“DAÝAHATYN” — GAZAK SAHNASYNDA

    Şu ýylyň 9 — 16-njy oktýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde ýurduň halk ýazyjysy Aýiş Kekilbaýewiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, «Abiş älemi» atly I halkara teatr festiwaly geçirildi. Oňa 10-a golaý döwletiň teatrlarynyň artistleri gatnaşdylar. Halkara teatr festiwalyna ýurdumyzdan Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri wekilçilik etdiler. Festiwalyň geçirilişi barada teatryň baş ýolbaşçysy Mekan Silapow şeýle gürrüň berdi: 
    — Ilki bilen, biz teatrymyzyň ähli işgärleriniň adyndan halkara festiwala gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman 
    Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys. «Abiş älemi» ady bilen Aktau şäherinde geçirilen teatr festiwalynda biz hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ýerleşdirilen rowaýatyň esasynda «Daýahatyn» oýnuny taýýarladyk. 
    Şöhrat Maşeripowyň awtorlyk, Perhat Hudaýberenowyň režissýorlyk etmeginde taýýarlanan sahna oýnunda zehinli artistlerimiz Umyda Hamraýewa Daýahatynyň, Jelaletdin Sultyýew Salim hanyň, Türkmenistanyň halk artistleri Babageldi Rejebow patyşanyň, Akjagül Suhanowa bolsa enekäniň keşbini ýerine ýetirýärler. Biz bu sahna oýnuny geçen ýyl paýtagtymyzda geçirilen «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly teatr festiwalynda ilkinji gezek görkezdik. Sahnada Daýahatyn kerwensaraýy, onuň bilen bagly rowaýat beýan edilýär. Onda Daýahatynyň söýgä wepalylygy, ony goramagy başarýanlygy, gurduran kerwensaraýynyň biziň günlerimize çenli ýetip gelen ajaýyp ýadygärlikdigini açyp görkezýän birnäçe wakalar beýan edilýär. Paýtagtymyzdaky teatr festiwalynda «Daýahatynyň» režissýory Perhat Hudaýberenow «Iň gowy režissýor» diýlip, Daýahatynyň keşbindäki Umyda Hamraýewa bolsa «Iň ýaş zehin» diýlip yglan edildi. Bu bolsa artistlerimiziň çeken zähmetiniň ýerine düşendigini görkezip, olary geljekki sahnalarda ýokary derejede çykyş etmäge ruhlandyrdy. 
    Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen teatr festiwalynyň çäklerinde daşary ýurtlardan gelen teatr ussatlary bilen pikir alyşdyk, olaryň sahnada goýan oýunlary bilen tanyşdyk. Halkara festiwalyň ahyrynda artistlerimiziň başarnygyna ýokary baha berlip, guramaçylar tarapyndan degişli Diplom bilen sylaglandyk.