Alyslary ýakyn eýläp

    Daşary syýasat içerde başlanýar. Ýurduň halkara tagallalary halkyň abadan durmuşyny üpjün etmek babatdaky döwletli işleriň gönüden-göni dowamydyr. Bu işleriň bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen barha giň gerim alýandygyna üstümizdäki aýyň wakalary-da doly güwä geçýär. Aýyň başynda Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary derejede guraldy. Hormatly Prezidentimiz 21 — 23-nji oktýabrda Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. 25-nji oktýabrda bolsa döwlet Baştutanymyz Bakuwda bolup, Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşdy hem-de çuňňur manyly çykyş etdi. Ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamad bilen 27-nji oktýabrda geçirilen ýokary derejeli gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypalary açdy. Bular daşary syýasatyň aýry-aýry wakalary bolsa-da, ählisi biri-biriniň üstüni ýetirýär, milli Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň barha giň gerim alýandygyny aýan edýär.
    Daşary ýurtlara amala aşyrylýan saparlara ser salanyňda, milli Liderimiziň hut özüne mahsus iş usulyna göz ýetirýärsiň: gysga möhlete uly işleri sygdyrmak, öter pursada ötmejek many gatmak, her bir mümkinçiligi halkyň bähbidine gönükdirmek. Şu aýratynlyk Ýaponiýa sapar wagtynda-da aýdyň ýüze çykdy. Saparyň maksady Ýaponiýanyň Imperatorynyň tagta çykmak dabarasyna gatnaşmakdan ybarat bolsa-da, hormatly Prezidentimiz, ýapon halkynyň toý şatlygyny paýlaşmak bilen bir hatarda, ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşmaga-da, dostlukly ýurtda bilim alyp ýören türkmen ýaşlarynyň halyndan habar alyp, gymmatly pent-nesihatlaryny bermäge-de, ýurduň iri işewürleri bilen hyzmatdaşlygyň geljekki sepgitleri hakda pikir alyşmaga-da, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe, Parlamentiň wekiller palatasynyň başlygy Tadamori Oşima bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga-da wagt tapdy. Gahryman Arkadagymyza Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory diýen ylmy adyň berilmegi bolsa ylym-bilim, ynsanperwerlik ugrunda bitirilen haýyrly-hikmetli işlere mynasyp baha boldy.
    Elbetde, saparyň wakalary barada gazetimizde yzygiderli habar berildi. Ýöne her bir sapar meýilleşdirilen wakalardan daşgary, ýurduň ýeten sepgitleri bilen, medeniýeti, tebigaty, ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşmaga, iki halky ýakynlaşdyrýan esaslara ýakyndan göz ýetirmäge hem mümkinçilik ahyry!
    Şoňa görä-de, döwletli-derejeli sapara dahylly eden Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, uzak Gündogarda gözde galan, göwünde galan görnüşleri serimizde aýlap, oý-pikirlerimizi, täsirlerimizi okyjylar bilen paýlaşmagy müwessa bildik.
                                                ***
    Günüň dogýan ýurdy bolandygyndandyr, elbetde. Ýaponiýada iň gowy zatlar Gün bilen baglanyşdyrylýar...
    Öňem bir oglanjyk Günüň huzuryna baryp, ondan: “Tümlügi gördüňmi?” diýip sorapdyr. Günüň “ýok” diýenine mähetdelem, garaňkylygy görkezmek üçin Günüň saryja elinden tutup, dagyň gowagyna eltipdir. Oglanjyk gowaga aýagyny atypdyr-da, gözedürtme garaňkylykdan Güne: “Ine, meniň diýýän tümlügim” diýip gygyrypdyr. Gün: “Hany?” diýip, gowaga boýnuny uzadan dessine, müňlerçe ýyl bäri garaňkylygyna duran gowagyň içi ýap-ýagty bolupdyr. Oglanjyk bu ýagdaýa allaniçigsi bolsa-da, gowagyň içiniň ýagtylmagyna Günüň sebäpkärdigini bilmändir.
    Ýaponlar ir döwürlerden bäri ertekipisint şu tymsaly çagalarynyň aňyna guýupdyrlar. Dostlugy Güne meňzedip, onuň boýnuny uzadan ýerinde diňe nuranalygyň, röwşenligiň döreýändigini nygtap, nesillere dostlaşmagy, doganlaşmagy sargapdyrlar.
    Türkmeniň asyl ýol-ýörelgesi hem dostluk-doganlyk, agzybirlik. Ine, şu ýerdenem iki halky birleşdirýän birgiden duýgy-düşünjeleriň, gymmatlyklaryň asyrlary aşan baglanyşygy başlanýar...
                                                ***
    Adatça, geljege gönügen innowasion ösüşleriň mekany hasaplanýan Ýaponiýada saparda bolmagy “XXII asyra syýahat” diýibem atlandyraýýarlar. Ýöne bu ýerde diňe geljege däl, ençe-ençe asyrlary aralap, düýne hem gidip boljak eken. Biz Ýaponiýanyň täze Imperatory Naruhitonyň 22-nji oktýabrda bolan tagta çykmak dabarasyndan söz açmakçy bolýarys.
    Hrizantema tagty, Güneş şalygy diýibem atlandyrylýan Ýapon imperatorlygy ýapon halkynyň 1500 ýyllyk taryhyny özünde jemleýär. Ol dünýäniň häzire çenli dowam edip gelýän iň gadymy imperatorlygydyr. Diýmek, Imperatoryň tagta çykmak dabarasy — halkyň on bäş asyrlyk arzuw-umydy, ygrar-ynanjy, kada-kaýymy, däp-dessurdyr ýol-ýörelgesi bilen baglanyşykly dabara. Imperator — döwletiň simwoly! Halkyň bitewüliginiň simwoly! Şoňa görä-de, bu dabaranyň äheň-ähmiýeti hemişe-de uludan tutulýar. Bu gezek oňa dünýäniň alys-ýakyn ýurtlaryndan myhmanlaryň iki müňden gowragy gatnaşdy.
    Dabarada gylyç, aýna, göwher bilen bagly däp-dessurlara orun berilýär. Ýapon düşünjesine görä, gylyç adyllygyň, aýna hakykatyň, göwher jomartlygyň nyşanydyr.
    Milli Liderimiz Imperatoryň tagta çykmak dabarasyna gatnaşmak bilen, bu dabarada uzak ömri arzuwlaýan däp bolan «Banzaý!» ýapon arzuwynyň türkmenleriň bähbitli işlere çagyryş hökmünde ýygy ulanýan «Öňe!» diýen şygary bilen meňzeşdigini belledi.
    Ýaponlarda täze Imperatoryň tagta çykmagy bilen täze eýýam başlanýar. Ýaponlar täze eýýamyny “Reýwa” diýip atlandyrýarlar. Gadymy ýapon şygryýetinden alnan bu söz “gözellik we sazlaşyk” diýmegi aňladýar.
    Ýaponlarda — Reýwa!
    Türkmenlerde — Rowaçlyk!
    Ýol bolsun!
                                                ***
    Her döwrüň öňe çykaran düşünjeleri, adalgalary bolýar. Düşünjelerdir adalgalar bolsa döwrüň ykdysady rejesinden-derejesinden nyşan. Soňky döwürlerde, özi-de döwletara gatnaşyklarda innowasiýa, ýokary tehnologiýalar, maýa goýumlar, diwersifikasiýa, strategik hyzmatdaşlyk ýaly sözleriň, düşünjeleriň nähili işjeňleşendigine, asyl-ha, olaryň diňe dilimize däl, durmuşymyza çuňňur ornaşandygyna aň edýäňizmi?! Diňe aň etmekmi, biz indi gündelik durmuşymyzda olaryň hözirini, miwesini hem görüp ýörüs. Muňa türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mysalynda-da göz ýetirip bolýar.
    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa ilkinji gezek 2009-njy ýylyň dekabrynda sapar edipdi. Diýmek, ýakynda, 21 — 23-nji oktýabrda amala aşyrylan sapar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň täze taryhynyň 10 ýyllygyna hem özboluşly ser salma-seljerme boldy diýsek, ýalňyş bolmaz. Şu geçen 10 ýylyň netijeleri Uzak Gündogar ýurdy bolan Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň nähili ýakynlaşandygyny aýdyň görkezýär. Gysga wagtda uly menzilleriň geçilendigine göz ýetirmek üçin Maryda, Garabogazda, Gyýanlyda, Owadandepede gurlan, bahasy milliardlarça amerikan dollaryna barabar bolan ägirt uly senagat toplumlaryny synlamaly!
    Ýaponiýanyň iň abraýly bilim ojaklarynda okap, döwrüň-durmuşyň talabyna laýyk hünärleri öwrenip ýören ýaşlarymyz bilen gürrüňdeş bolup görmeli!
    Aşgabat — Tokio aralygynda göni howa gatnawynyň açylmagy bilen, ha işewürlik, ha syýahatçylyk, barha pür-pudak ýaýradýan gatnaşyklaryň gerimini görmeli!
                                                ***
    Yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň Çyn-Maçyndan başlanandygy taryhy hakykat. Täze ylmy barlaglar bolsa onuň hut ýapon topraklaryna hem baryp ýetendigini tassyklady. Ýaponiýanyň Hara şäheri bu taryhy ýoluň iň gündogar nokady hasaplanylýar...
    Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen kültem-kötel menziller söken kerwenleriň gymmatynyň gabaraly horjunlaryndaky del-düregeý harytlarda bolandygy belli. Häzirki zamanda bolsa halklar arasyndaky kerwenleriň ähmiýeti olaryň horjunlaryndaky çözgütdir ylalaşyklarda, ikitaraplaýyn resminamalarda, iki halka, sebite, adamzada bähbit getirjek pikir-ideýalarda, öňdebaryjy tejribelerde! Ine, Ýaponiýa sapar eden türkmen kerweni hem döwletli tutumlardan ýüküni tutup geldi. Bu saparyň dowamynda geçirilen gepleşiklere, gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, bilelikdäki taslamalaryň ýene-de ençemesi amala aşyrylar.
    Gürrüň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň ýer gazyjy tehnikalaryny ýurdumyza getirmek barada barýar!
    Gürrüň «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň awtoulag serişdelerini satyn almak barada barýar!
    Gürrüň iri ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän häzirki zawodyň netijeleriniň esasynda ikinji toplumyny gurmak barada barýar!
    Gürrüň Türkmenistanda ammiak we karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygyny amala aşyrmak barada barýar!
    Gürrüň Türkmenabatdaky himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor dökünini öndürýän önümhanany gurmak barada barýar!
    Saparyň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem onlarçasynyň Tokioda bolup, işewürler maslahatyny geçirmekleri köpugurly hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açdy. 
                                                ***
    Birwagtlar Garagumuň jümmüşindäki obalaryň birinden paýtagta gelen ýaşulularyň biri hakynda eşidipdim. Ol şäheriň bir ýan çetinden girişine, asylky edähedi bilen, öňünden duşana baş atyp, salam berip barýarmyş. Şäherli garyndaşy: “Her duşanyňa salam berseň, geň görerler. Diňe tanaýan adamyňa salam berseň hem bolar” diýende, ýaşuly ör-gökden gelipdir: “Heý, Taňry bendesi bilen ýüzbe-ýüz bolubam, salamsyz ötüp bolarmy?!”.
    Tokionyň köçelerinde, ulaglarynda, myhmanhananyň zallarynda her duşanda ýylgyryp salam berýän ýaponlar, näme üçindir, uzak Garagumdaky şo-ol ýaşulyny ýadyma saldy...
    Ýaponlar duşuşanlarynda ýylgyrýarlar. Gürleşenlerinde ýylgyrýarlar. Hoşlaşanlarynda ýylgyrýarlar. Hatda, aýdylyşy ýaly, gussaly wagtynda hem gaýgy-gamyň göni gözüne garap, ýylgyrmagy başarýarlar. Asyl, bu olara çagalykdan — gözi gara düşen uçurlaryndan ýörite öwredilýär eken.
    Diňe ýylgyryp oňmakmy, baş atybam däl, tutuş göwresi bile baş egip salamlaşýan ýaponlaryň mähribanlygy aňyrdan. Ýaponlaryň irki şahyrlarynyň biriniň öz ilini: “Mährini Günden, giňligini Ýuwaş ummandan alan” diýip wasp etmesi ýöne ýere däl bolarly. Asyl, olaryň durmuşyň gerdiş-gerdanynda dürli synaglarda baş egmän geçip bilmeginiň syry-da biri-birini baş egip, sarpalap bilýändiklerinde bolsa gerek.
    Ýeri, özüni Hajenore Kondo diýip tanyşdyran, myhmanhananyň hyzmata gaýym işgärleriniň biriniň girsek-çyksak türkmençeläp: “Salam”, “Armaň!”, “Gowumy ýagdaýlaryňyz?!” diýip, göwnühoş hal-ahwal soraşmasyna näme diýersiň?! Hormatly Prezidentimize Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory diýen ylmy adyň berilmegi mynasybetli geçirilen dabara ýapon talyp gyzlarynyň biriniň başy gültahýaly, gyzyl-çog türkmen lybasynda gelmegi-de sende nähilidir bir ýakymly täsirleri döredýär. Bu eýýäm ýakynlykdan, birek-birege gadyr-gymmatdan nyşan.
    Belki, bu pursatlar uly saparyň söhbedinde iňňän ýönekeýje wakalardyr?! Ýöne şowhun-şoh baharyň görküniň kindiwanja güllerdedigini kim inkär eder?!
                                                ***
    Ýaponiýa döwleti jemi içerki önümiň möçberleri babatda dünýäde öňdebaryjylaryň biri. Eksportda dördünji, importda altynjy orunda. Dünýä ykdysadyýetiniň üçünji iri merkezi. Bu ösüşleriň binýadynda bolsa hut ylym-bilimiň durandygy şübhesiz.
    Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň köp Nobel baýragyna eýe bolanlaryň bu ýurtdandygy bellenilmäge mynasypdyr. Ýaponiýada her ýylda dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan ylmy-barlaglara milliardlarça amerikan dollary sarp edilýär. Häzirki wagtda Ýaponiýada uniwersitetleriň 1200-den gowragy hereket edýär. Olaryň 141-si milli uniwersitet, 105-si döwlet uniwersiteti, galan 955-si bolsa hususy uniwersitetlerdir. Dünýäniň iň gowy ýüzlügine goşulýan ýapon uniwersitetleriniň sany yzygiderli artýar.
    Eýeleýän wezipesine, kärine, bilimine seretmezden her bir ýaponyň bir ýa-da iki sany daşary ýurt dilini bilmegi zerurdyr. Ýurduň islendik ýerinde diňe bir ýapon dilinde däl, eýsem, iňlis dilinde hem düşünişip, gürleşip bolýar.
    Ýurtda amala aşyrylýan Tehnopolis maksatnamasy ýurdy ösen tehnologiýalar, nanotehnologiýalar, bilimler ýurduna öwürmekden ybaratdyr.
    Ösüşiň möhüm esaslarynyň biri-de, wagtyň gymmaty, wagta bolan garaýyş bilen bagly bolarly. Wagtyň näderejede sarpaly tutulýandygyna bolsa sekundyň ýüzden bir bölegini ölçeýän enjamyň hut şu ýurtda oýlanyp tapylandygy-da görkezýär. Ol ilkinji gezek 1964-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ulanyşa girizilipdi. Wagty tygşytlaýan köp sanly tehnologiýalaryň, ýelden ýüwrük otlularyň, ulaglaryň şu ýurtda ulanyşa girizilmegini-de wagtyň gymmaty bilen baglanyşdyryp bolar. Aýdylyşyna görä, Ýaponiýa jemgyýetçilik ulaglarynyň wagtyndan bir minut gijikmesini hem kadadan çykma hasaplaýan ýeke-täk ýurtdur, megerem.
                                                ***
    Tokionyň köçeleri bilen barşyňa, göýä, asmandan asyl-asyl bolup, magallaklap duran howalaly binalar, gat-gat ýollar daşyňy gurşap alýar...
    Bu ýere gaýtmazymyzyň öň ýanynda Garagumuň jümmüşinde, has anygy, ýarym asyr bäri alawlap duran “Garagum ýalkymynyň” degresinde gabatlaşan ýapon syýahatçylaryny ýatlaýaryn. Olaryň näme üçin gatbar-gatbar jaýlardan çykaga-da, özlerini alys sähranyň gujagyna atmaklarynyň, näme üçin kaşaň awtoulaglardan düşäge-de, türkmen bedewine atlanyp, düýä münüp görmäge ymtylmaklarynyň, näme üçin müňde bir nygmata derek sähra tagamlarynyň yşkyna düşmekleriniň syryna-sebäbine hut şu ýerde has ýiti düşünip galýarsyň.
    13 milliondan agdyk ilaty özünde jemlän Tokio dünýäniň iň gür, şol bir wagtyň özünde-de örän tämiz şäherleriň biri. Aýdylyşyna görä, bu ýerde çagalaryň heniz mekdep döwründe öz oturgyçlaryny, okuw otaglaryny özlerine tämizledip, arassaçylyk düşünjesini olaryň aňyna daşa ýazylan ýaly edip guýýar ekenler.
    Çawy älemi baglan ahalteke bedewleriniň arzysy Ýaponiýada-da ýetik eken. Bu ýerde hem ahalteke bedewlerini saklaýan hojalyklar bar. Şu ýylyň maýynda bolsa Ýaponiýada ilkinji ahalteke taýçanagynyň doglandygyny aýdýarlar.
    Türkmen bedewlerini Ýaponiýada “Altyn atlar” diýip atlandyrýarlar. Birnäçe ýyl ozal bu bedewleriň hormatyna Tokioda ýörite at çapyşyklary hem geçirilipdir. Tokionyň aýlawyna hut ahalteke bedewiniň heýkeliniň ýaraşyk berýändigine neneň guwanmarsyň!
     ...Ine-de, Tokionyň demir ýol menzilleriniň biriniň deňinden geçip barşyňa, nazaryň hem tanyş, hem nätanyş heýkelde eglenýär. Hawa, bu şol, aradan çykan eýesine dokuz ýyllap garaşan, her gün demir ýol menziline gelip, onuň ýoluna garan, ady rowaýata öwrülen wepadar itiň — Hatikonyň heýkeli. On ýyl çemesi wagt mundan ozal bu barada düşürilen “Hatiko. Iň wepaly dost” atly tolgundyryjy film köpüň ýadyndadyr, meger... Ine, men şol ite bagyşlanyp gurlan heýkeli synlap durun. Adamlaryň biri gitse, beýlekisi gelip, bu heýkeliň ýanynda surata düşýär...
    Şu pursat, näme üçindir, aralykda müňlerçe kilometriň ýatandygyna garamazdan, özümi Aşgabatda ýaly, Olimpiýa şäherçesinde — Wepaly türkmen alabaýynyň heýkeliniň öňünde duran ýaly duýýaryn. Dek düýn hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” kitabyny sowgat alan talybyň “Kitaby elime alyp, bir pursat howlusy alabaýly öýümize dolanan ýaly boldum. Kitaby ýapon mugallymlarymyza hem görkezmäge howlukýaryn. Olar türkmen bedewi, alabaýy bilen çyndan gyzyklanýarlar” diýen sözlerini aňymda aýlaýaryn...
                                                ***
    Bizi myhman alan “Chinzanso Tokyo” myhmanhanasynyň degre-daşy seýranly-serçemenli, “Gün düşmeýen ter öleňli” bagy-bossanlyga — ymgyr seýilgähe ulaşyp gidýän eken. Onuň bir çetinden aýak basanyň aňry çetinden aşyk bolup, şahyr bolup çykaýmagy daşda däl. Seýilgäh bilen tanşyp, iki halky ýakynlaşdyrýan ýene bir aýratynlygyň hut tebigat bilen, oňa inçe çemeleşiş bilen baglydygy barada oýlanýarsyň. Ýaponlar özlerini tebigatyň bir synasy hasaplaýarlar...
    Gür tokaýlyklary bilen dünýäde üçünji ýerde durýan Ýaponiýanyň çäkleriniň 66 göterimden gowragyny ýaşyl bossanlar tutýandygyna garamazdan, edil biziň ýurdumyzdaky ýaly, her bir adamyň agaç ekmegi, bu gözellige goşant goşmagy parz iş hökmünde ýola goýlupdyr. Olar ýylyň dört paslynda al-ýaşyl öwüsýän ýurtlaryny “Baky bahar” diýip söýgüleýärler.
    Ýapon halky dagyň göwsüni böwsüp gögerýän bambuk agajyny özleriniň simwolyna öwrüpdir: bu agajy uzak ýaşamagyň, sagdynlygyň, ýapon kalbynyň keşbi hasaplaýarlar. Hakykatdan hem dag-daşlaryň, tokaýlaryň, umman-u-deňizleriň gujagynda, san-sajaksyz adalaryň çylşyrymly tebigy şertlerinde ýurt tutan ýapon milleti çykalgasyz zadyň ýokdugyny, adamzat başarnygynyň çäksiz uludygyny, giňdigini, kändigini äleme ýaýýan, parahatçylykly syýasat ýöredýän myhmansöýer millet.
    Ýaponiýa robot öndürmekde-de, ony ulanmakda-da dünýäde öňdebaryjylygy eýeleýär. Emma bu ýagdaý asla-da adamlaryň robotlaşyp gidendigini aňlatmaýar. Bu ýurtda üljeleriň güllemegini arzuw-umytlarynyň güllemegi hasaplaýan, bu möwsümiň şanyna toý tutup, ony ýürekden wasp edýän halk ýaşaýar.
    Ýaponiýa awtoulag önümçiliginde ikinji orny eýeleýär. Muňa garamazdan, köpçülik ulag hökmünde welosipedi saýlap alypdyr... Elbetde, bu hem tebigata ýakynlyk, sagdynlyga ymtylyş bilen bagly bolsa gerek.
                                                ***
    Alys ýurda nesibe çekse, şol ýurduň haýsydyr bir söz ussadynyň kitabyny alyp gaýtmagyň täsiri bir başga bolýar. Eýsem näme, aýdylyşy ýaly, kitap — gaýta-gaýta açyp, görüp-guwanyp bolýan sowgat. Üstesine, ol heran-haçan gatyny açsaň, seni şol ýurda ataryp bilýän täsin ganat!
    Ynha, Watana gaýdaýmazymyzyň öň ýany Tokionyň kitap dükanynyň tekjelerine göz aýlap durun. Ýaponlaryň özleriniňem täsirli kitaplary ýetik welin, näme üçindir, ýaponlar hakynda ýazylan “Ikigai” kitaby ünsi egledi. “Iki” — durmuş, “gai” — maksat-niýet sözlerinden bolup, “ikigai” “maksatly durmuş”, “durmuşyň manysy” diýmegi aňladýar. Bu kitaby ispaniýaly awtorlar Gektor Garsiýa, Fransesk Miralles Ýaponiýanyň uzak ýaşly raýatlarynyň iň köpçülikleýin ýaşaýan ýeri bolan Okinawa adalarynda birnäçe ýyl bolup, olaryň uzak hem-de bagtly ýaşamaklarynyň syryny öwrenip ýazypdyrlar. Kitapda beýan edilişi ýaly, kiçijik zatlara şatlanyp bilmek, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak, az iýip, köp hereket etmek... — ine, ýapon pelsepesi. Ine, uzak ömrüň ýönekeý syry, uşlyby... Kitap ýaponlaryň “Diňe hemişe bir zatlara gydyrdanyp, uzak ýaşap bolar” diýen sözi bilen açylýar.
    Tokionyň köçelerinde hem “Şü-ýä togsandan-ýüzden aşyberendir” diýdirýän, ýöne eli hasasyz, galjaňdan gaýratly gojalar ýygy-ýygjam duşýar. Bu ýurtda ýaşy asyrdan agan adamlaryň 50 müňden gowragynyň ýaşaýandygyny aýdýarlar...
    “Dile geldi, bile geldi”, arada Ýaponiýada 116 ýaşly zenan Kane Tanaka ýurduň, asyl, dünýäniň iň uzak ýaşly raýaty diýlip yglan edildi. Şol günlerde bolsa Mary etrabynda ýaşaýan Ajapsoltan ene Hajyýewa 119 ýaşyny doldurdy... Muny gepiň gerdişine görä agzamagymyzyň sebäbi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly durmuş syýasatynyň netijesinde, döwletli-döwranly Türkmenistanyň hem bu gün dünýäde iň uzak ýaşly, sagdyn adamlaryň ýurduna öwrülýändigine bolan buýsanç bilen dahylly!
                                                ***
    Dostlaşmak garaýyşlaryň deň gelmeginden başlanýar. Pikirleriň meňzeşligini duýmak ony paýlaşmakdan, pikirleriňi paýlaşyp bilmek bolsa birek-biregiň diline düşünmekden başlanýar. Türkmen hem ýapon halklarynyň dürli ugurda dil tapyşyp, el-ele berip hyzmatdaşlyk etmeginiň aňyrsynda möhüm ruhy-taryhy esaslaryň bardygy röwşen geljegiň täze gözýetimlerine ýol açýar. Iki ýurduň arasynda barha berkeýän dostluk köprüleri «Ýakynyňyzdakylary şat ediň, alyslar ýakynyňyza geler» diýen gadymy Gündogar pähimini ýada salýar...
                                                            Kakamyrat REJEBOW.
                                                            Aşgabat — Tokio — Aşgabat.