STRATEGIK ÖSÜŞ UGURLY TÜRKMEN-ÝAPON GATNAŞYKLARY

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa häzirki iş sapary birek-birege ynanyşmak we netijeli häsiýete eýe bolan hem-de soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň taryhynda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu gatnaşyklar abraýly sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýär.
    Ýurtlaryň ikisi hem häzirki zaman ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleriniň birnäçesi boýunça umumy ýörelgelere we çemeleşmelere eýerýärler. Munuň özi ozaly bilen hem Merkezi Aziýada, Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde we bütin dünýäde durnuklylyk we howpsuzlyk ulgamynyň pugtalandyrylmagyna degişlidir.
    Şunuň bilen baglylykda, hemişelik Bitaraplyk derejesi 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen ykrar edilen, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlap, täze Kararnamasy bilen tassyklanan ýurdumyzyň netijeli we parahatçylyk dörediji strategiýasy möhüm ähmiýete eýedir.
    Biziň döwletlerimiz halkara hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerine, şol sanda Ýaponiýanyň «Parahatçylyk we howpsuzlyk kanunlary boýunça resminamalar toplumyna» esaslanýan «Parahatçylyk işine işjeň goşant goşmak» nukdaýnazardan ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we gülläp ösüşi üpjün etmek işinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
    Häzirki zaman şertlerinde hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze nusgasyny gurmak bilen, iki dostlukly ýurt özara ykdysady gatnaşyklaryň netijeli sazlaşygyna, döwlet ösüşiniň milli nusgalaryna we umumy abadançylygyň maksatlaryna esaslanýan giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydyklaryny görkezýärler.
    2015-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda gazanylan möhüm ylalaşyklar döwletleriň ýakynlaşmak meýillerini berkitdi. Munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada öz beýanyny tapdy.
    Aşgabada bolan bu saparyň çäklerinde iki döwletiň Liderleriniň, şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, Günüň dogýan ýurdunyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň we iri işewür wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-ýapon işewürler forumy geçirildi.
    Tutuşlygyna alnanda, bu ýokary derejede geçen gepleşikleriň jemleri boýunça we forumyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary, şol sanda umumy bahasy ABŞ-nyň 18 milliard dollaryndan gowrak bolan häzirki zaman gazy gaýtadan işleýän we himiýa toplumlaryny, Lebap welaýatynda gazturbinaly elektrik bekedini gurmak baradaky taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
    Bu ýerde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Itochu Corporation», «JGC Corporation», «Mitsubishi Corporation», «Chiyoda Corporation», «Sojitz Corporation» (Ýaponiýa), «Çalyk» we «Rönesans (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasyndaky «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň çäklerinde desgalary gurmak taslamalary hakynda Çarçuwaly ylalaşyk möhüm orny eýeleýär.
    Mälim bolşy ýaly, dünýädäki bu iri gaz ýatagy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň çig mal binýady bolar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu geljegi uly taslama aýratyn ähmiýet berýär. Bu taslama ýeňillikli karzlary bermäge Aziýanyň Ösüş banky hem işjeň goldaw berýär. Ýaponiýa hem AÖB-niň möhüm paýdarlarynyň hataryna girýär.
    2018-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) hem-de beýleki maliýe edaralarynyň arasynda baglaşylan umumy bahasy 13 milliard ýapon ýeninden we 152 million ABŞ-nyň dollaryndan gowrak bolan ýene bir Karz ylalaşygyna gol çekildi.
    Bu serişdeler Lebap welaýatyndaky gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygyna gönükdirilendir. Degişli şertnama «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň we «Sumitomo Corporation» ýapon kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy. Kuwwatlylygy 432 MWt bolan elektrik bekedini 
    «MITSUBISHI HITACHI POWER SYSTEMS, LTD» kompaniýasynyň öndüren enjamlary bilen enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
    Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň resmi wekilleriniň belleýşi ýaly, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýan önümleri öndürýän öňdebaryjy tehnologiýa esaslanýan täze häzirki zaman önümçilikleriniň gurluşygynyň hasabyna Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine hyzmat eder.
    Şular bilen birlikde, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky bu karzlaryň üsti bilen Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda Günüň dogýan ýurdunyň kompaniýalary üçin täze işewür mümkinçilikleriň döredilmegine, şunlukda, ýapon senagatynyň halkara bäsdeşlik ukyplylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge çalyşýar.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman ulag we senagat düzüminiň kemala gelmegi, innowasion ugurly gaýtadan işleýän iri önümçiligiň döredilmegini göz öňünde tutýan senagatlaşdyrmagy milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz esasy daşary ýurt işewür düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýapon kompaniýalary tarapyndan iri taslamalaryň, hususan-da, Mary welaýatynda ammiak we karbamid önümçiligi, Balkan welaýatynda Garabogazda karbamid dökünlerini, Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürmek boýunça zawodlaryň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
    Şu ýylyň tomsunda «Kawasaki» ýapon kompaniýasynyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän, dünýäde şu ugurda ilkinji bolan zawodyň ulanyşa berilmegi mynasybetli Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagaty diwersifikasiýalaşdyrmaga, «Türkmenistanda tebigy gazy netijeli peýdalanmak boýunça Baş maksatnamany» işläp taýýarlamaga gönükdirilendiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
    Bu şanly waka mynasybetli guralan açylyş dabarasynda dostlukly ýurduň ykdysadyýet, söwda we senagat Döwlet ministri Ýoşihiko Isozaki gutlagy okady.
    Milli Liderimiz jogap hatynda döwletara gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly, özara ynanyşmak, netijeli häsiýete eýedigini aýratyn belledi we Türkmenistanyň Ýaponiýa ynamdar, strategik hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtady.
    Türkmenistan bilen Ýaponiýa ugurlaryň giň görnüşi boýunça netijeli özara gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanylýandygyny yzygiderli görkezýärler diýip, milli Liderimiz belleýär.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze zawodyň açylmagy mynasybetli Gutlagy we döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek hakyndaky aýdan täze teklipleri üçin Premýer-ministr Sindzo Abe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de bar bolan köpýyllyk tejribelere we mümkinçiliklere daýanýan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynamyny beýan etdi.
    Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki tapgyry anyk netijelere gönükdirilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar.
    Bularyň hemmesi ykdysady, ylmy tehnologiýa we medeni ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, şeýle hem işewür düzümleriň ugry boýunça göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyň görkezýär.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geljegi nazarlaýan özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän, yzygiderlilik esasynda geçirilýän işewür duşuşyklara we forumlara, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetiniň bilelikdäki mejlislerine uly ähmiýet berýär.
    Olaryň hatarynda senagat ulgamlaryny, hususan-da, gaz we nebithimiýa, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa, logistika, demir ýol ulgamyny kämilleşdirmek, oba hojalygy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamlaryny we beýleki ugurlary görkezmek bolar.
    Şeýle hem milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ugur alan Türkmenistanyň Ýaponiýanyň ylym-bilim we ýokary tehnologiýa ulgamynda toplan öňdebaryjy tejribelerine çuňňur gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek.
    Biziň ýurtlarymyz bu möhüm ugurda gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet bermek bilen, tagallalary we bähbitleri özara utgaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny bellediler.
    Bu ýerde iň täze tehnologiýalary we ylmy-tehniki gazananlary ornaşdyrmak ugrunda türkmen we ýapon önümçilik hem-de ylmy edaralarynyň wekilleriniň bilelikdäki işleri aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň açylmagynyň ornuny bellemek gerek.
    Hünärmenleri taýýarlamak, şol sanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýapon hünärmenleriniň sapak bermeklerini, dürli ulgamlaryň işgärleri üçin okuw tejribelerini we tejribe alyşmagy guramak ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
    Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji we 2015-nji ýyllarda gol çekilen Sukuba şäheriniň uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylmy alyşma we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda akademiki alyşma we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy ýatlamak ýerliklidir.
    Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli pugtalanýandygynyň aýdyň mysalydyr.
    Diňe bir iň täze tehnologiýalary däl, eýsem, daşary ýurt dillerini hem bilýän halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistandaky bilim ulgamynda başyny başlan özgertmeleriniň düýpli ugurlarynyň biridir. Şu ýerde däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň çäginde ýapon diliniň öwrenilmegine uly ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň tehniki, ykdysady we beýleki ugurdaky ýokary okuw mekdepleriniň hem-de aýry-aýry umumy bilim berýän mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizildi.
    Birnäçe ýyl bäri türkmen ýaşlary «MIRAI» — talyplar üçin dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça ýapon maksatnamasyna işjeň gatnaşýar. Bu maksatnama dünýäniň ähli künjeginden bolan ýaş nesilleriniň wekillerini birleşdirýär hem-de ylmy-barlaglaryň dürli amaly görnüşlerinde gymmatly tejribeleri alyşmaga mümkinçilik döredýär.
    Ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunlukda, bu ugurda halkara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
    Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýanyň paýtagtynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Tokio — 2020 Olimpiýa we paralimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň prezidenti Ýoşiro Mori bilen duşuşygyny bellemek möhümdir. Onda sport ulgamynda, hususan-da, halkara derejesinde ýaryşlary guramak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda türkmen toparynyň öňde duran oýunlara gatnaşmaga taýýarlygynyň ýagdaýyna oňyn baha berildi.
    Döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselesine dolanyp gelmek bilen şol bir wagtyň özünde Tokioda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we işewürler forumynyň geçirilendigini bellemek gerek. Onda uzak möhletleýin we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Ýaponiýanyň işewürler toparynyň wekilleri nobatdaky gezek Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmaga gyzyklanýandyklaryny tassykladylar hem-de ýurdumyzda dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
    Işewürler forumynyň jemleri boýunça täze bilelikdäki taslamalary, şol sanda ammiak we karbamid öndürmek, tebigy gazy gaýtadan işleýän we benzin önümçiligi boýunça zawodlaryň, fosfor dökünini öndürmek boýunça bölümiň, şeýle hem Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky (JBIC) bilen hyzmatdaşlyk etmek, Türkmenistana «Komatsu» kompaniýasynyň ýer gazyjy tehnikasyny we «Toyoto» awtoulaglaryny ibermek hakyndaky taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa meselelerine ägirt uly ähmiýet berýär. Şu ýerde suwy arassalamak we galyndy suwlary zyýansyzlandyrmak boýunça ýapon tehnologiýasynyň peýdalanylmagy uly gyzyklanma döredýär.
    Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, suwdan rejeli peýdalanmak daşky gurşawy goramak bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda suwarymly ekerançylykda häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, gidrotehniki desgalary gurmakda we peýdalanmakda uly tejribe toplanyldy. Giň gerimli suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi agrar ulgamyň netijeli ösdürilmegine, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga ýardam berýär.
    Türkmenistanda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň çäklerinde täze suw arassalaýjy zawodlar gurulýar we ulanylmaga berilýär.
    «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň ulanylmaga berilmegi, welaýatlaryň ekerançylyk ýerlerinden zeý suwlaryny alyp gaýdýan akabalaryň çekilmegi bilen ýokary netijeli bitewi suw ulgamy döredildi. Onuň netijesinde suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulanýar, bu çäreler ýurdumyzda we tutuş sebitde ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşmagyna ýardam berýär.
    Şeýlelikde, ýapon işewür we syýasy toparlary tarapyndan netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak boýunça öňe sürülýän anyk teklipler bilen berkidilýän erk-isleg we özara bähbit Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary we köptaraply hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda tagallalary birleşdirmekde ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belleýär.