Ilat üçin göwnejaý hyzmat

    Farap etrap alyjylar jemgyýeti Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň bilelikde «2019-njy ýylyň iň oňat kärhanasy» ady bilen geçiren bäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça ýeňijisi boldy. Bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň jemleri Türkmenabatdaky «Lebap» söwda we dynç alyş merkeziniň «Lebap» toý mekanynda geçirilen dabarada yglan edildi.
    Bu bäsleşik ýurdumyzyň alyjylar jemgyýetleriniň arasynda birnäçe ýylyň dowamynda asylly däbe öwrüldi. Ol ýurdumyzyň iň gowy kärhanalaryny, önümçiliklerini ýüze çykarmak, hormatly Prezidentimiziň söwda işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini doly we üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de olary täze ýeňişlere ruhlandyrmak maksady bilen geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyryna oba, etrap alyjylar jemgyýetleri, önümçilik we beýleki kärhanalaryň ençemesi gatnaşdylar.
    Bäsleşigiň şertlerinde oňa gatnaşan edara-kärhanalaryň birnäçe ugur boýunça görkezijileri göz öňünde tutulýar. Olara edara-kärhanalaryň, önümçilikleriň, dükanlaryň haryt dolanyşygy, önümçilik we maliýe görkezijileri, edaranyň arassaçylyk ýagdaýy, ortaça düşewüntlilik, dükanlaryň haryt bolçulygy we olarda jemgyýetçilik iýmitiniň gurnalyşy, ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň hili ýaly talaplar girýär. 
    «Lebap» toý mekanynda geçirilen dabara hususy pudagyň wekilleri hem gatnaşdylar. Munuň öz sebäbi bar. Çünki hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşikleriniň garamagyndaky edara-kärhanalar tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar. Geçirilen bäsleşik hususy pudagyň wekilleriniň öňdebaryjy kärhanalar barada maglumat almagy üçin oňat mümkinçilikdir.
    Şeýlelikde, Farap etrap alyjylar jemgyýeti 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça Lebap welaýatyndaky «Iň oňat kärhana» diýlip yglan edildi. Ýeňiji kärhana bäsleşigiň döwlet tapgyrynda gündogar welaýata wekilçilik eder.
    Bäsleşikde ikinji orna Çärjew etrap alyjylar jemgyýeti bilen Kooperatiw daşary söwda kärhanasynyň guşçuluk toplumy mynasyp görüldi. Üçünji orna Türkmenabadyň Merkezi bazary bilen Kerki etrap alyjylar jemgyýeti mynasyp boldy.
    Ýeňiji bolan edara-kärhanalara Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň döwlet tapgyry Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda bolar.