Türkmen ýüreginiň gyzgyn salamy

    Ol mydama şirin-şeker halk aýdym-sazlarynda öz beýanyny tapýar. Bu gezegem şeýle boldy. Indi birnäçe gün bäri Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda uly üstünliklere beslenip geçirilýän ýurdumyzyň Medeniýet günlerinde iki dostlukly döwletiň sungat ussatlarynyň dostluk konserti düýn Kazan şäheriniň W.I.Lenin adyndaky medeni-dynç alyş toplumyny hoş owazlar bilen besledi. 
    Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşy «Serpaý» folklor toparynyň hem-de konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde «Size salam!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Türkmen hem tatar halklarynda «salam» sözi uly mukaddeslik hasaplanýar. Şonuň üçin bu edebi-sazly kompozisiýa turuwbaşdan konsertiň şowhunyny artdyrdy. «Aşgabadym» atly aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Suhan Orazberdiýew ýerine ýetirdi. Soňra halk aýdymlaryna gezek berildi. «Saryýa» atly türkmen halk aýdymyny Türkmenistanyň halk artisti Pälwan Hamydow aýtdy. «Ýelpeselendi» diýen meşhur halk aýdymymyz «Serpaý» folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlandy.
    «Çalsana, bagşy», «Gel, Türkmenistana» diýen aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetiren Aýna Seýitkulyýewanyň, «Awaza» atly aýdymy joşgunly ýaňlandyran Ahmet Atajanowyň, «Sazanda ýarym», halk aýdymlaryndan «Aýdymlar çemenini» aýdyp beren Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewanyň, zehinli sazanda Serdar Haýdarowyň «Saz çemeni» çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Türkmen hem tatar sungat ussatlarynyň bilelikde ýerine ýetiren küştdepdi tansy dostlukly halklarymyzyň mizemez dostlugynyň belent beýanyna öwrüldi. Tatar sungat wekilleriniň tanslary, üýşüp aýdylýan aýdymlary hem dostluk konsertiniň şowhunyna şowhun goşdy. Iki doganlyk halkyň sahnany dolduryp duran sungat ussatlarynyň bilelikde aýdan, «Şöhrat Size, Arkadag!» atly aýdymy halklar arasyndaky doganlyk-dostlugy sungatyň üsti bilen jebislendirýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş bolup ýaňlandy.
    Bu ýerde teatryň eýwanynda guralan sergi hem diýseň özüne çekiji boldy. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, ak şäherimiz Aşgabadyň gülläp, gül açyşyny, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, lybaslarymyzy giňden şöhlelendirýän sergi hem konserte gelenleriň ünsüni özüne çekdi. 
    Şeýle hem Tatarystanyň Halklaryň dostlugy öýünde guralan Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň, «Türkmenistanyň gözellikleri we täsinlikleri» atly syýahatçylyk we fotosergi hem Watanymyza bolan gyzyklanmanyň uludygyny görkezdi.
    Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.