Resmi habar

    Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewe «Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «ТВ-Новости» Awtonom täjirçilik däl guramasynyň (Russia Today-telewizion ýaýlymy (RTTV)) arasynda habarlar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda Ähtnama» türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.