Aşgabat sammiti: ynsanperwerligiň röwşen ýoly bilen

    Ynha, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi tamamlandy. Bu çäre Türkmenistanyň şu ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çägindäki köpugurly hem köp sanly çäreleriň-de üstünlikli jemlenmesine öwrüldi.
ýsem, Türkmenistan dürli mentalitetli, dürli medeniýetli, şol bir wagtyň özünde-de biri-birine örän ýakyn, taryhdaş halklary özünde jemlän Arkalaşyga nähili başlyklyk etdi? Elbetde, bu sowala düýnki gepleşiklerdir duşuşyklar, kabul edilen ähmiýetli resminamalar birkemsiz jogap berdi. Gelen myhmanlar tarapyndan hem, iri halkara habar beriş serişdelerinde hem ýylyň dowamynda dürli ugurlary gurşap alan çärelere, tagallalara uly baha berdiler. Geljek ýyl Arkalaşyga başlyklyk etjek doganlyk Özbegistanyň wekilleri bolsa öňde duran wezipelerde hut Türkmenistany nusga edinýändiklerini dile getirdiler.
    Arkalaşyga başlyklygyň şeýle ýokary derejesi Türkmenistanyň syýasy, aň-tejribe mümkinçilikleri bilen bir hatarda, elbetde, asyl yzlap, nesil yzlap gelýän üýtgeşik ynsanperwerligi bilenem baglydyr.
    Şeýle ynsanperwerligiň, myhmansöýerligiň netijesinde-de Aşgabat sammitiniň başdan-aýak ähli çärelerine — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz kärdeşleri bilen geçiren ikiçäk duşuşyklaryna-da, döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine-de köne dostlaryň didarlaşygy deýin ýürekdeşlik, içginlik mahsus boldy.
    Hawa, ynsanperwerlik diňe medeniýet, sport babatdaky gatnaşyklar däl. Eýsem, munuň özi ynsana mahsus bolan iň gymmatly duýgy-düşünjeleriň jemidir. Ynsany ynsan edýän gymmatlyklara belent sarpadyr. Şoňa görä-de, düýn Arkalaşygyň Aşgabat sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň medaly bilen sylaglanmagynyň örän ýerine düşen çözgütdigini, şonuň bilen bir hatarda-da, Aýyň-Günüň dogşy deý, tebigylykdygyny turuwbaşdan nygtamak isleýäris.
    Türkmen Lideri diňe bir Arkalaşygyň çäginde däl, eýsem, bütin dünýäde ynsanperwerligiň rowaçlanmagyna uly goşant goşýar.
    Türkmen Lideri häzirki zamanyň möhüm-müşgil meseleleriniň çözgüdiniň ynsanperwerlikdedigine, birek-biregiň köňül diline düşünmekdedigine, ynanyşmakdadygyna, halkara rowaçlygyň milli gymmatlyklardan, adamzat bagtyýarlygynyň ynsan bagtyndan başlanýandygyna ynanýar we ähli halklary şu ýörelgelere ygrarlylyga çagyrýar.
    GDA-nyň häzirki wagtda täsirli gurama hökmündäki ornuny, ilkinji nobatda, agza döwletleriň halklarynyň asyrlary aşan dost-doganlyk gatnaşyklary hasyl edýär. Bu hakykaty: “Geografiýa bizi goňşy etdi. Taryh dostlara, ykdysadyýet hyzmatdaşlara, sungat ýürekdeşlere, zerurlyk bolsa pikirdeşlere öwürdi” diýen ýörgünli sözler bilen aňlatmak bolar. Aşgabat sammiti öňdenem ýakyn, öňdenem jebis halklary has ýakynlaşdyran, jebisleşdiren sammit bolup taryha ýazyldy. Şunda kabul edilen resminamalara uly orun degişlidir.
    Ylaýta-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýyl mundan ozal Soçi sammitinde öňe süren başlangyjy esasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň kabul edilmegini şu gezekki duşuşygyň esasy üstünlikleriniň biri hökmünde nygtamak bolar.
    Eýsem, bu Jarnamanyň ähmiýeti nämede?! Ykdysady hyzmatdaşlyk ulag, energetika, söwda ýaly birgiden ugurlary gurşap alýar. Düzümine girýän özygtyýarly ýurtlar bilen bir wagtda kemala gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bolsa bu günki gün diňe bir pikir alyşmalar meýdançasy bolman, eýsem, bähbitleriň bitewüleşýän, täze mümkinçilikleriň açylýan giňişligidir. Ol Gündogar Ýewropanyň we Demirgazyk Aziýanyň uly bölegini öz içine alýar. Demirgazygynda Demirgazyk Buzly ummanyna, gündogarynda Ýuwaş ummanyna, günbatarynda we günorta-günbatarynda Atlantik ummanyna çykalgasy bolan giňişlikde dünýäniň senagat mümkinçilikleriniň 10 göterimi jemlenendir. Bu giňişlik uglewodorod çig mallarynyň ägirt uly gorlaryna, has anygy, tebigy serişdeleriň dünýä boýunça dörtden bir bölegine, ählumumy ähmiýetli ulag-aragatnaşyk geçelgelerine, söwda-ykdysady mümkinçiliklerine, zamananyň tehnologik ösüşleriniň baý tejribesine we uly bazara eýedir. Kabul edilen Jarnama şu mümkinçilikleriň bilelikdäki ösüşe gönükdirilmeginde, täze gözýetimleriň açylmagynda möhüm maksatlary öňde goýýar. Munuň özi Arkalaşygy Ýewraziýada söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli merkezleriniň birine öwürmek ugrundaky tutumly tagallalaryň üstüni ýetirýär. Şunda sanly ulgama, ýokary tehnologiýalara uly orun degişlidir.
    Şu ýerde bir zada ünsi çekeliň! Ýaňy-ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen möhüm Kararnamalaryň üstüni “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama ýetirdi. Türkmen Lideriniň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitinde öňe süren başlangyjynyň desbi-dähel durmuşa geçmesi hökmünde iki aý mundan ozal guralan, sebitde täze taryhyň, täze tapgyryň başyny başlan birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji Beýannamasy-da BMG-niň resminamasy hökmünde kabul edildi.
    Hazar sebitinde ulag, söwda babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatdaky ylalaşyklaryň hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen kabul edilendigini-de ýatlamaly. Munuň özi dürli ýurtlar bilen özara gatnaşyklardan başlap, dünýä bileleşigine çenli ähli halkara düzümlerde türkmen Lideriniň öz sözüni, türkmen döwletiniň garaýşyny düşündirip, onuň kabul edilmegini gazanyp bilýändigini, dünýä halklarynyň tagallalaryny möhüm maksatlarda çugdamlap bilýändigini Aý dogan ýaly aýdyň etmeýärmi eýsem?!
    Hormatly Prezidentimiziň sammitde eden çuňňur manyly çykyşy sebitiň, dünýäniň bähbidine bilelikde hereket etmegiň ýeneki anyk çelgilerini, aýdyň başlangyçlaryny özünde jemledi.
    Hawa, gözel Aşgabat, nurana Aşgabat, parahatçylygyň ak şäheri, dostanalygyň halkara merkezi hökmünde adygan Aşgabat dünýä ykbalyna dahyllylygy bilen ýene-de dillerde dessan boldy. Türkmen topragynyň myhman garşylap, döwletli-derejeli mejlisleri geçirip bilmek, halklary asylly maksatlarda birleşdirmek-bitewüleşdirmek ukybyny dünýä ýaýdy. Şu günler halkara habarlar giňişliginde ýaýradylýan maglumatlara ser salanyňda, bu taryhy waka diňe bir Arkalaşygyň çäginde däl, dünýäniň syýasy giňişliginde uly ähmiýet berilýändigine göz ýetirýärsiň.
    Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk etmegi Arkalaşygyň çäginde yglan edilen Kitap ýylyna gabat geldi. Bu sazlaşyk “Nesillere ismim galsyn diýseň, ýa kitap ýaz, ýa kitaplarda taryplanarlyk iş bitir!” diýen peder pähimini ýada salýar.
    Türkmen döwletiniň, döwlet Baştutanymyzyň nesilleriň röwşen geljegine gönükdirilen halkara tagallalarynyň waspy galyň-galyň kitaplara mahsus. Muny Arkalaşygyň Aşgabat sammiti hem kemsiz görkezdi. Bu babatda entekler kän-kän söhbet ediler.
    Mertebäň hemişe belent bolsun, arkalaşyp dag aşýan türkmen döwleti!
    Belent sylagyňyz gutly bolsun, Ýer ýüzünde ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyz!
                                                            Kakamyrat REJEBOW.