Hoşniýetli dostluga ygrarlylyk

    Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiziň GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden taryhy çykyşyndan, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamadan gelip çykýan wezipelere bagyşlanyp, «Türkmenistan — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: ynsanperwer ýörelgeler we medeni hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahat geçirildi.
    Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, medeniýet ulgamynyň işgärleri, sungat ussatlary gatnaşdylar.
    Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, GDA-nyň her ýylky teatr festiwallaryny, halklarymyzyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergilerini geçirmek mümkinçiligine garamagy teklip etdi. Bu bolsa geljekde medeniýetleriň gülläp ösmegine, birek-biregiň sungatyny içgin öwrenmäge itergi berer. Ýurt Baştutanymyz GDA-nyň bilim ýarmarkalaryny, Arkalaşygyň sport oýunlaryny yzygiderli geçirmek, şolaryň halkara sport giňişligindäki abraýyny belende galdyrmak barada netijeli teklipleri orta atdy.
    Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli işlerine buýsanç hökmünde okan goşgy setirleri belentden ýaňlandy. Medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde eziz Diýarymyzy, bagtyýar geljegimizi, milli Liderimiziň alyp barýan döwletli işleriniň waspy bolup ýaňlanan aýdymdyr sazlar maslahata gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
    — Paýtagtymyzda geçirilen sammitiň iň bir tolgundyryjy pursatlarynyň biri hem GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýetiniň Gahryman Arkadagymyzy «Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi kabul edendigidir. Bu belent sylagyň GDA agza döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy, Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bülbül ogly tarapyndan Arkadag Prezidentimize gowşurylmagy ähli halkymyzy begendirdi.
    Dünýä ýurtlary, şol sanda GDA gatnaşyjy döwletler bilen medeni, ynsanperwer, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda tutumly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris — diýip, maslahatda edilen çykyşlarda aýratyn bellenildi.