AŞGABAT JARNAMASY: ÝAKYN-U-ALYS GELJEGI NAZARLAP

    Meşhur zenan şahyrymyz — döwrümiziň tribuny Gözel Şagulyýewadan täsirli, süýji hem labyzly gürrüň edip bilmejegimize gözümiz ýetip duransoň, halypa şahyryň bu setirlerini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamasynyň ähmiýeti hakyndaky şu ýazgymyzda epigraf hökmünde ulanasymyz geldi. Zenan ýüregi duýgur bolýar diýýärler, zenan kalby görgür bolýar diýýärler. Dogry eken. Ýene-de zenanyň dili süýji bolýar, sözi bala-şekere ýugrulan bolýar diýýärler. O-da dogry. Halklary ýagtylyga çagyrýan Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy esasynda kabul edilen bu Jarnama hakynda iki agyz gürrüň edesimiz geldi. 
    Ilki bilen aýtmaly zat, özi-de iň esasy zat — bu Jarnama ýakyn-u-alys geljek ýyllar — bäşýyllyklar hem onýyllyklar üçin hereketleriň meýilnamasydyr. Onuň esasy gymmatlygy — ösüşe ýol görkezýär. Jarnama, adyndanam belli bolşy ýaly, strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda bolsa-da, durmuşyň ähli ugurlarynda ösüş gazanmaklyga, özem duýarlykly ösüş gazanmaklyga gönükdirilendir. Ykdysady, syýasy, medeni, ynsanperwerlik, durmuşyň nogsanlyklaryna garşy bileleşip göreşmek, ylym-bilim, söwda, sport, saglyk, hatda diňe GDA ýurtlarynyň halklaryna mahsus bolan oýunlary geçirmek ýaly islendik ugur boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryny däl, eýsem, olaryň usullaryny hem bu Jarnamada görmek bolýar.
    Ýene-de bellemeli esasy zatlaryň biri — ol hem GDA ýurtlaryny özara hyzmatdaşlyk arkaly ösdürmek bilen, Arkalaşygyň halkara gurama hökmünde dünýä giňişligindäki ornuny has pugtalandyrmakdyr. “Häzirki wagtda biziň maksadymyz GDA-nyň işine täze itergi bermekden, ony häzirki zaman ösüşiniň ýagdaýlaryna hem-de ugurlaryna laýyk gelýän derejä çykarmakdan, Arkalaşygyň halkara we sebit gün tertibindäki özgerişliklere dogry hem öz wagtynda seslenmek ukybyny üpjün etmekden ybaratdyr”. Bu sözler hormatly Prezidentimize degişli. Maksat aýdyň: öňe, diňe öňe gitmeli, özem ýekebara, aýry-aýrylykda däl-de, toplumlaýyn, bileleşip, egin-egne berip, öňe gitmeli. Agzybirligi, jebisligi, GDA-nyň öz içinde goşulyşmagy döwür talap edýär. Goşulyşmak diýlende, her halkyň özboluşlylygyny, milliligini ýitirmegi göz öňünde tutulmaýar. Gaýtam, tersine, millilige, milli mirasa hormat goýup, gatnaşyklary has täze, has gyzykly hem täsirli häsiýete eýe bolar ýaly etmeli. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli eşikli çagalaryň türkmen çöregini hödür etmekleri täsir galdyrypdyr. Göräýmäge, ýönekeý detal. Ol halkara hyzmatdaşlygynda aýgytly rol oýnarmy ýa oýnamazmy — belli däl, ýöne şunuň ýaly kiçijik, emma tüýs ýürekden gaýdýan hereketler durmuşymyzy bezeýär ahyryn! “Westi.Ru”-nyň habarçysy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň özüni howa menzilinde türkmenleriň myhmanlary duz-çörekli garşylamak dessuryndan soň şeýle diýendigini ýazýar: “Biziň öz däplerimiz, gatnaşyk etmegiň asyrlardan bäri ýola goýlan medeni görnüşleri bar. Şoňa görä-de, biz näme üçin muňa hormat goýmaly däl?”. Bu sözlere teswir gerek däl, şeýle-de, hemmesi düşnükli hem ýürege ýakyn. 
    Şeýle aýratynlyklar, milli gymmatlyklar, däp-dessurlar GDA gatnaşyjy döwletleriň halklarynyň islendiginde bar, elbetde! Olary görmegi, ulanmagy hem-de mynasyp baha bermegi başarmak gerek. 
    Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama GDA-nyň belli bir çäk, ýörelgeler ýa-da şuňa meňzeş näme-de bolsa bir zatlar bilen başgalar üçin ýapyk gurama däl-de, gaýtam, onuň isleg bildirýän ähli taraplar üçin açykdygyny mälim edýär. Diňe bir mälim etmek hem däl, eýsem, BMG we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy özüniň wezipesi edip goýýar. Bu eýýäm GDA-nyň dünýä bilen garylyp-goşulyp gitmekçi bolýandygyny görkezýar, bu eýýäm dünýä syýasatyny aňladýar. Jarnamada beýan edilen wezipeleri okanyňda, BMG-niň Durnukly ösüş maksatnamalarynyň wezipeleri göz öňüňe gelýär. Şunlukda, GDA döwletleriniň dünýäniň beýleki döwletlerinden özüni aýry tutmaýandygyna, bir tarapdan ölçerilen maksadynyň-matlabynyň ýokdugyna göz ýetirýärsiň. Bir aýratynlygy, eger şeýle diýip bolýan bolsa, şu maksada has çalt we netijeli ýetmek üçin, ilkinji nobatda, Arkalaşygyň içerki mümkinçiliklerini we kuwwatyny has doly, has degerli ulanmak bolup durýar. Olar bolsa, bellenişi ýaly, ägirtdir we Arkalaşygyň halklary bilen birlikde bütin dünýäniň halklaryny bagtly etmäge ukyplydyr. Şu ýerde GDA-nyň giňişliginiň Ýewraziýada ýerleşýändigini, ýagny, onuň hem Ýewropanyň, hem Aziýanyň ylym-bilim, tehnologiýalar, intellektual, söwda-satyk, iş ýörediş başarnyklaryna, umuman, häzirki zaman diline geçirip aýdanyňda, intellektual tehnologiýalara eýedigini aýtmak gerek. Şertli aýdanyňda, GDA ägirt uly bazar hem köpugurly önümçilikdir. Onuň sanap gutaryp bolmajak derejede çig mal gory bardyr. 
    Aşgabat Jarnamasynyň işlenilip düzülmeginde we agzybirlik bilen kabul edilmeginde halkara jemgyýetçilik çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasynyň ägirt uly bolandygyny nygtaýar. Bu ykrarnama, elbetde, halkymyzy buýsandyrýar we şol bir wagtyň özünde biziň her birimiziň, esasan-da, GDA-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyga gatnaşýan her bir telekeçiniň, işewüriň, döwlet düzümleriniň jogapkärçiligini artdyrýar. Milli Lideri şeýle ähmiýetli resminamany öňe süren ýurduň raýatlary hökmünde her bir adamyň beýlekilere görelde bolmakda, nusga görkezmekde etmeli işleri, ýerine ýetirmeli wezipeleri, borçlary bar. Ony her kim öz ynsabyna, wyždanyna görä kesgitlemelidir diýip düşünýäris. Ýöne bu işden çetde durmaga hiç kimiň ahlak hukugy ýokdur. 
    Biziň häzirki döwrümizde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlarynda ählumumy adamzat bähbitleri üçin güýçleri birleşdirmek, bitewüleşmek ideýasy öňe sürülýär. Halkara gaz geçirijileri çekmekde-de, üstaşyr ulag geçelgelerini gurmakda-da, sebitleri birleşdirýän demir we awto ýollary gurmakda-da, howany we daşky gurşawy gorap saklamakda-da, ekologik abadançylygy üpjün etmekde-de, suwdan tygşytly we rejeli peýdalanmak babatda-da, gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldip, onuň üsti bilen diňe ykdysady hyzmatdaşlygy däl, eýsem, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürip, has ýokary derejä çykarmak babatda-da öňe süren başlangyçlarynyň hemmesinde Arkadag Prezidentimiz halklaryň we döwletleriň barysyny agzybirlige çagyrýar. Şular ýaly asylly başlangyçlary öňe sürmek arkaly Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti dünýäni gowulyga, abadançylyga tarap ugrukdyrýar. Jarnama şunuň, hakykatdan-da, şeýledigini ýene bir gezek aýan etdi.
    Biz şu ýerde Jarnamanyň öňde goýan wezipeleri hakda birin-birin gürrüň etmedik. Olaryň her biri hakynda özbaşyna gürrüň etmeli, çünki olar ykbal çözüji wezipelerden. Kärdeşlerim entek olar hakynda kän ýazarlar diýip pikir edýärin.
    Biz şu ýerde bu Jarnamanyň türkmeniň milli ideýalaryndan gözbaş alandygyny-da nygtap oturmadyk. Ýöne bu, hakykatdan-da, şeýledir, gözbaş türkmen topragyndan başlandy. Ünsli bolsaň, Jarnamada döwletimizde häzirki döwürde hereket edýän döwlet maksatnamalarynyň ol ýa beýleki görnüşde beýan edilendigini görmek bolýar. Diýmek, biziň döwletimiz bu Jarnamanyň ideýalaryny öňden bäri durmuşa geçirip ýören eken. Bu Jarnama bir döwletiň çäginde däl-de, indi bütin Arkalaşygyň çäginde hereketleriň sazlaşygyny hem toplumlaýynlygyny üpjün edýär. Indiden beýläk bu Jarnama Arkalaşygyň halklary üçin esasy ýörelgä öwrülmäge degişlidir. Biziň halklarymyz bolsa geçen taryhy döwürde arkalaşyp, goşulyşyp ýaşamagyň ajaýyp tejribesine eýedirler. Ol tejribe agzybirlikde güýjüň bardygyny, agzybir adamlara (halklara) ruhubelentligiň ýardygyny görkezýär. Täze taryhy döwrüň talaplaryndan hem mümkinçiliklerini peýdalanyp, öňküden has gowy, has netijeli işlemäge, şeýdibem, halklarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has ýokary çelgilere ýetirmäge Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary badalga berdiler. Oň bolsun!
    Ýene bir ýagdaý hakynda aýtmaly zatlar bar. Türkmenistan Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklary döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmäge döredijilikli çemeleşýär. Tamamlanyp barýan ýyl — Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk eden ýyly munuň şeýledigini aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň arçan ýoly GDA gatnaşyjy beýleki döwletlere nusgalykdyr. Bu hakynda ýakynda Türkmenistanyň DIM-de bolan brifingde dostlukly döwletleriň ilçileri hormat bilen bellediler.
    Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlary esasynda Rezolýusiýalaryň kabul edilmegini, başgaça aýdylanda, hormatly Prezidentimiziň işläp düzen ýörelgeleriniň halkara derejede, şol sanda GDA-nyň çäginde hem resmi taýdan esas edilip alynmagyny milli Liderimiziň dünýäni ösüşe tarap, gowulyga tarap özgertmek ideýasynyň hereket edýändiginiň, halklara ýörelge bolýandygynyň subutnamalary hökmünde görkezip bolar.
    Ol ýörelgeler barha rowaçlanyp gider, sebäbi hormatly Prezidentimiz halkymyzyň we dünýä halklarynyň döredijilik gözbaşlaryny arçady. Gözbaşlar jemlenende hana has çuň we uzyn bolýar. Çuň hanadan akýan suw tereň bolýar. Ol suw ýakyn-u-alysdakylara bolelin ýetýär.