TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT PUDAGY: ÝETILEN SEPGITLER, TÄZE GÖZÝETIMLER

    Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat öz işini tamamlady. 
    Halkara sergä öz önümleri bilen gatnaşan milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň bu gözden geçirilişiň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
    Rahman SEÝITLIÝEW, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň marketing bölüminiň baş hünärmeni:
    — «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 31-nji iýulyndaky Karary esasynda döredilip, şol ýylyň oktýabr aýyndan bäri işläp gelýär. Merkeziň esasy maksady Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmakdan, ýurdumyzyň ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga ýardam bermekden hem-de üstaşyr, eksport-import ýükleri ýük ugradyjydan multimodal geçelgeler arkaly ýük alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybarat bolup durýar. Şoňa görä-de, merkezimiz tarapyndan multimodal gatnawlary, ekspeditor hyzmatlary, şertnamalaýyn logistika, gümrük we ätiýaçlandyryş işleri, gümrük ammarlarynda ýükleri saklamak bilen bagly meseleler boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 
    Paýdarlar jemgyýetimizde işler, esasan, üç ugur boýunça alnyp barylýar. Demir ýol, multimodal gatnawlary hem-de marketing bölümlerimizde müşderileriň isleglerini tiz, aňsat we amatly esasda kanagatlandyrmak üçin dürli hyzmatlar ýola goýlan. Häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda multimodal ulag geçelgeleri arkaly ýük daşamaga isleg örän ýokary. Çünki multimodal diýlende, ilkinji nobatda, ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýükleri daşamak göz öňünde tutulýar. Häzirki günlerde merkezimiz tarapyndan ýükleri üstaşyr geçirmekde Eýrandan gelýän harytlary Özbegistana ibermek, Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan ýaly ýurtlara ýükleri eksport etmek, import babatynda Eýrandan, Özbegistandan we Azerbaýjandan ýükleri getirmek boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar. 
    «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi ýurdumyzyň esasy «deňiz derwezesiniň» — Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini ýerlikli we netijeli peýdalanmaga hem-de Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan öndürilýän nebit we nebit önümlerini daşary ýurt bazarlaryna eksport etmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysady we senagat kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak boýunça tagallalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

    Gyzylgül JORAÝEWA, Türkmenbaşy dokma toplumynyň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy:
    — Biz bu günki gözden geçirilişe Türkmenbaşy dokma toplumynda öndürilýän iň naýbaşy önümlerimiz bilen gatnaşýarys. Toplumda öndürilýän «Nusaý» haryt nyşanly önümlerimiziň häzirki wagtda 30-dan gowrak görnüşi bolup, olar ýurdumyzyň içerki bazarlaryna hem-de dünýä ýurtlaryna amatly bahadan çykarylýar. Olaryň arasynda ýorgan we düşekçe daşlary, arlyklar, çaga egin-eşikleri, sport geýimleri we gijeki egin-başlar, öý hojalygyna degişli beýleki harytlar bar. 
    Biziň öndürýän önümlerimiz ekologiýa taýdan arassalygy hem-de ýokary hil derejesi bilen aýratyn tapawutlanýar. Şoňa görä-de, toplumda öndürilýän dokma önümleri we egin-başlar bu günki gün Ýewropanyň ençeme ýurtlaryna eksport edilýär. Diňe bir taýýar önümlerimiz däl, eýsem, toplumymyzda öndürilen dürli görnüşli matalar çig mal görnüşinde-de daşary ýurtlara iberilýär. 
    20 ýyla golaý wagtdan bäri hereket edýän toplumymyz 5 sany fabrigi öz içine alýar. Pagtadan öndürilýän önümler toplumymyzyň degişli fabriklerinde hem egrilýär, hem dokalýar, şol bir wagtda degişli nyşanlar bilen bezelýär hem-de tikinçilik fabriginde tikilip, taýýar önüm görnüşinde müşderilere hödürlenilýär. Bu bolsa toplumyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga hem-de ýurdumyzyň dokma pudagynyň ösüşine goşant goşmaga şert döredýär. 

    Arslan GURBANOW, «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň «MB shoes» kärhanasynyň işgäri:
    — Bu günki Türkmenistanyň senagatçylarynyň hünär baýramçylygyna bagyşlanyp guralýan sergide türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümleri görkezmäge giň mümkinçilik döredildi. Ýurdumyzyň hususy ulgamynda senagat harytlary hem aýratyn orun tutýar. Bu ugurda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak maksady bilen, 2009-njy ýylda esaslandyrylan «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetinde senagat harytlaryny öndürmek boýunça önümçilik işleri ýola goýuldy. Biz sergide hojalyk jemgyýetimize degişli bolan «Ak suw deri», «MB shoes», «Nowruz haly» kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleri halkymyza hödürledik. 
    Bilşiňiz ýaly, «Ak suw deri» kärhanasynda deri we gön önümleri, «MB shoes» kärhanasynda dürli görnüşli aýakgaplar, «Nowruz halyda» bolsa sintetiki halylar öndürilip, içerki we daşarky bazarlara çykarylýar. Bu günki sergide «Nowruz haly» kärhanasynyň önümlerine aýratyn gyzyklanma bildirildi. Çünki «taýmaýan haly» diýip atlandyrylýan sintetiki halylarymyz düýpgöter täze tehnologiýa we önümçilik usullaryna esaslanýar. Ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, myhmanhanalar, teatrlar we beýleki dürli maksatlar üçin niýetlenen haly önümlerimiz sowuk howany geçirmezlik, ynsan saglygyna zyýanly maddalary kabul etmezlik ýaly häsiýetleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Halylary hojalyk şertlerinde kir ýuwujy enjam arkaly arassalap bolýandygy bolsa, olaryň ýene-de bir aýratynlygydyr. 
    Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň telekeçileri üçin öz önümlerini daşary ýurtlara eksport etmäge hem-de dürli görnüşli sergilerdir ýarmarkalara gatnaşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän önümler Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Singapur ýaly ýurtlarda hem geçirilýän sergilerde dünýä jemgyýetçiligine görkezildi. Biziň önümlerimiz häzirki wagtda Russiýa, Gazagystana, Azerbaýjana, Türkiýä we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eksport edilýär. 

    Mario ARNIDOWAL, «Nokia solutions and networks» kompaniýasynyň tehniki menejeri:
    — Biziň kompaniýamyz indi köp ýyllardan bäri Türkmenistan bilen, aýratyn-da, «Altyn asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Biziň esasy maksadymyz türkmenistanly müşderilerimizi iň häzirki zaman aragatnaşyk enjamlary hem-de mobil telefon hyzmatlary bilen üpjün etmäge ýardam bermekdir. 4G, 5G ulgamyna degişli iň öňdebaryjy önümlerimiz bu günki sergide görkezildi.
    «Nokia solutions and networks» häzirki wagtda dünýäniň 150-ä golaý ýurdunda iş alyp barýar. Kompaniýamyzyň umumylykda 60 müň çemesi işgäri bar. Radio we mobil aragatnaşygy, aragatnaşyk kanallaryny gurnamak, aragatnaşyk ulgamy boýunça tehniki goldaw we maslahat bermek biziň esasy iş ugurlarymyzdyr. 
    Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, internet elýeterliligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça yzygiderli tagallalar durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, dördünji senagat öwrülişigi şertlerinde internetiň ýokary derejesini üpjün etmek, ilatyň ýokary tizlikli internet ulgamy bolan 4G mobil aragatnaşygyna islegini kanagatlandyrmak ugrunda degişli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasy ýurtda aýratyn işjeňlik görkezýär. Müşderileriň ýokary tizlikli internet, Wi-Fi aragatnaşyk ulgamy boýunça islegleri barha artýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, Türkmenistanda innowasiýalaryň we sanly ulgamlaryň has giň gerim alýandygy bilen düşündirilýär. Ine, bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek we öz hyzmatlarymyzy hödürlemek babatda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek iki tarap üçin hem ähmiýetlidir.