Medeni gatnaşyklar rowaçlanýar

    Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda dostlukly ýurduň «Bauhauas» binagärlik birleşiginiň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanda we Germaniýada ak şäherler — ak binagärlik sungaty» atly şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. 15-nji oktýabra çenli dowam etjek serginiň açylyş dabarasyna ilçihananyň wekilleri, muzeý işgärleri, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 
    Serginiň açylyş dabarasynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing çykyş edip, ýurtlaryň arasynda ähli ulgamlar bilen birlikde, medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrunda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň rowaçlanýandygyny, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şäher gurluşygynda binagärlik ulgamyna uly ähmiýet berilýändigini aýratyn belläp, şeýle diýdi: 
    — Biziň Türkmenistan bilen alyp barýan tutumly işlerimiz has-da dabaralanýar. Biz muny medeniýet ulgamynyň mysalynda hem aýdyp bileris. Aşgabatda geçirilýän sergä geçen ýyllaryň dowamynda Germaniýanyň günorta böleginde gurlan, özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan binalaryň fotosuratlary getirildi. Sergide türkmen topragynda gurlan binalaryň hem ençemesiniň suratlary bar. Ýurduň paýtagty Aşgabatda we welaýatlarynda gurlan özboluşly ak mermerli binalaryň birnäçesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu bolsa hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň binagärlik taglymatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini görkezýär.
    Sergide şu ýylyň tomsunda «Bauhauas» binagärlik birleşiginiň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli yglan edilen taslama bäsleşiginde ýeňiji bolan talyp ýaşlaryň taslamalaryny-da görkezýäris. Şu sergini guramaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna öz hoşallygymyzy bildirýäris. Halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýan Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. 
    — Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurulýan binalarda ýaşlaryň pikiriniň diňlenmegi bizi täze gözleglere ruhlandyrýar. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Bauhauas» binagärlik birleşiginiň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli guralan bäsleşige döwrebap ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny hödürläp, birinji orna mynasyp boldum. Taslamanyň düzüminde ýaşaýyş üçin zerur şertleriň ählisi göz öňünde tutulan. Biz — ýaşlara ukyp-başarnygymyzy açyp görkezmekde, geçirilýän bäsleşiklere taslama işlerimiz bilen gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir — diýip, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Annamuhammet Amanow gürrüň berdi.