Hünär ussatlary öňe saýlandy

    Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan «Parahatçylykly ösüşiň we Watan rowaçlygynyň sazlaşygy» ady bilen ýurdumyzyň kitaphanaçylarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi. Hünär bäsleşiginiň bu tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda geçirilen deslapky tapgyrlarynyň ýeňijileri gatnaşdy. 
    Bäsleşigiň dowamynda kitaphana hünärmenleri kitaphana gaznalaryndaky kitaplary hasaba almagyň görnüşleri, bitewi elektron kitaphana ulgamyna maglumatlary ýüklemegiň düzgünleri bilen baglanyşykly şertleri ýerine ýetirişleri özüne çekiji boldy. Bäsleşige gatnaşyjylar kitaphanalary sanly elektron ulgama geçirmek we elektron ulgamyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly ylmy makalalarydyr tekliplerini hem emin agzalarynyň dykgatyna hödürlediler. 
    Täsirli geçen bäsleşigiň netijesinde Lebap welaýat kitaphanasynyň birinji derejeli kitaphanaçysy Akjagül Şamuhammedowa baş baýraga, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Daňatarowa birinji, Mary welaýatynyň Murgap etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mahym Agaýewa ikinji, Aşgabat şäheriniň merkezleşdirilen kitaphana müdirliginiň G.Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň esasy kitaphanaçysy Arzuw Allaberenowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýörite sowgatlar gowşuryldy.