Kubok ugrundaky ýaryş

    11 — 13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň bilelikde guramagynda ýaý atmak boýunça ýurdumyzyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň onlarçasy gatnaşdy. 
    2006-njy ýylda doglanlar we kiçileriň arasynda 12 metr aralyga klassiki ýaýdan nyşana ok atmak boýunça toparlaýyn ýaryşda Daşoguz welaýatyndan Aýlar Hangeldiýewa, Hajarbibi Mämmedowa, Nazar Gurbanow birinji, Mary welaýatyndan Abbas Imamberdiyew, Mukam Amangeldiýew, Jeýhun Hanow ikinji, Ezizmuhammet Sähedow, Agajuma Omarow, Enaý Reýimowa üçünji orna mynasyp boldular. 
    2001-nji ýylda doglanlar we ulularyň arasynda ýekeleýin görnüşde 18 metr aralyga klassiki ýaýdan nyşana ok atmak boýunça birinji orna Polat Metdiýew, ikinji orna Wepa Sähedow, üçünji orna bolsa Agajan Gullaşow mynasyp boldular, şeýle aralyk boýunça 2002 — 2005-nji ýylda doglanlaryň arasynda ýekeleýin görnüşde geçirilen ýaryşda bolsa öňdäki orunlary paýtagtymyzdaky 55-nji orta mekdebiň okuwçysy Wadim Merziklin, şeýle-de 87-nji orta mekdebiň okuwçysy Selim Hajyýew, Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň türgeni Wepa Joraýew dagy eýelediler. 
    12 metr aralyga klassiki ýaýdan nyşana ok atmak boýunça 2006-njy ýyla doglanlar we kiçileriň arasyndaky ýaryşda paýtagtymyzdaky 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Ezizmuhammet Sähedow, Baýramaly şäherindäki 1-nji sport mekdebiň türgenleri Abbas Imamberdiýew bilen Jeýhun Hanow öňe saýlanmagy başardylar. 
    2005-nji ýylda doglanlaryň we ulularyň arasynda 18 metr aralyga klassiki ýaýdan nyşana ok atmak boýunça geçirilen toparlaýyn duşuşykda birinji orna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Begenç Akmämmedow, Jorakuly Jumaýew, Agajan Gullaşow birinji orna, şol institutdan Polat Metdiýew, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinden Bazar Allakow, paýtagtymyzdaky 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýna Orazgeldiýewa ikinji orna, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň türgeni Şöhrat Jumakuliýew, Daşoguz welaýatyndan Şöhrat Mamedow, Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň türgeni Leýla Kakaýewa üçünji orna mynasyp boldular. 
    Ýurdumyzyň kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda ýeňiji bolan türgenlere guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary, medallar, birinji orny eýelänlere bolsa kuboklar gowşuryldy.
    Häzirki wagtda ýurdumyzyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň türgenleri federasiýanyň tälimçisi Wepa Sähedowyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 21 — 29-njy noýabry günlerinde Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçiriljek XXI Aziýa çempionatyna ýokary derejede taýýarlyk görýärler.