TÜRKMENISTAN — GDA: DOSTLUK HEM YNANYŞMAK — ESASY ÝÖRELGE

    Şu günler Türkmenistan diňe bir GDA agza ýurtlar üçin däl, eýsem, onuň çäginden daşardaky ýurtlar üçin hem ähmiýetli boljak wakany geçirmäge taýýarlyk görýär. Biz GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisini göz öňünde tutýarys. Bu mejlis hakynda, gysgaça bolsa-da, gürrüň etmegiň öz ýakymy bar. Ilki bilen aýtmaly zat, ol hem bu mejlisiň Aşgabatda geçýänligidir. Munuň özi Türkmenistanyň GDA-nyň çäginde öz işjeňligini has artdyrandygy hakynda buýsançly gürrüň etmäge esas berýär. Ikinjiden, bu mejlis türkmen halkynyň hem döwletiniň halkara, döwletara gatnaşyklarynda dostluga hem ynanyşmaga aýratyn ähmiýet berýändigini bütin dünýä görkezer. 
    Tamamlanyp barýan şu ýylyň soňky çärýegine içeri syýasatynda gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen pälwan gadam uran Türkmenistan daşary syýasatynda-da işjeňlik görkezýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde durmuşa geçiren işleriniň mysalynda-da görkezip bolar. Ol işlerem, aýdylyşy ýaly, durmuşyň ähli taraplaryny gurşap alýar. Sene yzygiderliligini saklamasak-da, olar hakynda aýratynlykda durup geçeliň. 
    Ilki bilen, özümiziň ýüregimize-kalbymyza iň ýakyny barasynda aýdalyň. Biz GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumyny höwes bilen ýatlamakçy bolýarys. Döredijilik hem-de ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň halkara gatnaşyklary, diýmek, döwletara hyzmatdaşlygy hem ýola goýmakda, pugtalandyrmakda we ösdürmekde oýnaýan roluny hiç bir zat bilen ölçäp bolmaýar. Islendik taslamanyň, ol her näçe uly bolsa-da, belli bir gymmaty bolýar. Ol pul ýa-da puly çalyşýan gymmatlyklar bilen ölçenilýär. Emma halklaryň arasyndaky dostlugy haýsy terezide çekip, haýsy pul bilen hasaplajak?! Ine, Aşgabatda joşgunly bahar paslynda geçen döredijilik forumy GDA ýurtlarynyň dostlugyny, doganlygyny has berkitdi hem geljekki hyzmatdaşlyga ajaýyp ýol arçap berdi diýip bolar. Forumyň geçen günleri Aşgabat, göýä, dünýäniň dostluk-doganlyk merkezine öwrüldi. Şol gün foruma gelenleriň hemmesi bir dilde — baky dostlugyň dilinde gürlediler. Örän täsin zat: hemmeler, öz dillerinde gürlänem bolsalar, biri-biriniň diline ýarym sözden düşünişip durdular. Görüp otursaň, dostlugyň diline terjime zerurlygy-da ýok eken. Bir halkyň sungatda, medeniýetde, ylymda iş bitiren beýik oglunyň üstünligine beýleki halklaryň wekilleri guwandylar, olara çyn ýürekden el çarpdylar. Ine, şunuň ýaly gowulyklary Aşgabatda geçirilen döredijilik forumy hemmelere bagyş etdi.
    Oba hojalygy, şonuň bilen birlikde, tohumçylyk meseleleri hem häzirki zaman dünýäsinde wajyp orun oýnaýar. Olar gönümel azyk bolçulygy hem-de ekologiýa bilen, diýmek, adamlaryň saglygy bilenem baglydyr. Şu meselede biziň ýurdumyzyň GDA-da ýolbaşçylygynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylan hem-de oňaýly çözgütler gözlenilen, Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy Geňeşiniň 22-nji mejlisi derwaýys işleriň biri boldy. 
    2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylyk etmeginde GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi şu ýylda Arkalaşygyň taryhyna giren esasy wakalaryň biri boldy. Onda gol çekilen resminamalar GDA döwletleri üçin örän ähmiýetli bolup, olar hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny giňeltmek, kämilleşdirmek we ösdürmek ýaly wajyp taraplary öz içine aldy. Düýpli ylmy ösdürmegiň meseleleri babatda gelnen çözgütler hemmeleri kanagatlandyrdy. Ylmy, onda-da çuňňur ylmy düýpli ösdürmezden, ýokary netijeli sepgitlere ýetmek mümkin däl. GDA döwletleriniň bolsa bilelikdäki ylmy kuwwaty hem geçen ýyllaryň tejribesi örän duýarlyklydyr. Bu ýol belli bir taryhy döwürde eýýäm ýörelen, barlagdan geçen ýoldur. Maksat, bu ýoly häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeldip, oňa täze güýç berip, halk hojalygyny ösdürmek, diýmek, biziň döwletlerimiziň halklarynyň hal-ýagdaýyny öňküden-de gowulandyrmaga gönükdirmekdir. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge, Türkmenistanyň tagallasy bilen, GDA döwletlerine hem aralaşýar. 
    Ýakyn günlerde Aşgabatda öz işine başlajak GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde biziň döwletlerimiziň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähli wajyp taraplary ara alyp maslahatlaşylar hem-de olar babatda oňyn çözgütler kabul ediler diýip, aýdyp bolar. Bu mejlis ozal Russiýa Federasiýasynda geçirilen şu kysmy mejlisiň özboluşly dowamy bolar diýip çaklaýarsyň. Mälim bolşy ýaly, onda-da hormatly Prezidentimiz dünýä hem sebit ähmiýetli meseleleri öňe sürüpdi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlarynyň BMG ýaly iri halkara guramalarda ykrar edilişinden ugur alyp, Arkadag Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlarynyň bu sammitde ýene-de rowaç aljakdygyna berk ynanýarys. 
    GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti türkmen halkynyň hem döwletiniň halkara, döwletara gatnaşyklarynda dostluga hem ynanyşmaga aýratyn ähmiýet berýändigini bütin dünýä ähli gözelligi bilen ýaýmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär. 
    Taryha «gulak assaň», köp zatlar hakda gürrüň berýär. Ol türkmenleriň gadymda ýetmişden gowrak döwleti gurandygyna şaýat bolýar.
    Orta asyr taryhy, taryhy tapyndylary ýene-de bir zada şaýat bolýarlar: Türkmenistanyň çäginde gadymdan galan ýadygärlikler örän kän. Şolarda gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan kerpiçleriň birini eliňe alyp, pitikläp görseň, zarňyldap, özboluşly ses çykarýar. Bu kerpijiň topragynyň birkemsiz arassadygyny, palçygynyň birkemsiz ýugrulandygyny, birkemsiz bişirilendigini görkezýär. Olar ýene-de uzak-uzak ýyllaryň dowamynda durkuny üýtgetmän saklanmaga ukyply. 
    Iň täze taryhymyz ýene-de bir zada şaýat bolýar: biz Ýer şaryny adamzadyň umumy öýüdir diýip kabul edýäris. Şu öýümiziň abadan hem berk bolmagy üçin onuň binýadynyň berkden-berk tutulmagy zerur. Türkmen halkymyz umumy öýümiziň binýadyna özüniň akyl-parasadynda «bişirilen kerpiçleri» goýýar. Ol «kerpiçleriň» birkemsizdigini BMG-niň Baş Assambleýasynyň üsti bilen bütin dünýä ykrar edýär. 
    Ýakyn günlerde Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi munuň şeýledigini ýene bir gezek äleme buşlar.