim hasaplanýar we tölenýär.
    Goýumlara tölenilýän göterimler, bir tarapdan, müşderileriň erkin pul serişdelerini, goýumlara goýmak arkaly, goşmaça girdeji gazanmaklaryna şert döredýän bolsa, beýleki tarapdan, banklar üçin dolanyşykdaky puluň mukdaryny dogry kesgitlemäge, milli manadymyzyň hümmetini durnukly derejede saklamaga mümkinçilik berýär, ýagny işjeň bank amallarynyň goşmaça çeşmesi bolup çykyş edýär. Şeýle hem «Goýum bank kartynyň» eýelerine islendik möçberde nagt pul goýmak, töleg terminallaryndan, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryndan peýdalanmak arkaly nagt däl görnüşde tölegleriň dürli görnüşlerini amala aşyrmak, zerur halatynda kartdan nagt puly almak, bankomatlar ýa-da internet ulgamy arkaly goýumdaky puluň we toplanan göterimiň möçberini bilmek mümkinçiligini döredýär.
    Mundan başga-da, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän «VISA» we «MasterCard» halkara töleg kartlary hem işjeň hereket edýär. Dürli görnüşli «VISA» ( Classic, Business, Gold) we «MasterCard» (Maestro, Standart, Business, Gold) halkara töleg kartlaryny peýdalanmak arkaly daşary ýurtlara okuwa, iş saparlaryna, şeýle hem syýahata gidilende, nagt puly götermek, olar barada biynjalyk bolmak meseleleri aradan aýrylýar. Dükanlarda harytlara, hyzmat edilýän nokatlarda edilen hyzmatlara tölegleri amala aşyrmak üçin degişli töleg terminallarynyň üsti bilen çalt hasaplaşmaga mümkinçilik berýär.
    Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky «VISA» hem-de «MasterCard», Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky «VISA», «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky «MasterCard» halkara töleg kartlarynyň emitent banklary bolup çykyş edýär.
    Şeýle hem ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ilata hödürlenilýän nagt däl hasaplaşyklaryň hilini ýokarlandyrmak we gerimini giňeltmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde, QR-kod hyzmaty, galtaşyksyz töleg hyzmaty arkaly hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin hem degişli işler alnyp barylýar.
    Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlary arkaly hakyky wagt tertibinde hasaplaşyklary geçirmek üçin «Internet-bank», şol sanda «Mobil-bank» ulgamlary hem hereket edýär. Her bir raýat degişli karz edarasyna baryp, şahsy bank hasabyny «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly bu hyzmatlaryň amatlyklaryndan peýdalanyp bilýär.
    Bank kartlary arkaly amala aşyrylýan hasaplaşyklaryň görnüşiniň we geriminiň artmagy nobatlarda durulýan wagtyň tygşytlanmagy, ýolda sarp edilen wagtyň tygşytlanmagy netijesinde zähmet öndürijiligini artdyrmaga we serişdeleriň tygşytlanmagyna itergi berýär.
    Dünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde ýurdumyzy mundan beýläk-de gülläp ösüşiň mekanyna öwürmek wezipesinden ugur alýan döwlet strategiýasynda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige aýratyn ähmiýetiň berilmeginde uly many bar. Çünki sanly ykdysadyýet ösüşiň täze hil derejesine geçmäge, milli ykdysady ösüşiň çaltlanmagyna, ilata hödürlenýän sanly hyzmatlaryň görnüşleriniň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen häsiýetlenýär.
    Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler türkmen manadynyň durnukly ösüşe täsirini ýokarlandyrmaga, halkara gatnaşyklary täze derejä çykarmaga, döwletiň ykdysady kuwwatyny has hem berkitmäge, ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny mundan hem gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge ähli amatlyklary döredýär.
    Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bize şeýle ajaýyp zamanamyzda netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!