Şa sowgady — rowaçlygyň nyşany 

    Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Gahryman Arkadagymyzyň şu muzeýiň Prezident muzeýi bölümine sowgat beren welosipedi — Şa sowgady mynasybetli dabara geçirildi. Oňa aýdymçylar, artistler, kitaphanaçylardyr muzeý işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
    Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly Şa sowgady medeniýet we sungat işgärlerini hem diýseň begendirdi. Şeýle gymmatly sowgadyň Döwlet muzeýine berilmeginiň çuňňur manysy bar. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýar. Olary bütin dünýäde wagyz etmäge hem uly mümkinçilikleri döredýär. Beýleki bir tarapdan, welosiped sportuň bütin dünýäde meşhur hem giň ýaýran görnüşleriniň biri bolup, ýaşyna, kärine garamazdan, ol halkymyzda hem uly söýgä eýedir. Bu babatda milli Liderimiziň özi mynasyp görelde görkezýär. Şu ajaýyp Şa sowgady hem Gahryman Arkadagymyzyň öz süren welosipedidir. 
    — Şu gün — biziň ählimiz üçin diýseň şatlykly gün. Hormatly Prezidentimiziň Döwlet muzeýine Şa serpaýyny bermegi buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Munuň ajaýyp manysy ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Welosiped sürmek adamyň ruhubelent, şähdaçyk, şadyýan bolup, uzak ömür sürmegine ýardam berýär. Milli Liderimiziň Döwlet muzeýine beren bu gymmatly sowgady ähli halkymyza berlen ajaýyp sowgatdyr. Çünki ýurt Baştutanymyzyň her bir tutumly işi il bähbidine beslenýär. Biz hem teatrymyzda sahnalaşdyrylýan eserleriň üsti bilen şeýle beýik işleri wasp edip, bize bildirilýän belent ynam mynasyp iş bilen jogap bermäge çalyşýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun! — diýip, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Aýsoltan Kowusowa öz çykyşynda belledi. 
    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow bu toý günündäki şatlygyny paýlaşanda şeýle diýdi: 
    — Gahryman Arkadagymyz şeýle Şa sowgatlaryny biziň Döwlet muzeýimiziň Prezident muzeýi bölümine yzygiderli berip durýar. Olaryň arasynda sport ulaglarynyň beýleki görnüşleri-de, saz gurallary hem bar. Bu günki Şa sowgady hem aýratyn gymmatly sowgatlaryň biridir. Ol ilki bilen, ynsan saglygy, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sagdyn nesilleri ýetişdirmek bilen baglydyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň özi ählimize mynasyp görelde görkezýär. Sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, welosiped görnüşi hem ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny terbiýeleýär. Her ýylyň 3-nji iýunynda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli geçirilýän welosiped ýörişine ildeşlerimiziň müňlerçesi gatnaşýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde welosiped sportuna bolan söýgi gün-günden artýar. Onuň bilen meşgullanmaklyga ähli mümkinçilikler hem şertler bar. Diýarymyzda sport desgalary yzygiderli gurulýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny dileg edýäris.
    Soňra dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Döwlet muzeýine sowgat beren welosipedi bilen golaýdan tanyşmak üçin muzeýde gezelençde boldular. Şa sowgatlarynyň arasynda welosipedleriň birnäçesi bolup, bambukdan ýasalan täze sowgat berlen welosiped hem görnükli orunda ýerleşdirilipdir.