Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky JARNAMA

    Biz, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (mundan beýläk — GDA, Arkalaşyk) gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary Arkalaşygyň we GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň ykdysady bähbitleriniň durmuşa geçirilmegine, GDA-nyň çäklerinde hem-de beýleki döwletler we halkara guramalar bilen yklym we yklymara derejelerde ykdysady aragatnaşyklaryň ösüşini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň netijeli gurluşlaryny döretmäge uly ähmiýet berip,
    GDA-da hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň her birinde ykdysady özara gatnaşyklary emele getirmek we kämilleşdirmek boýunça bar bolan baý tejribä daýanyp,
    halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen we deňhukukly garaşsyz döwletleriň hyzmatdaşlygyna esaslanýan dünýäde iri sebitleýin döwletara guramalaryň biri bolmak bilen, 
    täze ählumumy we sebitleýin töwekgelçilikleri we wehimleri nazara alyp, 
    strategik ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, yklym we yklymara derejelerde täze biçüwleri gözlemek maksadynda GDA gatnaşyjy döwletleriň tagallalaryny jebisleşdirmäge we birleşdirmäge çalşyp, 
    durnuklylygy we ykdysady ösüşiň birsyhlylygyny pugtalandyrmagyň, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň hatyrasyna köptaraplaýyn oňyn gepleşigi gyşarnyksyz giňeltmek maksatlarynda GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek barada şulary mälim edýäris.
    GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasynda deňhukukly hyzmatdaşlaryň berk bileleşigi ýatýar, bu Ýewraziýa giňişliginde durnukly ykdysady ösüşiň möhüm bölegi bolup durýar. Bu bileleşik Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin uzak möhletli we geljegi bolan ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetiki we ulag-üstaşyr merkezi bolup durýar.
    GDA-ny ösdürmekde we pugtalandyrmakda Arkalaşygyň çäklerinde hem-de dünýä ykdysadyýetiniň çäklerinde bilelikde iş alyp barmaga täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, onuň dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýagdaýlarynda we hyzmatdaşlygyň täze biçüwlerini gözlemek babatynda öňdebaryjy gurama derejesini berkitmek möhüm orun tutýar.
    GDA gatnaşyjy döwletler giň erkinlik şertlerinde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini goldaýarlar we ony işjeň durmuşa geçirýärler.
    Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy we GDA-nyň içinde bileleşigi goşmak bilen, mümkinçilikleriň ähli toplumynyň netijeli peýdalanylmagy GDA gatnaşyjy döwletleriň öňünde depginli ykdysady ösüşiň we olaryň dünýä hojalyk ulgamyna täsirini güýçlendirmek babatynda hakyky mümkinçilikleri açýar.
    GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy halkara şertnamalary, GDA gatnaşyjy döwletleriň kanunçylygyny berjaý etmäge, özara bähbide, deňhukuklylyga we hukuklaryň kemsidilmezligine, aýdyňlyga, ykdysady netijelilige, serişdeleri tygşytlamaga, ekologiýa howpsuzlygyna we ýokary tehnologiýalaryň peýdalanylmagyna esaslanýar.
    GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygynyň maksatlary şulardan ybaratdyr: Arkalaşygyň binýatlyk esaslaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak, guramanyň onda iri ulag we energetika taslamalarynyň amala aşyrylýan, häzirki zaman amatlyklarynyň, kommunikasiýalaryň, halkara ulag geçelgeleriniň, sebitara we ählumumy derejelerde logistik merkezleriň döredilýän giňişligi hökmünde dünýä hojalyk aragatnaşyklaryna goşulyşmagy (GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň goşulyşy ýaly); onuň esasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň netijeli ösmegi we durnukly ykdysady ösüşi üpjün ediljek, şol sanda garyplygy aradan aýyrmagy, işsizlik meseleleriniň çözülmegini üpjün edýän Arkalaşygyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk hem artdyrmak; GDA-nyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, birek-biregiň üstüni ýetirmek we GDA gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatyny halklaryň bähbidi üçin netijeli peýdalanmak.
    GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygynyň wezipeleri hökmünde şular kesgitlendi:
    bilelikde ählumumy we sebitleýin maýa goýum taslamalaryny we ykdysady çäkleri ösdürmegiň maksatnamalaryny başlamak arkaly Arkalaşygyň we GDA gatnaşyjy döwletleriň dünýä hojalyk işlerine täsirini giňeltmek;
    BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini gazanmak üçin hyzmatdaşlygyň GDA gatnaşyjy döwletleriň we üçünji ýurtlaryň we/ýa-da abraýly halkara guramalaryň ykdysady gyzyklanmalaryna esaslanýan netijeli gurluşlary döretmek;
    strategik ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri emele getirmek, şol bir wagtda ekologiýa meselelerini çözmek bilen, ählumumy we sebitleýin maýa goýum taslamalary we ösüş maksatnamalary durmuşa geçirilende GDA gatnaşyjy döwletleriň mümkinçiliklerini birleşdirmek;
    innowasiýalary we nanotehnologiýalary giňden ulanmagyň, bar bolan tebigy we ykdysady serişdeleri toplumlaýyn peýdalanmagyň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça tagallalary birleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň görnüşlerini giňeltmegiň we dünýäniň ykdysady ulgamynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny saklamagy üpjün etmegiň hasabyna GDA gatnaşyjy döwletleriň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak;
    dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak we GDA gatnaşyjy döwletleriň Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda ýollary we merkezleri baglanyşdyrýan halkara ulag geçelgeleriniň ugrundaky milli amatlyklaryny (infrastruktura) mundan beýläk hem ösdürmek;
    GDA gatnaşyjy döwletleriň geografik we amatlyklar (infrastruktura) mümkinçiliklerini, tehniki, tehnologik we üstaşyr geçirmek kuwwatlaryny birleşdirmek;
    Arkalaşygyň giňişliginde maliýe durnuklylygyny üpjün etmek we pugtalandyrmak;
    ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak, şol sanda ählumumy derejede pugtalandyrmak, halkara howpsuzlygy üpjün etmek maksatlarynda korrupsiýa, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine hem-de beýleki howplara we wehimlere garşy hereket etmek;
    globallaşmagyň ýüze çykarýan meselelerini bilelikde çözmekde aňrybaş netijeliligi gazanmak, globallaşmagyň artykmaçlyklaryny Arkalaşygyň GDA gatnaşyjy döwletleriň halkara maliýe haryt bazarlaryndaky orunlaryny pugtalandyrmak üçin peýdalanmak;
    sanalyp geçilen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Arkalaşygyň çäklerinde degişli halkara resminamalary taýýarlamak we halkara maýa bazarlarynda onuň abraýyny we ornuny pugtalandyrmak üçin ähli derejelerde netijeli gepleşik meýdançasyny üpjün etmek.
    Görkezilen maksatlara ýetmek we bellenilen wezipeleri çözmek üçin GDA gatnaşyjy döwletleriň işiniň ileri tutulýan ugurlary şular bolup durýar:
    milli öndürijileriň harytlarynyň GDA gatnaşyjy döwletleriň bazarlaryna erkin çykarylmagyny üpjün etmek maksady bilen, özara söwdanyň şertlerini erkinleşdirmek we ony mundan beýläk hem ösdürmek, hereket edýän çäklendirmeleri ýatyrmak we olary erkin söwda düzgüninden aýyrmak, şol sanda çig malyň getirilmegine hem-de taýýar önümleriň çykarylmagyna degişli çäklendirmeleri ýatyrmak;
    kärhanalaryň we tehnologiýa taýdan özara baglanyşykly önümçilikleriň arasynda bileleşik önümçilik aragatnaşyklary ösdürmek, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, innowasiýa tehnologiýalary boýunça döwletara maksatnamalary işläp taýýarlamak, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlarynda hereket etmek;
    oba hojalyk önümçiligi, ýeňil senagat, gurluşyk materiallaryny öndürmek, zergärçilik senagaty ýaly ulgamlarda we beýleki pudaklarda bileleşik taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;
    birinji nobatda, GDA gatnaşyjy döwletleriň ykdysadyýetini ösdürmäge düýpli täsir edýän ulag, energetika we telekommunikasiýa ulgamlarynda, bilelikdäki iri maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, olaryň durmuşa geçirilmegi üçin, şol sanda GDA gatnaşyjy döwletleriň ýörite ykdysady zolaklaryna maýa goýumlaryny çekmek;
    energetika (elektroenergiýa hem uglewodorodlar) bilen halkara üpjünçiligiň durnukly ulgamlaryny döretmek, GDA giňişliginde hem, ählumumy energetika bazarlarynda hem özara hereket etmegiň netijeli çyzgytlaryny we modellerini işläp taýýarlamak;
    BMG-niň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň gurluşlaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmak;
    energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak we ýangyç-energetika serişdeleriniň peýdalanyşyny amatly etmek maksatlarynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak;
    uglewodorodlary gazyp almak, daşamak we üstaşyr geçirmek babatynda hyzmatdaşlyk etmek;
    dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölekleriniň birinde — ulag ulgamynda özara hereket etmegi ösdürmek, şol sanda GDA gatnaşyjy döwletleriň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we bäsleşige ukyplylygyny artdyrmak; halkara guramalaryň gatnaşmagynda sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen, köpugurly we howpsuz halkara ulag amatlyklaryny döretmek; GDA giňişliginde sebitara aragatnaşygy ösdürmäge hem-de Arkalaşygyň ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönükdirilen ulag we amatlyklar ulgamynda GDA gatnaşyjy döwletler bilen üçünji ýurtlaryň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan ýokary derejä çykarmaga, uzak möhletli geljekde sebitara aragatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge, Ýewraziýa yklymynda täze geoykdysady giňişligiň arhitekturasynyň binýadyny goýmaga mümkinçilik berýän iri halkara we sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek;
    GDA gatnaşyjy döwletleriň sebitleýin ykdysady komissiýalary, hususan-da, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy we Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlary üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy bilen durnukly ulagy ösdürmek, durnukly ulag arabaglanyşygy we Ýewraziýada halkara ulag amatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak babatynda hyzmatdaşlygyny giňeltmek;
    GDA gatnaşyjy ähli döwletlerde önümçilik güýçlerini oýlanyşykly ýerleşdirmek we ilatyň durnukly ykjamlygyny üpjün etmek, içerki we daşarky halkara syýahatçylygyň möçberlerini artdyrmak, telekeçilik işini işjeňleşdirmek maksady bilen, Arkalaşygyň ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek (demir we awtomobil ýollary, howa we deňiz menzilleri, turbageçirijiler);
    halkara ýük daşamalar amala aşyrylanda nyrh syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we milli derejede fiskal-dolandyryş päsgelçilikleriniň täsirini aradan aýyrmak; daşamalar ulgamyny kämilleşdirmek; ýükler üstaşyr daşalanda GDA gatnaşyjy döwletleriň dürli ulag ulgamynyň gurluşlarynyň arasynda, şol sanda deňiz menzilleriniň arasynda özara hereketiň derejesini ýokarlandyrmak; howa hereketini guramakda GDA gatnaşyjy döwletleriň milli ulgamlaryny raýat awiasiýasynyň halkara guramalarynyň kadalary we talaplary bilen sazlaşdyrmak;
    iri ulag-logistika merkezlerini döretmek;
    maliýe ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek;
    töleg-hasaplaşyk gatnaşyklary babatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek;
    bilelikde bäsleşige ukyply önümleri, şol sanda üçünji ýurtlaryň bazarlarynda döretmek üçin esas hökmünde ylmy-tehniki we innowasion hyzmatdaşlygy giňeltmek;
    GDA gatnaşyjy döwletleriň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we Arkalaşygyň çäklerinde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, sanly tehnologiýalary, şol sanda emeli intellekti ösdürmek we bilelikde peýdalanmak;
    bilim, ylym, saglygy goraýyş, zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak, medeniýet, maglumat, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek;
    daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça özara hereket etmek;
    adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek meseleleri boýunça özara hereket etmek; tebigy we tehnogen betbagtçylyklaryň öňüni almak we olara garşy hereket etmek boýunça bilelikde alnyp barylýan işi işjeňleşdirmek;
    BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini gazanmak maksady bilen, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini dolandyrmak, bioköpdürlüligi saklap galmak, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça BMG we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak;
    sebite degişli bölegi — GDA gatnaşyjy döwletleriň we olaryň sebitleriniň sebitleri we serhetýaka çäkleri ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek, dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak meselelerini çözmekde köptaraplaýyn özara hereketini pugtalandyrmak.
                                                        ***
    Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň we tutuş Arkalaşygyň durmuş-ykdysady kuwwatyny has doly peýdalanmaga, olaryň deňhukuklylygyny, özara bähbitli we toplumlaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, özara ykdysady aragatnaşyklary durnukly giňeltmäge, milli ykdysadyýetiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, dünýä çökgünlikleri bilen bagly töwekgelçiliklere we howplara garşy durmaga, ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykmagy üpjün etmäge, GDA gatnaşyjy döwletleriň dünýä ykdysadyýetindäki orunlaryny güýçlendirmäge, raýatlaryň hal-ýagdaýynyň derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etmäge mümkinçilik berer.
                                                        Aşgabat, 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabry.