Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen medal bilen sylaglandy

    GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew milli Liderimiziň Arkalaşygyň çäklerinde bu ulgamda çäreleriň ençemesini taýýarlamaga we geçirmäge uly goşant goşandygyny belläp, GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýetiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy «Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi kabul edendigini aýtdy.
    GDA agza döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy, Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bülbül ogly Arkadag Prezidentimize hormatly sylagy gowşurdy.