TÜRKMEN WEKILIÝETI MINSKIDE

    Düýn ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly topary Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günlerini geçirmek üçin Minsk şäherine geldi. Türkmen wekiliýeti Minskiniň milli aeroportunda belarus myhmansöýerligi bilen garşy alyndy. Folklor toparyndan, aýdymçylardan, kitaphana işgärlerinden, ýazyjy-şahyrlardan, kinoçylardan we habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet Minskiniň muzeýler şäherjiginiň golaýyndaky «Belarus» myhmanhanasynda ýerleşip, günüň ikinji ýarymynda şäheriň gözel künjekleri, medeni ojaklary bilen tanyşdylar. Gezelenç Belarus döwlet filarmoniýasyndan başlandy. Milli arhitektura ülňülerine kybapdaş gurlan döwlet filarmoniýasy owadanlygy, gurluş aýratynlyklary, töweregindäki dürli maksatly binalar bilen özboluşly sazlaşygy taýdan täsin arhitektura eserini ýadyňa salýar.
    Altyn güýz Minsk şäherine tutuşlygyna diýen ýaly öz lybasyny bagyşlapdyr. Şähere aýlanyp ýörşüňe, özüne çekýän ilkinji zat onuň tebigat bilen özboluşly sazlaşygydyr. Bu ýeriň düzgünine laýyklykda, gyş hem bahar pasyllary şäherdäki suw çüwdürimleri işlemesini bes edýär. Maý — sentýabr aýlary bolsa, Minskä “çüwdürimler şäheri” hem diýseň boljakdygyny buýsanç bilen gürrüň berýärler.
    Şäherde häzirki zaman binagärlik ülňülerine laýyklykda, dürli maksatly binalaryň uly toplumy gurlupdyr. Şeýle binalaryň hatarynda Belarus milli kitaphanasy, Belarusuň Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanan döwlet muzeýi ýaly binalaryň onlarçasyny mysal getirse bolar.
    Minsk şäherini “gahrymanlaryň şäheri” diýip ýöne ýere atlandyrmaýarlar. Munuň şeýledigine Belarusuň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna bagyşlanan döwlet muzeýine aýlanyp göreniňde has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Häzirki zaman arhitektura sungatynyň gazananlaryndan ugur alnyp gurlan bu muzeýde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary güler ýüz bilen garşylandy. Onuň her bir diwary, her bir eksponaty taryhyň gahrymançylykly ýyllaryndan söhbet açýar. Bu ýerde uruş ýyllarynyň türkmen gahrymanlary barada eşitmek we olaryň suratlaryny synlamak türkmen wekiliýetinde aýratyn täsir galdyrdy. Muzeýiň diwarlygynda asylgy duran we 1943-nji ýyla degişli türkmen halysyna gözümiz düşende, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny neneňsi kämil derejä ýetirendigi we olaryň dünýäniň ähli ýerinde öz täsirini saklaýandygy barada buýsançly pikirlere çümeniňi duýman galýarsyň. Bu haly Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda maryly halyçylar tarapyndan dokalyp, şol döwrüň meşhur rus serkerdesine sowgat berlipdir.
    Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň dürli döwletleri bilen hoşniýetli we dostana gatnaşyklary ýola goýmagynyň, hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak üçin alyp barýan parasatly syýasatynyň düýp manysyna şunuň ýaly daşary ýurtlara iş sapary bilen baranyňda has aýdyň düşünýärsiň. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli hem hoşmeýilli syýasatlary netijesinde, ynsanperwerligi, dostana hyzmatdaşlygy ata-babalaryndan miras alan gadymy halka wekilçilik edip, döwletaradyr halkara hyzmatdaşlygyň geljekde has-da ösmegi üçin ujypsyzja-da bolsa goşant goşýandygyň üçin depäň gök direýär.
    Medeniýet, sungat işgärlerine döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, işleri rowaç, ömri uzak bolsun!