Resmi habar

    Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, türkmen we koreý işewürleriniň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Edaranyň ýanyndaky “Türkmen-koreý” işewürler geňeşiniň türkmen bölegini degişli düzümde döretmek baradaky teklibi makullanyldy.