Raýatlyk pasportlary gowşuryldy 

    Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Permanyna laýyklykda, Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçesindäki döwrebap Medeniýet öýünde Mary welaýat, Wekilbazar etrap häkimlikleriniň, Mary welaýatynyň polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatlyk pasportynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 
    Dabara welaýat polisiýa müdirliginiň hem-de döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, raýatlyga kabul edilen adamlar gatnaşdylar. Döwlet senamyzyň ýerine ýetirilmegi bilen başlanan dabarada edilen çykyşlarda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara gutlag sözleri aýdylyp, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan dünýä nusgalyk ynsanperwer adyl syýasatynyň halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygy aýratyn nygtalyp geçildi. 
    Raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk bermek barada ýurdumyzyň toplan tejribesi halkara jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan dünýä nusgalyk beýik başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzda her bir raýatyň kanuny hukugyny kepillendirmekde, goramakda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryna laýyklykda, halkymyzyň hal-ýagdaýy ýokarlanyp, ýaşaýyş-durmuş şertleri ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Döredilýän şertler adamlaryň bagtyýar zamanada, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň asuda, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan asylly işleri üçin Gahryman Prezidentimiziň adyna aýdylan alkyşlar, joşgunly aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Welaýatyň we etrabyň ussat aýdymçylary, bagşy-sazandalary ýörite taýýarlanan aýdym – sazlary, döwrebap tanslary ýerine ýetirdiler. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki gülläp ösüşleri belentden wasp edildi.