Türkmengalalylaryň zähmet üstünligi

    Ýetişdirilen bereketli pagta hasylyny gysga möhletde, zaýasyz ýygnap almak barada hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna öndürijilikli zähmet bilen jogap berýän Murgap jülgesiniň edermen hasyl ussatlary pagta ýygymynyň depginini barha ýokarlandyrýarlar. Muny welaýatyň etraplarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen amal etmeklerinde-de aýdyň görmek bolýar. Türkmengala etrabynyň pagtaçy kärendeçileri we ýer eýeleri özleriniň döwlete «ak altyn» hasylyny tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý edip, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda uly zähmet üstünligine eýe boldular.
    Etrabyň pagtaçylary şu ýyl 14700 gektar meýdana gowaçanyň biziň şertlerimizde ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Ýolöten — 45», «Ýolöten — 46» hem-de inçe süýümli «Ýolöten — 14» görnüşlerini ekip, bereketli hasyl ýetişdirdiler. Türkmengalaly pagtaçylaryň Watanyň «ak altyn» harmanyna goşan pagta hasyly 32 müň 400 tonnadan geçdi. Ýörite iş meýilnamasyna laýyklykda, ähli işleriň takyk we sazlaşykly guralmagy, etrabyň şertnamalaýyn borçnamasyny gysga möhletde berjaý etmegine şert döretdi. Daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny çalt we zaýasyz ýygnap almakda hem-de Watan harmanyna tabşyrmakda aýry-aýry daýhan birleşikleriniň pagtaçy kärendeçileri tapawutlandylar. «Täze daýhan», «Ýeňiş», «Soltanýap» daýhan birleşikleriniň kärendeçileri hem-de pagta ýygýan kombaýnlara ussatlyk bilen erk edýän kombaýnçylary aýratyn zähmet göreldesini görkezdiler. Bereketli pagta hasylyny gysga möhletde zaýasyz ýygnamak üçin ösen döwletlerden ýokary öndürijilikli pagta ýygýan kombaýnlar, beýleki ýöriteleşdirilen mehanizmler satyn alynýar. Şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminiň öň ýanynda hem pagtaçylara kombaýnlar gelip gowuşdy. Ýygymda işledilýän kombaýnlara edilýän tehniki hyzmat gös-göni iş üstünde guralýar. Etrapda pagtaçylar bilen hasaplaşygyň bada-bat geçirilmegi hasyl ussatlarynda begenç hem buýsanç duýgusyny döredýär.
    Şu gyzgalaňly günlerde medeniýet, sungat işgärleri pagtaçy kärendeçileriň arasynda ýygy-ýygydan myhmançylykda bolup, göwün göteriji çykyşlary bilen oba adamlaryna hezil berýärler, zähmet adamlarynyň armasyny ýetirýärler. Geçirilýän medeni çärelerde pagta ýygymynda has öňe saýlanýan kärendeçilere, kombaýnçylara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Günortan arakesmesinde meýdan düşelgesinde dynç almak üçin döredilýän ýokary derejäki şertler pagtaçylar barada irginsiz alada edilýändigi aýdyň görkezýär.
    Gazanylan zähmet üstünligi mynasybetli, etrabyň Medeniýet öýünde hormatly ýaşulularyň, mährem eneleriň, öňdebaryjy kärendeçileriň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler etrabyň oba zähmetkeşleriniň ýeten arzyly sepgitleri mynasybetli, gutlag sözlerini aýtdylar. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýyldan başlap, bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak barada kabul eden resminamalarynyň kärendeçileriň we ýer eýeleriniň zähmete bolan hyjuwynyň has-da artdyrandygyny bellediler. Ýurdumyzyň obasenagat pudagynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, toprakdan bol hasyl almak barada döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler. Maslahatda öňdebaryjy kärendeçilere milli Liderimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
    Şertnamalaýyn borçnama berjaý edilen hem bolsa, etrabyň hasyl ussatlary meýdandaky hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagy maksat edinip, öndürijilikli zähmet çekýärler. Ýygnalýan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalaryna bökdençsiz daşalýar. Öndürilen pagta hasyly hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen etrapda gurlan kämil tehnologiýaly pagta arassalaýjy kärhanada gaýtadan işlenilip, ýokary hilli süýüm öndürilýär. Şol süýümler bolsa dokma kärhanalary üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär we bereketli topragymyzda ýetişdirilen ekologiýa taýdan arassa pagtadan öndürilen ýokary hilli önümler ýurdumyzyň içerki hem-de dünýä bazaryna çykarylýar.