TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNDAKY BAŞLYKLYGY

    Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy özbaşyna agramly kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň esasynda hereket edýän, tertipnamalaýyn hem-de pudaklaýyn edaralaryň işe ukyply ösen ulgamy bolan umumy ykrar edilen sebitleýin halkara birleşik bolup durýar. GDA, şeýle hem açyk, dostlukly ýagdaýda işjeň gepleşikleri alyp barmaga, ykdysady, ynsanperwer we syýasy ulgamlardaky özara hereketleriň hem-de hyzmatdaşlygyň meselelerini çözmäge mümkinçilik berýän döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklary üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat edýär.
    Dünýä jemgyýetçiliginiň Bolwežsk ylalaşyklary mälim edilen hem-de «GDA» gysgaltmasy ilkinji gezek eşidilen 1991-nji ýylyň dekabrynda wakalar düýbünden başgaça görnüşde ýaýbaňlanyp hem bilerdi. Hut şu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň häzirki keşbiniň kemala gelmeginde Türkmenistanyň eýelän möhüm ornuny belläp geçmek möhümdir. Çünki 1991-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi we ol GDA-nyň häzirki görnüşinde döredilmegi üçin esas bolup hyzmat eden Alma-Ata Jarnamasynyň gol çekilmegi üçin oňaýly şertleri döretdi.
    Türkmenistan beýleki döwletler bilen birlikde, 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda GDA agza ýurtlaryň içeri we daşary syýasatlarynyň dürli ulgamlarynda deňhukukly hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmegi baradaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna hem-de Alma-Ata Jarnamasyna gol çekdi. Şunlukda, ilkibaşda daşary syýasat ülňüsinde bitaraplyk syýasatyny saýlap almak bilen, Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary diňe bir ýurduň ösüş ýollaryny tapmak barada çemeleşmän, eýsem, döwletiň içerki durnuklylygy üçin oňyn daşky şertleriň döredilmeginden ugur aldylar.
    Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen ykrar edildi. Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini nazarda tutup, 2005-nji ýylyň 26-njy awgustynda Kazan şäherinde geçirilen sammitde GDA döwletleriniň Baştutanlary hakyky dostluga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanyp, Türkmenistanyň Arkalaşyga assosiirlenen agza hökmünde gatnaşmagy baradaky beýannamany kabul etdiler. Şol döwürden bäri Türkmenistan özüniň halkara-hukuk derejesine gyşarnyksyz ygrarlylygyny beýan etmek bilen, bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň, beýleki ugurlar bilen birlikde, GDA-nyň çäklerinde wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgeleri bolup durýandygyny iş ýüzünde subut etdi. Bu ýagdaý Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda hem-de döwlet Baştutanynyň çykyşlarynda dowamly tassyklanyldy.     Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň oktýabrynda Soçi şäherinde geçirilen sammitde Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: «Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini nazara almak hem-de GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde halklarymyzyň we döwletlerimiziň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça özara gatnaşyklary dowam etmäge, özara bähbitli syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ygrarly bolup galýar» diýip, aýratyn nygtap geçdi.
    Häzirki döwürde Türkmenistanyň soňky ýyllaryň dowamynda GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlary bilen özara hereket etmäge bolan gyzyklanmasynyň ýokarlanandygyny nygtamak üçin ähli deliller bardyr. Bu, ilkinji nobatda, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlara, GDA ýurtlary üçin umumy ähmiýete eýe bolan çäreleriň geçirilmegi baradaky başlangyçlara degişlidir. Ýurtlaryň Baştutanlarynyň kararlary, şeýle hem türkmen tarapynyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly çärelerdir wakalar Türkmenistanyň Arkalaşygyň ýurtlary bilen özara hereketleriniň ýeten özboluşly ähmiýetli derejesi hökmünde görkezilip bilner. Bu başlyklyk Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde, hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşinde, daşary işler ministrleriniň Geňeşinde, Ykdysady geňeşde, döwletleriň Arkalaşygyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky hemişelik ygtyýarlylandyrylan wekilleriniň geňeşinde, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça Toparynda hem durmuşa geçirilýär. Bu jogapkärli wezipäniň möhüm ugurlary Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda kesgitlenildi we ol 2018-nji ýylda kabul edildi. Oňa GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda ynamy we özara düşünişmegi berkitmek, GDA-nyň çäklerinde durnuklylygy we howpsuzlygy goldamaga gönükdirilen başlangyçlara ýardam bermek, Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek arkaly, syýasy-diplomatik özara gatnaşyklary güýçlendirmek; GDA-nyň abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG we ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini çözmekde Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň we halkara guramalaryň tagallalaryny berkitmäge ýardam bermek; ulag we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek, häzirki zaman infrastrukturasyny, sebitara ähmiýetli logistika merkezleriniň aragatnaşygyny döretmek maksady bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de giňeltmek, giňişlik hökmünde dünýä hojalygy gatnaşyklaryny integrirlemek üçin amatly şertleri döretmek; energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýa babatda GDA ýurtlarynyň arasyndaky arkalaşykly gatnaşygy berkitmek; Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda giň medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport gatnaşyklaryny goldamak we höweslendirmek ýaly meseleler girizildi.
    Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde baý mazmunly hem-de ýokary guramaçylykly çäreleriň köp sanlysy geçirildi. Bu çäreler biziň ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, hyzmatdaşlyklarynyň hem-de özara hereketleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Hususan-da, şu ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda GDA-nyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, onuň barşynda ykdysady hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen möhüm resminamalaryň birnäçesine seredildi. Netijede, GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşi tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA döwletleriniň innowasion hyzmatdaşlygy boýunça döwletara maksatnamasy kabul edildi, Intellektual eýeçiligiň desgalaryna bolan hukuklaryň goragy ulgamynda GDA döwletleriniň gümrük edaralarynyň özara hereket etmegi baradaky Ylalaşyk makullanyldy, söwda, gümrük resmileşdirmesi we haryt gözegçiligi, olaryň Arkalaşygyň ýurtlarynyň çäklerinden üstaşyr geçirilmegi, şeýle hem binýatlyk barlaglar we muzeý işi ýaly ulgamlar boýunça GDA döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini kadalaşdyrýan resminamalara gol çekildi.
    Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň dowamynda 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň Ykdysady taýdan ösüş strategiýasynyň (2016 — 2020-nji ýyllar) üçünji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi dowam etdirilýär we şol bir wagtyň özünde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň Ykdysady taýdan ösüş strategiýasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça hem işler alnyp barylýar. Beýleki ykdysady ileri tutmalaryň hatarynda GDA döwletleriniň energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekleriniň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça derwaýys çäreleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi babatdaky çäreleri hem belläp geçmek zerurdyr.
    Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçirilen hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde: «Biziň ýurtlarymyz çäk taýdan birleşendir, umumy taryhy tejribä eýedir, şolary köpugurly ynsanperwer gatnaşyklar birleşdirýär we biz üýtgäp durýan häzirki zaman şertlerinde öz mynasyp ornumyzy eýelemelidiris.
    Elbetde, her bir döwlet, her bir halk kim bilen hem-de hyzmatdaşlygyň haýsy ugurlary boýunça gatnaşyk etmekde öz ýoluny saýlamaga haklydyr. Ýöne GDA döwletlerine özleriniň eýe bolan tebigy artykmaçlyklaryndan, ozaly bilen bolsa, geoykdysady babatda ählumumy we yklym derejeli wakalara doly derejeli, netijeli we deňhukukly gatnaşmak üçin bu mümkinçiliklerinden peýdalanmak zerurdyr. Muňa, ilkinji nobatda, Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has giň geografiýa we ykdysady giňişliklere çykarmak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlary gönükdirilendir» diýip, adalatly nygtapdy. Başlyklyk ediji tarapyň bu başlangyjy Arkalaşygyň döwletleriniň netijeli köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna sazlaşykly integrirlenmegine gönükdirilen bolup durýar. Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly 
    Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy bu beýannamanyň iş ýüzündäki şöhlelenmesine öwrüldi. Hazar bäşligi, şonuň ýaly-da, GDA gatnaşyjy döwletler üçin möhüm waka öwrülen bu çäre ulag, söwda, energetika, ekologiýa, syýahatçylyk, maýa goýum şertleriniň gowulandyrylmagy ulgamynda gyzyklanma bildirýän taraplar üçin sebitleýin integrasiýanyň we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini döredýär.
    GDA ýurtlary üçin ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nazarda tutulyp, türkmen tarapynyň GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumynyň taýýarlanylmagy hem-de geçirilmegi boýunça saldamly işini belläp geçmek zerurdyr, çünki ol Arkalaşygyň ýurtlarynyň işjeň gatnaşmagynda geçirildi we ýurtlar bu çärä gatnaşmak üçin degişlilikde wekilleriniň 200-den gowragyny ýolladylar. Aşgabatda geçirilen forum medeni-ynsanperwer ulgama degişli hünärmenleriň gepleşikler geçirmeklerine ýardam etdi we özbaşdak döwletleriň özboluşly medeniýetleriniň arasyndaky gatnaşyklara bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdy. Döredijilik we ylmy intelligensiýanyň ХIV forumyna gatnaşyjylar tarapyndan kabul edilen Kararnamada öz beýanyny tapan Arkalaşygyň giňişliginde ynsanperwer ulgamdaky özara hereketleriň mundan beýläk hem giňeldilmegi boýunça teklipler beýan edildi. Resminamada aýratyn hem GDA ýurtlarynyň dilleriniň, taryhynyň we milli däp-dessurlarynyň hemmetaraplaýyn öwrenilmegi hem-de ýaýbaňlandyrylmagy üçin medeni we tebigy mirasyň goralyp saklanmagynyň, ylym, bilim, medeniýet guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşmeleriniň hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Biziň ýurtlarymyzyň ynsanperwer durmuşyndaky bu ähmiýetli wakanyň täze özara bähbitli taslamalaryň döredilmegi üçin goşmaça höweslendiriji esas boljakdygy gürrüňsizdir.
    Türkmen tarapynyň işjeň gatnaşmagynda 2019 — 2020-nji ýyllar üçin Ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamyndaky ileri tutulýan çäreleriň Meýilnamasynyň, GDA-da sportuň milli görnüşleriniň goldanylmagynyň we ösdürilmeginiň Maksatnamasynyň, 2020-nji ýyla çenli ýaşlar hyzmatdaşlygy, syýahatçylyk ulgamyndaky strategiýalaryň we beýlekileriň durmuşa geçirilmegi boýunça ulgamlaýyn işler dowam etdirilýär. Umuman aýdylanda, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiň hem-de Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara gaznanyň müdiriýetiniň, Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiň, Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiň mejlisleri we beýleki wajyp duşuşyklar hem-de çäreler Aşgabat şäherinde guramaçylykly geçirildi.
    GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň geçirilmegine, Mary we Daşoguz şäherlerinde «Arkalaşygyň medeni paýtagtlary» atly döwletara maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, 2014-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA ýurtlarynyň mekdep medeni-sport festiwalynyň guralmagyna, umuman, Arkalaşygyň çäklerinde bu ulgamda çäreleriň ençemesini taýýarlamaga we geçirmäge uly goşant goşandygy üçin, GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşi hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýeti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy «Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi kabul etdi. Sylaglaýyş dabarasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirildi. Men Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna aýdylýan ähli gutlaglara tüýs ýürekden goşulýaryn.
    13-nji sentýabrda Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisi üstünlikli geçirildi. Mejlisiň gün tertibine özara hereketleriň geljegi uly ugurlarynyň, şol sanda strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamanyň, Jemgyýetiň sanly ösüş ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň Konsepsiýasynyň we onuň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly öňde durýan derwaýys çäreleriň meýilnamasynyň, 2019 — 2024-nji ýyllar üçin GDA döwletleriniň radionawigasiýasyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy we beýleki meseleler girizildi. Şu ýylyň 10 — 11-nji oktýabrynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen birlikde, Türkmenistanda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň hem-de döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri ýokary derejede geçirildi. 25-nji noýabrda bolsa Moskwada GDA-nyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
    Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen çäreleriň ählisiniň-de mazmuna baý we guramaçylykly geçirilendigini bellemek zerurdyr. Giňişleýin düzümdäki gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. GDA gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özara hereketlere, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmeginiň meselelerine aýratyn seredilip geçildi. Taraplar utgaşykly hereketler arkaly syýasy hem-de ykdysady integrasiýany gazanmagyň mümkindigi, häzirki döwrüň wehimlerine öz wagtynda täsir edip bolýandygy baradaky pikire geldiler. Şeýle hem GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça hereketleriň Maksatnamasy hakynda», «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen bagly Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Ýüzlenmesi hakynda», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda» we «GDA ýurtlarynyň arasynda sportuň dürli ugurlary boýunça halkara ýaryşlaryň geçirilmegi hakynda» resminamalara gol çekilendigini bellemek zerurdyr. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça Arkalaşygyň gatnaşyjy ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça özara kabul ederlikli ylalaşyklar gazanyldy.
    Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň Türkmenistanyň başlyklygynyň çäklerindäki esasy syýasy waka bolandygy gürrüňsizdir. Oňa ilkinji gezek Ukrainadan başga GDA agza döwletleriň ählisiniň gatnaşandygyny aýratyn nygtamak gerek. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabada geldiler. Ermenistan Respublikasyna ýurduň Premýer-ministri Nikol Paşinýan wekilçilik etdi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirildi.
    Mejlisde dürli meseleleriň giň toplumyna garaldy hem-de GDA-da durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň saklanylmagyna, söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyga degişli 8 resminama gol çekildi. Bu ýerde çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça, özüniň başlyklygynyň maksatlaryna laýyklykda Türkmenistan tarapyndan beýan edilip, işlenilip düzülen resminamalaryň taslamalaryna aýratyn üns berildi. Bu ýerde Arkalaşygyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça hereketleriň Maksatnamasy we GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamasy babatda gürrüň edilýär. Bu resminamalar Arkalaşygyň ýurtlarynda oňyn seslenmädir goldawa eýe boldy we GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň hem-de döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisleriniň gün tertibine girizildi.
    Döwlet Baştutanlary tarapyndan kabul edilen Arkalaşygyň döwletleriniň giň gerimli ykdysady gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge we berkitmäge gönükdirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamasynyň ähmiýetini aýratyn nygtamak gerek. Bu resminamany işläp taýýarlamak we kabul etmek başlangyjy Türkmenistana degişlidir. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň oktýabrynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Soçide geçirilen sammitinde häzirki zaman şertlerinde ählumumy ykdysadyýetdäki ýagdaýlary nazara almak bilen, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge täze innowasion çemeleşmäniň zerurdygy bilen şertlendirilen Arkalaşygyň döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy maksatlaryny, wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän köptaraply resminamany taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.
    Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikleriň tutuş toplumyndan netijeli peýdalanylmagynyň, şol sanda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de GDA-nyň içinde özara goşulyşmagyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň öňünde okgunly ykdysady ösüşiň uly mümkinçiliklerini açýandygyny aýratyn nygtady.
    Hormatly Prezidentiň belleýşi ýaly, mümkinçilikleriň tutuş toplumyndan netijeli peýdalanylmagy, şol sanda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk hem-de GDA-nyň içinde özara goşulyşmak Arkalaşygyň ýurtlarynyň öňünde okgunly ykdysady ösüşiň uly mümkinçiliklerini açýar. Öz nobatynda, bu agza ýurtlaryň dünýä hojalyk ulgamynyň ösüşine täsirini güýçlendirmäge ýardam eder.
    Ýylyň dowamynda Arkalaşygyň döwletleriniň ykdysady düzümleriniň ýolbaşçylary, bilermenleri we hünärmenleri ady agzalan resminamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça uly işleri ýerine ýetirdiler. Jarnamanyň taslamasy GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen nobatdaky mejlisinde makullanyldy hem-de döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu mejlisiniň gün tertibine girizildi.
    GDA ýurtlarynyň Liderleriniň ählisi bu resminamanyň kabul edilmegini goldap çykyş etdiler hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamasy biragyzdan kabul edildi. Bu resminamanyň kabul edilmegi GDA döwletleriniň sebit we dünýä meseleleri boýunça bilelikdäki tagallalaryny ösdürmäge, ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge güýçli itergi berer.
    Bu resminamalaryň kabul edilmegi derwaýys sebitleýin we ählumumy meseleler boýunça bilelikdäki ýörelgeleriň berkidilmegi, GDA ýurtlarynyň ykdysady özara hereketleriniň tutuş gurluşynyň pugtalandyrylmagy üçin wajyp başlangyç boldy. Şeýlelikde, türkmen tarapynyň, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmek wezipesiniň ýerine ýetirilmegi boýunça başlangyçlaýyn hem-de gyzyklanmalaýyn çemeleşmesi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gysga möhletleýin, edil şonuň ýaly-da, uzak möhletleýin maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki tagallalara özüniň görnetin täsirini ýetirýär we ýetirmegini dowam edýär.
    Sözümi jemläp, Türkmenistanyň döwlet sylagy — «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Men muny GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işine berlen ýokary baha hasaplaýaryn. Arkalaşygyň ýokary başarjaňlyga we jogapkärçilige eýe bolan ýurtlaryndan ybarat bolan halkara birleşigimiz dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak, berkitmek, ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda ähli tagallalary edýär.
    GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary hökmünde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hem-de özümiň Arkalaşygyň halklarynyň netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan maksatlara ýetmegiň bähbidine mundan beýläk-de netijeli işlejekdigimize ynandyrmak isleýärin.
    Pursatdan peýdalanyp, döwletleriň hem-de wekiliýetleriň Baştutanlaryna ýokary ynamy hem-de geljek üç ýyl üçin ygtyýarlyklarymyň tassyklanandygy üçin hoşallyk bildirýärin.
                                                        Sergeý LEBEDEW, 
                                                        Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 
                                                        Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — 
                                                        Ýerine ýetiriji sekretary.